Adamzadyñ geñ häsiýetleri. (FILOSOF EFLATUN)

Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ
galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin
howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz
ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin
ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini
unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.
Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.
Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç
kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa,
durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup
bilmekdir!!!
5 лайков 119 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
11 июн 2022, 20:17
Az zada name üçin mateç bolmaly oña düşinmedim?!. Az zada sukur etse bolar yone
noname
11 июн 2022, 21:29
Az zada matac boljak bolsañ kop zadyñ bolmaly bolyada
Öwreniji
12 июн 2022, 10:05
Gowy aýdypdyr