Iň ýakymly duýgy
Bu gün ak öýde konsert bolýar diýdiler. Bizem göni Ak öýe eňdik. Sagat 2-de şol ýerde bolduk we ak öýe girdik. Soňra ýerli-ýerimizde oturdyk, ilki bilen Jahan Tagyýewa aýdym aýtdy, çykyş etdi. Aýdymyny gutarandan soň käbir kişiler çapak çalýar käbirisi bolsa sygyrýarlar... Ahmet Atajanow, Parahat Pürjäýew, Şöhrat Saparow, Söhbet Kasymow we ş.m artistler gelip başlady. Parahat Pürje aýdym aýdanda hemme orta çykyp tans oýnap surata düşüp örän hezil bolupdy. Şöhrat Saparow aýdanda hemme tans oýnap bary telefondan surata düşýärdiler Şöhrat Saparow bilen. Ýokarygam çykdylar aýdymçy bilen. Hiç hili aýdymyny aýtmana goýmadylar. Galan aýdymçylaryň ýanynda surata düşjek bolsaň ýanynda ahranalary bar düşürmediler. Iň soňunda Şöhrat Saparow bilen ýekeje özümiz surata düşdik. Biziň bilen elleşdi.. elimizi gysdy.. We bu hem meniň üçin iň ýakymly duýgy, iň uly BAGT!!!
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.