Sahyhy Buharydan Azan döreýşi we manysy hakyndaky hadyslar
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Muhajir bolup Medinä gelen döwürlerinde, musulmanlar bir ýere toplanyp, namaz wagtyny anyklamaga çalşardylar. Namaza çagyrylmazdy1. Bir gün bu mesele barada maslahat etdiler. Käbirleri hristianlaryň jaňy ýaly jaň ulanmagy makul bildiler, başga birleri bolsa ýehudylaryň surnaýy ýaly surnaý ulanmagy maslahat berdiler2. Omar (r.a): «Näme üçin bir adam ugradyp, halky namaza çagyrtmaýarsyňyz?» diýdi3. Allahyň Resuly (s.a.w.) şondan soňra: «Bilal, ýeriňden tur-da, namaza çagyr (ýagny azan4 aýt)» diýip seselendi».
1 Ýagny, şol döwürde azan aýdylmazdy-da: «Namaza, namaza!» diýip çagyrylardy. Ýöne bu çakylyk biziň bilýän azanymyz ýaly bolmansoň, hadysyň bu ýerinde häzirki döwürde edilişi ýaly, azana gygyrylmandygy aýdyljak bolunýar. Sebäbi, Ebu Şeýh ibn Hybbanyň «Kitabül-Ezan» atly kitabyndaky Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda namaz wagtlary girende, biri köçeme-köçe aýlanyp: «Namaza, namaza!» diýip, çagyryp çykardy. Bu adamlara kyn düşdi. «Bir jaň edinäýsek» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol hristianlara mahsusdyr» diýdi. «Surnaý çalaýsak» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol hem ýehudylara mahsusdyr» diýdi. «Bir belent ýerde ot ýakaýsak» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol otparazlara mahsusdyr» diýdi (dowamy şu hadysdaky ýaly)».
Ibn Majäniň kitabynda Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilip, başga bir ýoldan gelip ýeten rowaýatda aýdylyşyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) halky namaza üýşürmekdäki kynçylyklar sebäpli maslahat çagyrypdyr. Oňa surnaý çalmagy teklip edipdirler. Ol munuň ýehudylara mahsusdygy üçin, bu teklibi oňlamandyr. Soňra jaňdan söz açypdyrlar. Ony hem hristianlara mahsusdygy üçin unamandyr. Şol gije ensardan Abdullah ibn Zeýt diýilýän bir adam bilen Omar ibn Hattabyň (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!) düýşüne azanyň aýdylyşy giripdir. Abdullah ibn Zeýt gijäniň içinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna baryp, gören düýşüni aýdyp beripdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) Bilala buýruk berip, Abdullahyň düýşünde eşiden sözleri bilen azan aýtdyrypdyr.
Bu hadysy gürrüň berenleriň biri bolan Zühriniň rowaýatynda: «Bilal ertir namazyna çagyranda: «Essalatu haýrun minennewm (namaz ukudan haýyrlydyr)» diýip, azanyň sözleriniň üstüne goşdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu goşmaçany ykrar etdi, ýagny, şol durşuna galdyrdy. Omar: «Ýa Allahyň Resuly, onuň (Abdullah ibn Zeýdiň) gören düýşüni, walla, men hem gördüm. Ýöne ol menden öň deprendi» diýdi» diýen sözler hem bar. Bilalyň azanyň üstüne goşan sözleri ilkibaşda gelen buýrukda ýok eken. Onuň sebäbi bu hadysyň yzyndan gelýän hadysyň düşündirişinde jikme-jik beýan edilýär.
2 Buharynyň Enesiň (r.a.) adyndan beýan eden başga bir rowaýatynda: «Ot ýakmak, jaň asmak hakdaky pikir kellelerine gelen bolsa-da, bularyň ýehudylar bilen hristianlara mahsusdygy hem ýatlaryna düşüp, olardan ýüz öwrüldi (dowamy şu hadysdaky ýaly)» diýlipdir. Bu rowaýata ýokardaky düşündirişde Ebu Şeýh ibn Hybbanyň kitabyndandygy aýdylyp, Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysdan bölünip alnan hadysdygyna şübhe ýok.
3 Buharynyň bu hadysynda-da gysgaltmalara ýol berlendigi şübhesizdir. Beýleki rowaýatlardan, hususan hem, Abdullah ibn Omaryň ýokardaky düşündirişde getirilen rowaýatyndan hezreti Omar (r.a.) bu sözi maslahat mahaly aýtmadyga meňzeýär. Buharynyň hadysynda köp sözleriň ýetmeýändigi aýdylsa, hakykata laýyk bolar. Sebäbi, belli bir sözler bilen azan aýtmak kararyna Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbihiň (r.a.) gören düýşünden soňra gelinýär. Şondan çen tutanyňda, Abdullah ibn Zeýt gören düýşüni habar berip, onuň mazmuny boýunça amal etmek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) makullamagyna mynasyp bolanyndan soň, hezreti Omaryň (r.a.) şu sözleri aýdan bolmagy mümkindir. Kurtuba görä, rowaýata şu yzdaky sözler girizilmändir: «Maslahatdan soňra dagadylar. Soňra Abdullah ibn Zeýt düýş görüp, ony Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berdi. Ol hem bu düýşüň dogrudygyny tassyklady. Soňra Omar (r.a.)... diýdi». Ýöne bu wakalaryň nähili yzygiderlilikde bolup geçendigini çaklajak bolup, özüňi gynamaga zerurlyk ýok. Maslahat wagtynda teklip edilen pikirleriň hiç biriniň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) makullamagyna mynasyp bolmandygyny göreninden soň, Omar (r.a.): «Namaza, namaza! Haýda jemagat namazyna!» diýip, halkyň namaza çagyrylmagynyň pikirinde bolupdyr we Abdullah ibn Zeýt ikisi azan bilen baglanyşykly düýşi şol wakadan soňra görüpdirler. Indiki geljek rowaýat bilen bu rowaýat bu babatda biri-birine golaý hasap edilip bilner.
Azan aýtmak barada sahabalaryň köp sanlysy rowaýat edipdirler. Bu babatda göwnüňe iň jaý rowaýat hem Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Umeýr Abdullah ibn Enes ibn Mäligiň adyndan beýan edilen rowaýatdyr. Şol rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlary namaz okamak üçin toplamak meselesi bilen meşgul bolupdyr. Oňa: «Namazyň wagty girende bir baýdak galdyryň. Halk baýdagy görüp, biri-birine habar berer» diýipdirler. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu pikiri goldamandyr. Surnaý çalmakdan gürrüň gozgalypdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu ýehudylara mahsus zatdyr» diýipdir. Jaň kakmakdan gürrüň gozgalypdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu hem hristianlara mahsusdyr» diýipdir. Abdullah ibn Zeýt Ensary Allahyň Resulynyň (s.a.w.) uly alada galandygyny görüp, maslahatdan keýpsiz gaýdypdyr. Ol şol gün gije düýşünde azanyň aýdylyşyny görüpdir we ertesi gün derrew Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, men ne ukyda, ne-de oýa bir halda ýatyrkam, biri gelip, maňa azan aýdylyşyny, ýagny, namazyň wagtynyň girendigini nähili edip yglan etmelidigini görkezdi» diýip, başyndan geçen wakany aýdyp beripdir. Omar (r.a.) hem şondan ýigrimi gün öň edil şonuň ýaly düýş gören eken. Ýöne ol gören düýşüni hiç kime gürrüň bermändir. Diňe Abdullah ibn Zeýdiň getiren habaryndan soň, öz gören düýşüni Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar beripdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýagşy, sen näme üçin ony habar bermediň?» diýip beren sowalyna, ol: «Abdullah ibn Zeýt menden öňürtdi-de, men aýtmaga utandym» diýip jogap beripdir. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) Bilala (r.a.) ýüzlenip: «Ýeriňden tur-da, Abdullah ibn Zeýt saňa näme aýtsa, şonuň ýaly edip gaýtala» diýipdir. Ine, bu rowaýata görä, Abdullah ibn Zeýdiň öz düýşüni gürrüň beren wagty Omaryň (r.a.) hem şol ýerdedigini aňlamak bolýar. Buharynyň şu gürrüňlere sebäp bolan rowaýatynda-da bu pikir öňe sürülýär.
Şonuň ýaly-da, Abdullah ibn Zeýdiň özüniň gürrüň beren rowaýaty hem bar. Ol rowaýatda Abdullah ibn Zeýt düýşüni gürrüň berende, Omaryň (r.a.) şol ýerde bolmandygy aýdylyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüne teklip edilen zatlary göwünsizräk diňläp, jaň ulanmak barada görkezme berendigi hem ýaňzydylýar. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Abdullah ibn Zeýdiň adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň jemagat bolup okalmagy üçin, jaň asylyp, şony owazlandyrmagy buýran mahallarydy. Uklap ýatyrkam meniň ýanyma eli jaňly biri geldi. Oňa: «Eý Allahyň guly, şu jaňyňy satjakmy?» diýdim. Ol: «Muny näme etjek?» diýdi. Men: «Munuň kömegi bilen halky namaza çagyrarys» diýdim. Ol: «Saňa has haýyrlysyny görkezsem bolmazmy?» diýdi. Men: «Bolar, bolar» diýdim. Şondan soňra ol: «Allahü ekber, Allahü ekber, Allahü ekber, Allahü ekber, eşhedü en lä ilähe illalla, eşhedü en lä ilähe illalla, eşhedü enne Muhammeden rasulylla, eşhedü enne Muhammeden rasulylla, haýýe alessalah, haýýe alessalah, haýýe alel feläh, haýýe alel feläh, Allahü ekber, Allahü ekber, lä ilähe illalla» diýdi. Soňra ol biraz yza çekilip we ýene maňa tarap öwrülip: «Namaz okamakçy bolaňda-da: «Allahü ekber, Allahü ekber, eşhedü en lä ilähe illalla, eşhedü enne Muhammeden rasulylla. Haýýe alessalah, haýýe alel feläh, kadkametissalatü kadkametissalah. Allahü ekber, Allahü ekber, lä ilähe illalla» diýersiň» diýdi. Men daň atanyndan soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, gören düýşümi habar berdim. Ol: «Inşalla, düýş oraşandyr. Bilal bilen birlikde aýak üstüne gal-da, gören zadyňy oňa öwret. Azany ol okasyn, çünki, sesi seniňkiden has belent» diýdi. Bilal ikimiz aýak üstüne galdyk. Men oňa öwretmäge başladym, ol hem aýdanymy gaýtalady. Omar ibn Hattap (r.a.) onuň sesini öýündekä eşidip, ýapynjasyny süýräbräk, tiz ýetip geldi-de: «Ýa Allahyň Resuly, saňa pygamberligi bagyş eden Allahü tagaladan ant içýärin, onuň gören düýşüni men hem görüpdim» diýdi. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Şonuň üçin Allah hamdu-sena bolsun!» diýip seslendi (dogrusyny bir Allahü tagala bilýär)».
Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ibn Ebu Leýlanyň adyndan beýan edilen rowaýatda Abdullah ibn Zeýt: «Adamlaryň hyşy-wyşy gürrüň etmejeklerini bilsedim, muny göremde oýadygymy, ukuda däldigimi aýdardym» diýýär.
Ibn Majäniň kitabyndaky rowaýat bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) surnaý çaldyrmagy niýet edipdir, jaň asyljak tagtalary ýonmaga emr edipdir» diýen sözler bilen başlanyp, onda kamat getirilende aýdylýan sözler hakynda hiç zat aýdylmandyr. Ol rowaýatyň iň soňunda bolsa Abdullah ibn Zeýdiň (r.a.) ýazan beýtleri ýerleşdirilipdir. Şol beýtleriň manysy şeýledir: «Azany maňa bildireni üçin Beýiklik we Kerem eýesi bolan Allahü tagala köp-köp hamdu-sena edýärin. Ony maňa Allahü tagala tarapyndan gelen bir buşlukçy getirdi. Sylagy we hormaty meniňkiden has uly bolan bir buşlukçy! Ol buşlukçy yzygider üç gije gelip, maňa söz sözledi. Her gezek gelende-de, meniň oňa bolan hormatym artdy gitdi otyrdy». Dogrusyny bir Allahü tagala bilýär.
Bu hadysy Ibn Hybban öz «Sahyh» atly kitabynda, Ahmet ibn Hanbal bolsa «Müsned» atly kitabynda beýan edipdir.
«Pygamberlerden başga kişileriň gören düýşleri boýunça höküm çykarylmadyk ýagdaýynda, nähili bolup, azan sahabalaryň biriniň ýa-da ikisiniň düýşi bilen esaslandyryldyka?» diýen sorag ýüze çykýar. Hernäme-de bolsa, bu meselede sahabalaryň düýşüniň wahy bilen hem tassyklanan bolmagy mümkindir. Mysal üçin, Ebu Dawudyň «Meraasil» atly kitabynda tabygynlardan Ubeýt ibn Umeýr Leýsiň adyndan beýan edilişine görä, hezreti Omar (r.a.) gören düýşüni habar bermäge gelende, wahy inip dur eken. Hezreti Omar düýşüni gürrüň bermekçi bolupdyr. Bir görse, Bilal (r.a.) azan aýdyp durmuş. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) oňa: «Bu aýdan sözleriň wahy görnüşinde has ozal geldi» diýipdir. Diýmek, azan diňe bir düýş bilen däl, eýsem wahy bilen hem tassyklanypdyr.
Bu meseleden söz açyp, tefsirçi Süheýli şeýle diýýär: «Azanyň wahy arkaly buýrulman, bir adamyň düýşi arkaly äşgär bolmagyndaky hikmet şudur: azan Allahyň Resulyna (s.a.w.) Magraç gijesinde ýedi gat asmanyň ýokarsynda görkezilipdi. Azanyň parz edilmegi Medinä hijret edilen döwre çenli yza çekilip, adamlara namaz wagtlaryny yglan etmek meselesi ýüze çykanda, Allahyň Resuly (s.a.w.) wahyýa garaşmaga başlaýar. Birden Abdullah ibn Zeýt düýş görýär. Ol düýş ýedi gat asmanyň üstünde göreni bilen deň gelýär. Şonuň üçin hemAllahyň Resuly (s.a.w.): «Inşallah, bu düýş oraşandyr» diýip, mundan asmanda görenleriniň ýerde sünnet bolmagynyň Allahyň islegidigi barada netije çykarypdyr. Omaryň düýşi-de şol düýş bilen gabat geleninden soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hökümi güýjüne girýär. Hususan hem, şu «Azan kitabyna» degişli 4-nji düşündirişdäki iki aýat azanyň kanunlaşdyrylmagynyň wahynyň inmegi bilen hem tassyklanandygyny görkezýär.
Azanyň ilkibaşda pygamberden başga kişiniň dilinden adamlaryň arasynda ýaýramagy-da Allahü tagalanyň hikmetidir. Çünki, azan: وَرَفَعْنَا لَكَ ذِكْرَكَ = «We refegnä leke zikreke» (golaý manysy: «Seniň şanyňy we şöhratyňy beýgeltmedikmi?». «Inşirah» süresiniň 4-nji aýaty) diýen mukaddes sözleriň beýik manysyna laýyklykda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek adyny öz içine almak bilen, ony has hem belende göterýär. Bu beýik matlabyň-da onuň öz dilinden däl-de, başga biriniň dilinden äşgär edilmegi has ýerine düşjekdi.
4 «Ezan» diýen arap sözi yglan etmegi aňladýar. Şerigat ylmynda bolsa ol belli bir wagtlarda belli bir sözleriň kömegi bilen ýörite yglan etmegi aňladyp, şol wagtlar namaz wagtlarydyr, ol sözler bolsa Allahü tagala tarapyndan kesgitlenen we şol wagtlarda gaýtalanýan sözlerdir. Alymlaryň gelen umumy pikirine görä, azan az sanly sözlerde ygtykat we amal bilen baglanyşykly meseleleriň hemmesini öz içine alýar.
«Allahü ekber» söz düzümi Ýaradanyň bardygyny subut etmäge delil bolup hyzmat etmek bilen bir wagtda, Onuň kämil sypatlarynyň hemmesine hem şaýatlyk edýär. «Eşhedü en lä ilähe illalla» diýen ajaýyp söz düzümi Allahü tagalanyň ýeke-täkdigini we oňa şärik goşmagyň gadagandygyny ykrar etmegi, «Eşhedü enne Muhammeden rasulyllah» diýen gözel jümle Muhammet alaýhyssalamyň beýik pygamberdigini we şonuň hatyrasyna ähli pygamberleri we Allahü tagalanyň ilçileriniň hemmesiniň pygamberliklerini we ilçiliklerini tassyklamagy, «Haýýe alessalah» diýen emr Allahü tagala tagat etmek üçin diňe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tarapyndan edilen çagyryşy, «Haýýe alelfeläh» diýen buýruk bolsa halas bolmaklyga çagyryşy we o dünýäniň bardygyny tassyklamagy aňladýar. Bu mukaddes sözleriň gaýtalanmagy olaryň mazmunyna gowy düşünilmegi üçindir.
Azan namazyň wagtynyň girendigini habar bermäge, adamlary namaza çagyrmaga, yslamyň kada-kanunlaryny äşgär etmäge niýetlenendir. Buhary azandan söz açýan hadyslardan öňürti: وَإِذَا نَادَيْتُمْ إِلَى الصَّلَاةِ اتَّخَذُوهَا هُزُوًا وَلَعِبًا ذَلِكَ بِأَنَّهُمْ قَوْمٌ لَا يَعْقِلُونَ = «We izä nädeýtüm ilessaläti ittehazüuwhä hüzüwen we lagyben. Zälike bi-ennehüm kawmen lä ýegkyluwne» (golaý manysy: «Namaza çagyran mahalyňyz, olar muny gülki we oýun hasaplarlar. Beýle etmekleri olaryň pikir etmäge ukypsyz adamdyklary üçindir». «Maide» süresiniň 58-nji aýaty) aýaty-kerimesini hem-de: يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آَمَنُوا إِذَا نُودِيَ لِلصَّلَاةِ مِنْ يَوْمِ الْجُمُعَةِ فَاسْعَوْا إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ وَذَرُوا الْبَيْعَ ذَلِكُمْ خَيْرٌ لَكُمْ إِنْ كُنْتُمْ تَعْلَمُونَ = «Ýäää-eýýühelleziýne ämenüwww izä nüwdiýe lissaläti min ýewmil-jumugati fesgaw ilä zikrillähi we zerül-beýga. Zäliküm haýrün leküm in küntüm taglemuwne» (golaý manysy: «Juma güni namaza çagyrylan mahaly Allahü tagalany ýatlamaga howlugyň we söwdany taşlaň. Eger bilseňiz, elbetde, bu siziň üçin has peýdalydyr» («Juma» süresiniň 9-njy aýaty) aýaty-kerimesini pata hökmünde getirýär. Beýle etmek bilen ol azanyň Kuranyň hökümlerinden gelip çykandygyny görkezmek isläpdir.
Azan, ýagny, namaza çagyryş häzir bize mälim bolan görnüşinde ýüze çykmazyndan öň namazyň wagty girende: «Namaza, namaza!» diýip, köçeme-köçe aýlanyp çykylar eken. Beýdip namaza çagyrmagyň kyn düşýändigi üçin, onuň aňsat bir usulyny tapmak maksady bilen, Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalar bilen maslahat edipdir. Azandan söz açýan hadyslaryň jeminden görnüşine görä, şular ýaly maslahata birnäçe gezek üýşülip, olaryň hiç birinde hem belli bir karara gelmändirler. Iň soňunda Allahü tagalanyň Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbih Ensary bilen Omar ibn Hattabyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) ikisiniň hem düýşüne giren buýrugy azany häzirki görnüşinde ebedileşdiripdir.
359 Azanyň we kamatyň sözleriniň näçe gezekden aýdylmalydygy hakda. Azanyň sözleriniň hasaby. Terji’ hakyndaky hadys. Azanyň sözlerini iki gezekden we kamatyň sözlerini bir gezekden aýtmak meselesi barada mezhep ymamlarynyň pikirleri. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançylary. Azanyň hökümi barada fykyhçy alymlaryň pikiri
عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: أُمِرَ بِلاَلٌ أَنْ يَشْفَعَ الأَذَانَ ، وَأَنْ يُوتِرَ الإِقَامَةَ ، إِلاَّ الإِقَامَةَ.
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bilala azanyň sözlerini iki gezekden1, kamatyň sözlerini-de ýeke gezekden2 aýtmak buýruldy. Diňe «kadkametissalatü» söz düzümi tapawutlandyrylyp, ony iki gezek aýtmak emr edildi»3.
1 Azanyň sözleriniň köpüsiniň iki gezek gaýtalanandygy üçin Enes (r.a.) şeýle diýipdir. Ýogsam, azanyň başyndaky tekbirleriň dört gezek gaýtalanýandygy bellidir.
2 Bu ýerde-de Enes (r.a.) kamatyň köp sözleriniň bir gezek gaýtalanýandygyny göz öňünde tutupdyr. Ýogsam, kamatyň başyndaky we aýagyndaky tekbirler ikiden az bolup bilmez.
3 Bu hadysy-şerif ymam Şapygy bilen ymam Ahmet ibn Hanbalyň mezhebini tassyklaýar. Olaryň mezheplerine görä, azan terji bilen birlikde on dokuz, kamat hem on bir sözden ybaratdyr. «Terji» diýip, azanyň düzümine girýän «Eşhedü en lä ilähe illalla» jümlesini azançynyň ilki bilen ýuwaşja we diňe özüne eşidiläýjek ses bilen iki gezek aýdanyndan soň, ony gaty ses bilen gaýtalamagyna aýdylýar. Bu hasaba görä, bize belli bolan azan dört söz artdyrylan bolup çykýar. Terji etmek bilen ymam Mälik hem ylalaşýar.
Hanefi mezhebine görä bolsa, terji etmek ykrar edilmeýändigi üçin, kamatlanylanda iki gezek gaýtalanýan «kadkametissalatü» jümlesinden başga azanyň we kamatyň sözleriniň arasynda hiç hili tapawut ýokdur, ýagny, azan on bäş, kamat hem on ýedi sözden ybaratdyr.
Ymam Mälik bilen oňa uýýanlara görä bolsa, başdaky tekbir iki gezek, «kadkametissalatü» jümlesi bir gezek gaýtalanýar. Bu hasaba görä, azan terji bilen birlikde on ýedi, kamat hem on sözden ybarat bolýar.
Terji ygtybarly hadyslary öz içine alýan alty sany kitabyň Buharynyň kitabyndan beýlekilerinde beýan edilip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy Ebu Mahzuranyň (r.a.) ady bilen baglanyşdyrylýan hadysa esaslanýar. Bu hadysa görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa azan aýdanda iki gezek «Allahü ekber», iki gezek «Eşhedü en lä ilähe illalla», iki gezek «Eşhedü enne Muhammeden Resulyllah» diýmelidigini öwredeninden soň, ýene gaýtadan iki gezek «Eşhedü en lä ilähe illalla», iki gezek «Eşhedü enne Muhammeden Resulyllah», iki gezek «Haýýe alessalah», iki gezek «Haýýe alelfeläh», iki gezek «Allahü ekber», bir gezek hem «Lä ilähe illallah» diýmelidigini aýdyp, tälim beripdir. Ine, şuňa esaslanyp, mäliki, şapygy, hanbaly mezhebiniň alymlary terji etmegi makul hasaplapdyrlar.
Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa şundan öňki hadysa degişli üçünji düşündirişde Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbihiň adyndan beýan edilen hadysy delil tutunýarlar. Bu hadysda terji hakda hiç zat aýdylmaýar. Abdullah ibn Zeýdiň bu hadysy ygtybarly hadyslary öz içine alýan alty sany kitabyň eýelerinden Ebu Dawut, Tirmizi, Ibn Maje tarapyndan beýan edilişi ýaly, Ibn Hybbanyň «Sahyh» we Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitaplarynda-da duş gelýär. Tabaranynyň Ebu Mahzuranyň adyndan beýan eden hadysynda-da terjiden söz açylmaýar. Hususan hem, ýöriş mahalynda-da, parahatçylykly günlerde-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.) we birinji halif hezreti Ebu Bekriň zamanlarynyň tutuş dowamynda azan okap geçen Bilal bilen Ibn Ümm Mektumyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) terji etmezlikleri hanefi mezhebiniň alymlaryna iň gowy delildir.
Azanda sözleri iki gezek gaýtalamak, kamatda bolsa sözleri diňe bir gezek aýtmak meselesinde-de beýleki üç mezhebiň alymlary bilen hanefi mezhebiniň alymlarynyň arasynda jedel bar. Üç mezhebiň alymlary Buharynyň kitabyndaky bu hadys bilen Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbihiň ýokarda beýan edilen hadysyny, şonuň ýaly-da, Buharynyň «Ef’älül-Ibäd» kitabyndaky hadysy delil tutunýarlar. Soňky hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) azanyň sözlerini iki gezek we kamatyň sözlerini bir gezek aýtmagy emr edýär. Medinäniň halkynyň amalynyň şonuň ýaly bolmagy, şonuň ýaly-da, Hijaz, Ýemen, Şam, Müsür we Magryp ülkelerindäki iň uzakdaky yslam şäherlerine çenli şeýle edilmegi olaryň pikirlerini has hem berkidýär. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa haj möwsüminde-de, başga döwürlerde-de yslam dünýäsinde ýaşaýan adamlaryň ählisiniň jemlenýän ýeri bolan Mekgeýi-Mükerremede azan we kamat aýdylanda, sözleriň iki gezek gaýtalanýandygyny göz öňünde tutup, beýleki üç mezhebiň alymlary bilen bir hörpden gopmaýarlar we azanyň we kamatyň sözleriniň iki gezek gaýtalanmalydygyny aýdýarlar. Olaryň özlerine görä delilleri bar. Meselem, Beýhakynyň «Süneni-Kubra» kitaby bilen Ebu Awananyň «Sahyh» atly kitabynda Abdullah ibn Zeýde düýşünde azanyň we kamatyň sözleriniň iki gezek aýdylmalydygynyň öwredilendigi, Tirmiziniň kitabyndaky Ebu Jühaýfäniň adyndan beýan edilen rowaýatda Bilalyň (r.a.) kamatyň sözlerini iki gezek gaýtalandygy, Tahawynyň kitabynda Seleme ibn Ekwanyň (r.a.) adyndan, şeýle-de, Ibn Hüzeýmäniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy Söwbanyň (r.a.) hem azandyr kamaty şonuň ýaly edip aýdandygy gürrüň berilýär. Ybraýym Nahaýy hem kamatyň sözlerini bir gezekden aýdan ilkinji adamyň Mugawyýadygyny habar beripdir. Aýratyn hem, Müjähidiň tassyklamagyna görä, kamatyň sözleri aslynda-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda-da iki gezek gaýtalanyp, soňra zalym hökümdarlar kamatyň sözlerini bir gezek aýtmagy çykarypdyrlar.
Azanyň başynda dört gezek tekbir almagyň Abdullah ibn Zeýt bilen Ebu Mahzuranyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan ygtybarly hadyslary özlerinde jemleýän kitaplarda beýan edilýän dürli görnüşli rowaýatlar bilen bir hörpden gopuşy ýaly, hut şu hadyslaryň (bular hem ygtybarly hasap edilýär) beýleki nusgalarynda azanyň başynda iki gezek tekbir alnandygynyň aýdylýandygy sebäpli, ymam Mälik soňky hadyslara daýanyp, iki gezek tekbir almagyň tarapyny çalypdyr. Medinäniň halky hem köp zaman şoňa görä hereket edipdir.
Sözümizi jemläp aýtsak, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dört sany azançysy bardy. Medinede Bilal ibn Rebah bilen Amr ibn Ümm Mektum, Kuba obasynda Sagt Karaz ýa-da Sagt Karazy ady bilen tanalýan Sagt ibn Aiz, Mekgede Ebu Mahzura Ews ibn Miger Jümahi (Allahü tagala olardan razy bolsun!) azan aýdardy. Ebu Mahzura azanda terji ederdi. Bilal azanda terji etmän, kamatyň sözlerini bir gezek aýdardy. Ymam Şapygy bilen Mekgäniň halky Ebu Mahzuranyň azan aýdyşy bilen Bilalyň kamat aýdyşyny kabul etdiler. Ymam Ebu Hanife bilen Yragyň halky Bilalyň azan aýdyşy bilen Ebu Mahzuranyň kamat aýdyşyny kabul etdiler. Ymam Ahmet ibn Hanbal bilen Medinäniň halky Bilalyň azan we kamat aýdyşyny kabul etdiler. Ymam Mälik bolsa olaryň hiç biri bilen hem ylalaşmady: ol kamatyň sözlerini iki gezek gaýtalaýşy ýaly, tekbiri-de iki gezek aýtdy.
Ertir namazynda iki gezek «Essalatü haýrun minennewm» diýmegiň gelip çykyşy Tabaranynyň «Mugjemi-Kebir» atly kitaby bilen Hapyz Ebu Şeýhiň «Kitabül-Azan» atly eserinde, şonuň ýaly-da, Ibn Majäniň «Sünen» atly kitabynda beýan edilýär. Olarda aýdylanlary gysgaça şeýle beýan etmek mümkin: «Bir gün Bilal (r.a.) ertir namazynyň wagtynyň girendigini habar bermäge gelende, Allahyň Resulybiraz ymyzganan eken. Muny aňlan Bilal iki gezek «Essalatü haýrun minennewm» diýip gygyrypdyr. Onuň bu sözleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göwnüne hoş ýakyp: «Bilal, bu nähili gözel söz! Ertir namazynyň azanyny aýdaňda, şuny hem aýt» diýipdir».
Muny aýtmaga «teswib» diýilýär. «Teswib» diýlip, «Haýýe alessalati» žümlesiniň atlandyrylýan halatlary hem bar.
Azanda sözleri iki gezek gaýtalamagyň wajypdygyna şübhe ýok bolsa-da, azan aýtmagyň özi sünnetdir. Mysal üçin, nepil namazynyň özi parz bolmasa-da, ony okamak üçin täret almak parzdyr. Eger bu hadysyň tekstine esaslanyp, azan aýtmaga buýruk berlendigi üçin, onuň parzdygy aýdylan halatynda bolsa, ol parzy-kipaýadyr, ýagny, bir adamyň ony aýtmagy bilen, ol beýleki adamlar üçin parz bolmagyny bes edýär. Bir şäheriň halkynyň hemmesi azan aýtmakdan ýüz öwren halatynda, olaryň garşysyna uruş yglan edilipdir (362-nji hadysa seret). Şonuň ýaly-da, Ibn Münzir: «Parahatçylyk wagtynda-da, ýöriş wagtynda-da azan diňe jemagat babatda parzy-kifaýedir» diýipdir. Ymam Mälik: «Jemagat metjidinde wajypdyr» diýýär. Ata bilen Müjähit hem-de olara eýeren Ewzaýy: «Azansyz okalan namaz dürs bolmaz» diýýär. Hatda Ewzaýa görä, azansyz okalan namaz wagty geçmänkä gaýtadan okalmalydyr. Käbir alymlar azanyň juma namazy üçin parzdygyny, beýleki wagtlarda okalýan namazlar üçin sünnetdigini aýdypdyrlar. Ebu Dawut Zahyrynyň düşünjesine eýerýänler azandyr kamatyň ikisiniň hem her bir namaz üçin wajypdygyny aýdýarlar.
Azany täret alyp we aýak üstünde durup aýtmak sünnetdir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.