Soňky hat

«Apple» kompaniýasynyň düýbüni tutujysy Stiw Jobsuň (elli alty ýaşynda) aradan çykmanka ýazan soňky haty diýlip, sosial platformalarda paýlaşylan şu ýazgyny siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

– Işewürlik durmuşynda uly üstünlikler gazandym. Meniň ýaşan ömrüme üstünligiň nusgasy hökmünde garaýanlaram bar bolsa, bardyr. Ýöne meniň edil özümiň-ä işimiň daşynda känbir gülüp-ýaýnap geçiren wagtym ýadyma düşenok. Iň soňunda gazanan baýlygymyň hem-de gündelik gaýtalanyp duran adaty durmuşymyň meni ýüzleşmäge iteren ýekeje hakykaty bar, ol hem – ölüm. Ölüm bilen pete-pet bolan şu pursatymda, düşegimde ýatan ýerimden şu çaka çenli ýaşan ömrüm başdan-aýak göz öňüme gelip durka bir zada düşünip galdym: arkalanýan şöhratymyň hem-de baýlygymyň ölümiň ýanynda hiç hili manysy ýok eken.

Ulagyňyzy sürsün ýa-da size girdeji gazandyrsyn diýip kimdir birini hakyna tutup bolýar, emma hiç kimi siziň ýeriňize kesellesin diýip hakyna tutup bolmaýar. Ýiten maddy zatlaryň öwezini dolup bolýar, ýa bolmasa kimdir birini işden çykaryp, ýerine başgasyny goýup bolýar. Ýöne elden gidensoň yzyna gaýtaryp ýa-da öwezini hiç zat bilen dolduryp bolmaýan ýeke-täk zat bar, ol hem – ýaşaýyş. Edil häzirki wagtda durmuş sahnaňyzyň haýsy böleginde ýerleşýän hem bolsaňyz, bir gün geler, siz hem sahnaňyzyň perdesiniň ýapylmagy bilen ýüzleşmeli bolarsyňyz.

Maşgalaňyzyň, ýanýoldaşyňyzyň, dost-ýarlaryňyzyň gadyryny biliň, olary söýüň. Özüňizi we özgelere uly hormat goýuň. Garradygyň saýyn, megerem aňyň goýaldygyça bir zada anyk göz ýetirýärsiň: üç ýüz dollarlyk sagat bilen otuz dollarlyk sagadyň ikisem şobir wagty görkezýär. Adamyň ruhy rahatlyga maddy zatlaryň üsti bilen ýetip bilmejekdigine kem-kemden düşünýärsiň. Biznes klasda uçmak bilen ekonom klasda uçmagyň hiç hili tapawudy ýok ahyry. Uçar heläkçilige uçranda baryňyz bile gidýärsiňiz.

Şonuň üçin siz käbir zatlara dogry düşünersiňiz diýip umyt edýärin: dogan-garyndaşlaryňyz, dost-ýarlaryňyz, jigi-doganlaryňyz bar bolsa, olar bilen gülşüp-degşip oturmak, ondan-mundan, dag-düzden, dünýeden-ahyretden gürrüň etmek, aýdym aýdyşmak, ine hakyky bagt şudur.

Çagalaryňyzy baý bolmak üçin okatmaň, olary bagtly bolmak üçin okadyň. Şunlukda olar ulalansoň her bir zadyň bahasyny däl-de, gymmatyny öwrener.

Naharyňyzy derman-däri iýýän ýaly iýiň, ýogsa, derman iýmäge mejbur bolarsyňyz
6 лайков 152 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
03 июн 2022, 14:42
wah su soyyan kisilen bilen yasap bilsenda.

gaty gowy sagbol
Maksat
03 июн 2022, 15:05
Barlap gördüm, dogry eken. Gowy maglumat.
Maksat
03 июн 2022, 17:33
Ýetireniňe sagbol.