Ýetim

Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar,
Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol.
Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar
Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol.

Ýok, ol aglamaýar.
Ýok, ol gülmeýär,
Şeýle bir perişan bolsa-da haly.
Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar,
Kimsi bar gülende buýsanar ýaly!


Nobatguly Rejebow
8 лайков 141 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
22 май 2022, 16:23
Öz goşgyňy paylaşjak yalydyň yaňyrak
Öwreniji
Автор 22 май 2022, 20:16
Nairobi
Öz goşgyňy paylaşjak yalydyň yaňyrak

men häzir okadym teswiriňi, limit doldy, indi goýjak
Öwreniji
Автор 22 май 2022, 20:20
Bat göterlip türke uçsaň,
uçsaň begler, bu jennetdir,
Ýyl uzaldyp kimlik açsaň,
açsaň begler, bu jennetdir.

pežo, leksus, bmw bolsa,
ýa, uly tir, wolwa, bolsa,
garaz şolaň birin münseň,
meger, dostlar, şo jennetdir

Şadyýanja günüň geçse,
pul diýene, puluň seçseň,
isledigiň şerap içseň,
serhoş bolsaň şu jennetdir,

covid den bir aman bolsa,
dertlere bir derman bolsa,
dünýä, bu bagta guwansa,
ynha dostlar, şu jennetdir,

Täze ýyla ýol açylsa,
her kime-de rysk eçilse,
gaýgy, gussadan geçilse,
meger begler, şu jennetdir,

şejere daragtyň bolsa,
ogul, gyzyň bagtyň bolsa,
dostlar üçin wagtyň bolsa,
ynha dostlar şu jennetdir.
Harmony
22 май 2022, 21:56
Goşgy halamasamam şu goşgyny gowy görýän.