Goşgy
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl
Il deňinde öýüm öwzarym bolsa
Uzakdan ýakyndan myhman gelende
Gaşyny çytmaýan gül ýarym bolsa.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl
Güzeran görmäge hünärim bolsa
Çagalarym bilen dynç alar ýaly
Tomusda kölegeli telärim bolsa.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl
Didarlaşyp durýan dostlarym bolsa
Kyn günümde derdimi deň çekişjek
Her sözi pent boljak hossarym bolsa.
Bir biregiň degnasyna degmäliň
Hoş söz küýsemeýän ýürek ýürek däl
Ilim abat,dury bolsa Asmanym
Maňa şondan başga hiç zat gerek däl.
Il deňinde öýüm öwzarym bolsa
Uzakdan ýakyndan myhman gelende
Gaşyny çytmaýan gül ýarym bolsa.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl
Güzeran görmäge hünärim bolsa
Çagalarym bilen dynç alar ýaly
Tomusda kölegeli telärim bolsa.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl
Didarlaşyp durýan dostlarym bolsa
Kyn günümde derdimi deň çekişjek
Her sözi pent boljak hossarym bolsa.
Bir biregiň degnasyna degmäliň
Hoş söz küýsemeýän ýürek ýürek däl
Ilim abat,dury bolsa Asmanym
Maňa şondan başga hiç zat gerek däl.
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.