Bu ýöne bir degişme

1. Internet – bu hakyky durmuşda (realda) adamlary känbir halamaýanlar üçin özara gatnaşyk saklamagyň serişdesi;

2. Meniň adamlar bilen özara gatnaşyk saklamagymyň iň gowy usuly – akylly, asylly adam bilen birsellem dymşyp durmak;

3. Tanyşlammyň biri şeý diýdi:
- Ýaňy ýakynda gyzlaň Ýeriň ýüzünde özüne iň ynamly jandarlardygyna göz ýetirdim. Çünki, diňe gyz, sene-menäň dowamynda saňa: “Besdir! Men seň bilen gepleşemmok!” diýmegi başarýar.
Düşünýäňizmi, başga bir adamy özüň bilen gepleşmek mümkinçiliginden mahrum etmek arkaly jezalandyrmaga het etmegiň üçin, özüňi nä derejede gyzykly şahsyýet hasaplamaly we özüňe nä derejede tükeniksiz ynamyň bolmaly?
Hatda, Dalaý-lama hem öz yzyna eýerijilere beýle jeza bermek derejesinde özüne ynamly bolmandyr.

4. Öz başyny iýmiş internet hem-de sosial torlar realda özara gatnaşyk saklamagyň ýöntemje şatlygynam, sadaja lezzetinem ýok etdiler.
Ýadyňyza düşýärmi?
Şo ala-haralar ýok wagtynda biz öz göwnümizden turmadyk söhbetdeşimizi ýa-da tanşymyzy “gara sanawa” (blacklist, черный список) goşmazdyk-da, oň jaýyny daşlardyk ýa-da tabagyna tüýkürerdik...
1 лайков 104 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Cicek
19 май 2022, 15:58
1Nji layk menden 1nji yazanyn mana kybap gelyar. Realda adamlary yigrenyan,shonun ucin bari giryan
Cicek
19 май 2022, 16:00
Da intdan gitmegimi islanlar,olsenizem gidemok,dacam diysemem boljak afr