"Ilkinji söýgüm"
Ýene-de bialaç dolanýan saňa.
elimde galamym, ýürekde gaýgym.
Şeýdip ejir çekdirjekmi sen maňa
ýürekde yz goýan ilkinji söýgüm.
Ädimläp barýaryn ýodajyk bilen,
çalaja hiňlenip sähel çagynda
Ter güller ýatlatýar seniň keşbiňi,
ýalňyz otyryn men, seýil bagynda.
Sen meni ýazgarma söýýänim üçin
Depäme täç edýän şirin sözleriňi,
arzuw bilen gök asmana seredip
bulutlardan gözleýän gözleriňi.
Ýaşlyk duýgularyma bäs gelip bilmän,
Öz-özüme sorag berýärin sen hakda.
Ilkinji duýgymyň eýesi bolan,
Seniň adyň keşde boldy gursakda.
elimde galamym, ýürekde gaýgym.
Şeýdip ejir çekdirjekmi sen maňa
ýürekde yz goýan ilkinji söýgüm.
Ädimläp barýaryn ýodajyk bilen,
çalaja hiňlenip sähel çagynda
Ter güller ýatlatýar seniň keşbiňi,
ýalňyz otyryn men, seýil bagynda.
Sen meni ýazgarma söýýänim üçin
Depäme täç edýän şirin sözleriňi,
arzuw bilen gök asmana seredip
bulutlardan gözleýän gözleriňi.
Ýaşlyk duýgularyma bäs gelip bilmän,
Öz-özüme sorag berýärin sen hakda.
Ilkinji duýgymyň eýesi bolan,
Seniň adyň keşde boldy gursakda.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.