Hassahanada (Degişme)
Gözi haýalrak görýän, şowakörräk, garryja aýal hassahanaň
skameýkasynda dynç alyp otyr. Munuň gapdalyna bolsa, bir erkek
adam gelip sesini cykarman oturýar. Şol wagtam bulaň ýanyna ýene bir
natanyş aýal gelip oturýar. Edil şo wagtam erkek adam bilen aýal
adamyň ikisiniňem el telefonyna jaň edýärler. Ikisem bir wagtda
telefony göterip, bir-birlerine ünsem bermän gürleşip ugraýarlar.
Bulaň gürrüňine ikicäk gürrüňdir öýdüp düşünen garryja aýal bolsa,
olara gulagyny gerip gürrüňlerini diňläp ugraýar:
Adam:
-Ohow, saglykmy keýwany, öý-içeriler abatmy?!
Aýal:
-Oňat, oňat bizem! Gyýw buşluk, ogul agtyjagmyz boldy!
Adam:
-Tüweleme, höwri köp bolsun, haçan guzlady?
Aýal:
-Ýaňja bir sagat boldy! Menem şu wagt ýanyndan gaýdyşym. Sagamanja ýeňledi, soňam ýerine ýerleşdirdik!
Adam:
-Hä, bir sagat boldy diýsene. Aýagna daýanýarmy, enesi emdirýärmi
özi?
Aýal:
-Hawa şu wagt ýanynda enesiniň. Özem sagdynja, owadanja, akja
babejik!
Adam:
-Bolýarla! Derrew süýdünem sagyňda, salym geçmänkä owuzynam
goňşulara paýlaweriň!
Aýal:
-Wiy, gyýw, ýogsada ogluň ýaňy jaň etdi. Hol keselläp ýatan goýnumyz
bara, ana şol ýatakda haram öläýipdirda. Bizem başagaýlyk bilen goýna
ünsem bermändiris..
Adam:
-Beh, ona eşitmändirin, yzy ýarasyn. Haçan ugradýalarka?
Aýal:
-Aý, ogluň özüm äkidip gömerin diýdi.
Adam:
-Bu günä menem ýetişmerin öýdýän, ertir aýat okadyp gaýdarynda.
Näme, awariýa boldy diýdiňmi?
Aýal:
-Haram öldi diýdimä, gynanyp oturma oň üçin. Bolmanda keselli bolsa
etem derde ýaraýan däldirle..
Adam:
-Haý bolmandyrow, neresse ýaňy kyrkam ýaşamandy..
Aýal:
-Bor onda, menä ýöredim. Gelniň ýanna ýene baryp habar tutaýyn,
gerek zady barmyka soraýyn.
Adam:
-Bolyar, saglygyn onda, menem ýörejek. Aýagyna daýanan bolsa
derrew emdireweriň. Ýatakdan çykarmaň ýöne, bu wagt howa
sowugrakdyram!..
Nämäň nämedigne düşünip bilmedik garryja aýal bolsa, geň galyp
ýakasyny tutýar:
-Toba, toba! Ölmän ýörseň her hili zat eşitjek..:))))

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.