Saña ýazyp bilmejek hatym.

Salam dostum. Ýagdaýlaryñ niçik? Saña şuny möhüm ýagdaýda ýetirmegi özime karar bildim. Ýagny ýadyña düşýän bolsa biz baýramçylykda tanyşypdyk. Howwa ol güni hiçzada çalyşyp bolmajakdy we bolmaz çünki men señ bilen tanyşyp ýaşaýyşa bolam höwesim hasam arty, şeýle ajaýyp adamlaryñ bardygy meni biçak begendirýärdi. Aradan wagt geçip nomer alşyp jañlaşyp başlapdyk. Biz içgin tanyşdyk öwrendik biri birimizi. Señ mylaýymlylygyñ, edepliligiñ, agras, akyllydygyñ meni hasam özine çekdi. Wagt geçdigi saýyn men saña öwrenşip başladym. Ilki başda biz diñe hal ýagdaý soraşan bolup başlasagam soñy bilen biziñ durmuşymyz biri birimize gyzyk bolup başlapdy. Käte käteler jañlaşardyk sms ýazyşardyk, bu ýagdaý soñy bilen her günde gaýtalanýan bolup başlapdy. Şeýdip aradan ençe wagt geçdi. Sen birgün çeper eserleri okamagy halaýandygyñy aýdypdyñ. Men bolsa seniñ ucin ençeme çeper eserleri elektronny görnüşde fleşkada taýynlap saña gowşurjakdygymy aýdypdym. Sen maña klasdaşymyñ toýy bar diýipdiñ, hemde şol gün duşuşmagy wadalaşdyk ýagny seni öýüñe çenli ugratdym. Şo gün meñ üçin ajaýyp gündi wagtyñam nädip geçenini duýmandyrn. Seni has ýakyndan birinji we iñ soñky sapar görüşim boljakdygyny bilemokdym.
4 лайков 267 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
01 июн 2022, 15:07
Waheý.Yzy?
Döwlet Şöhradow
01 июн 2022, 15:07
Boldumy soň
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:07
Real durmuşymdan alnan. Yzyny ýazmaga güýjim ýetmedi.
Aýnur
01 июн 2022, 15:08
Şol unudup bilmän, gynanyp ýörşüňizmi?
Ötegçi
01 июн 2022, 15:12
Bolekler bolup sms etde ugraday ozune
Mümkin
01 июн 2022, 15:12
Coco,
Beýtme-dä dogan.Ýetir-dä.
Döwlet Şöhradow
01 июн 2022, 15:16
Iň bolmanda şu blogyňy oňa ssylka edip ugradyp gör.
Bentner
01 июн 2022, 15:18
Gawunlar içinde sary mazylar,
Aşyklyk birniçäň ömrün zaýalar...
Massimus
01 июн 2022, 15:26
Coco,
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas bahaber
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:44
Mona Songz,
Howwa nätjek.
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:44
Ötegçi,
Özime kiçilik bilýän indiden soñ.
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:45
Mümkin,
Güýjim galmady şujagaş ýerinäm zordan ýazdym gynamaýda meni.
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:46
Bendtner,
Ömürzaýa diýjek bolýañmy?
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:46
Massimus,
Üýtgeşik zad ýok özim owadanlan boldum.
Coco
Автор 01 июн 2022, 15:48
Aslynda öñräk zametgama ýazyp goýupdym muny şutaýda paýlaşyp goýbereýin diýdim mümkin käbirlerine gyzyk bolar öýdüp.
Massimus
01 июн 2022, 15:53
Coco,
Gowy ýazylypdyr, özümä haladym, dowamynam paýlaşsaň okardym höwes bilen
Hiayress
01 июн 2022, 16:09
- Salam dostum.
- Salam, salam.
- Ýagdaýlaryñ niçik?
- Ýagşy, ýagşy, sag bol soranyňa.
- Saña şuny möhüm ýagdaýda ýetirmegi özime karar bildim.
- Nämäni ýetirmegi? Näme ýetirjek bolýaň? Domaşnyý internediň kabelenimi ýada wpn-mi? Şolary ýetirseňä kemä bolmazdy.
- Ýagny ýadyña düşýän bolsa biz baýramçylykda tanyşypdyk.
- Baýramçylygyň nämedigi ýat bolup gidendir dostoglan. Ýa-da çagakak tanyşypdyk diýjek bolýaňmy?! Eýle bolsa başga gürrüň.
- Howwa ol güni hiçzada çalyşyp bolmajakdy we bolmaz çünki men señ bilen tanyşyp ýaşaýyşa bolam höwesim hasam arty, şeýle ajaýyp adamlaryñ bardygy meni biçak begendirýärdi.
- Hawa-da gün nä nersemi alyp çalyşyp öte gidäýýer ýaly. Elbetde çalşyp bolmaz. Ajaýyp adamlygymy ýaňzydanyň üçin bolsa sag bol! Şu sapar aýtmasaň indiki sapar özüm aýdaýyn diýip durdym.
- Aradan wagt geçip nomer alşyp jañlaşyp başlapdyk.
- Nomer alyş-çalyş edip haçan ýetişdigaý?! Özä haýsam bolsa birimiz şustyr ekenik.
- Biz içgin tanyşdyk öwrendik biri birimizi.
- Biz nä kitapmy diý ýada üýtgeşik bir iş, wagt sarp edip öwrener ýaly.
- Señ mylaýymlylygyñ, edepliligiñ, agras, akyllydygyñ meni hasam özine çekdi.
- Seň diýýänä edebiýatda mugallymyňyz "Yşk mülkiniň şasy Mollanepesi" geçende ýa sapakdan gaçanyň ýada sapakda uklanyň göz-görtele bildirip durda.
- Ilki başda biz diñe hal ýagdaý soraşan bolup başlasagam soñy bilen biziñ durmuşymyz biri birimize gyzyk bolup başlapdy.
- Gyzyk, pyzyk diýip haýsy şiwede gürleýäňaý?!


Aý garaz, yzam ullakan "WAH-EÝ-LAÝ".
Hiayress
01 июн 2022, 16:24
Coco,
Bolýa, nalamasaň bolýarow.
Maksat
01 июн 2022, 16:30
Hiayress,
Sögünjiňi bulara diýip, zaýalaýma. "Žalka" sögünje :)
Massimus
01 июн 2022, 16:31
Coco,
Saňa hormatym uludy, ýöne Hiaýresse ýazan kommentiň umuman saňa gelişenok dost, özüňe erk etmäni başar, köpçülik ýerinde.
Hiayress
01 июн 2022, 16:34
Keaip_begcon,
Ýoklaý, geň göremokla. 3/1 erkek bolsa-da bolýar, galanam bäş, üç manat bilen (ýokarda aýdyşy ýaly) hepde içi ýandym ataşlaryňa, kakadym bakyşlaryňa, köýdüm ýene bir zatlar diýip hepde içi nalamasalarda bolýar. :))
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:37
Massimus,
Hiayreysiñ meñ blogumy sylamadygy dogry. Meñ söwünşim nädogryda diýmek.
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:38
Hiayress,
Izdiwatsiýa edesiñ geldimi?
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:39
Keaip_begcon,
Hatýaby içim sowasyn.
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:40
Hiayress
Keaip_begcon,
Ýoklaý, geň göremokla. 3/1 erkek bolsa-da bolýar, galanam bäş, üç manat bilen (ýokarda aýdyşy ýaly) hepde içi ýandym ataşlaryňa, kakadym bakyşlaryňa, köýdüm ýene bir zatlar diýip hepde içi nalamasalarda bolýar. :))

Şu bolşuñ bilen gürrüñimi edjek bolýañmy erkek oglanmy sen ozi.
Massimus
01 июн 2022, 16:41
Coco,
Sen bir zatlar ýazsaň, pozitiw kommentlerem okarsyň, negatiwlerinem, her negatiw bilen sögüşip ýörseň, galan işleriňe ýetişmersiň.
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:49
Massimus,
Eger izdiwatsiýa edýäne seredip, söwýäne seredip durup bilmeýän bolsañ meñem saña sylagym gaçar.
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:51
Massimus
Coco,
Sen bir zatlar ýazsaň, pozitiw kommentlerem okarsyň, negatiwlerinem, her negatiw bilen sögüşip ýörseň, galan işleriňe ýetişmersiň.

Izdiwatsiýa edip kiçletmek bir başga. Negatiw komment bir başga. Ikisiniñ tapawudy uly dostjan. Onuñ sözleri men "şa sen gedaý" diýen ýaly.
Coco
Автор 01 июн 2022, 16:52
Massimus,
Men birzady janygyp ýazsam, izdiwatsiýa edjek bolsa şol adam şol söwünje mynasyp.
Öwreniji
01 июн 2022, 17:28
Coco,
Şonda-da sabyrly bol.