Kyncylyk

Agzalar size icimi dokesim geldi. Name ucindir menin edenim tersine bolya. Bir prablemany cozmankan yene on prablema tapylya. Durmusda eden arzuwlarymyn hijisem hasyl bolanok. Indi arzuw etmagede gorkyan. Edenim ters bolup duranson hic zat ucin hereket edesimem gelenok indi. Dini oturyp geljek hakda suyji hyyallary etyan hem biderek wagtymy gidiryan. Kime icimi dokjegimi bilemok. Biderek gybadymy yayradar diyip hic kime yuregimi acyp bilemok. Mana dusunilmez, ustimden guliner, menun derdim gybat etmek ucin sebap bolar oydip gorkyan. Bar zatdan sowap, yasayysa howesim gacyp barya. Bu yagdaylar nace wagt dowam etjegini, name ucin beyle bolyanyny bilemok. Ka mahal geljegimin nahili boljagyny bilesim gelyar, mana nameler garasyany bilen gyzyklanyan. Durmusymdaky kyncylyklaryn sony gelenok. Yonekeyje zatlaram mana gezek gelende uly mesele bolyar. Bu kyncylyklardan yana hemise gaygyda gezyan. Hemme zadyn ceni bolmaly dalmi? Indi sabyr kasam doldy. Men entek oylenemok yone bu aytyanlarym soygi meselesine degisli dal. Derdini paylasyp, ustinden gulmejek, gowy maslahat berayjek adam tapaymagam ansat dal. Kellanizi agyrdan bolsam bagyslarsynyz size icimi dokeyin diydim.
8 лайков 531 просмотров
66комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
21 июн 2022, 14:42
Derdinşeniňiz gowy elbetde. Şu ýerde siziň gybatyňyzy etjek adam ýok. Kellämizi agyrdaňzok, ýazyp, aýdyp gowy etdiňiz.
Arzuw edýänsiňiz, ýöne içiňizde bir ýerde ynamsyzlyk bardyr şol arzuwyň amala aşjagyna. Özüňizem bilýän dälsiňiz. Meselem, ýokarda hem näme etsem bolanok diýipsiňiz. Şuny özüňize hem ynandyran bolaýmasaňyz, şoň bolmajagyny, meň pikirimçe.
Ýene aýtsam, siz depressiýadaky birine meňzeýäňiz. Ýöne ýeňil depressiýa. Agyry edil rak ýaly howply.
Kerbaba
21 июн 2022, 14:43
Иним Рома, Наче яшында? Гуллугы дындынмы? Яшаян ерин? Оба ,шахер? шулары билсем,оз пикирми айтжак.
Harmony
21 июн 2022, 14:44
Galan zatlaram doly aýdylmasa, pylan diýip bolanok. Hiç hili ynam bildirip boljak ýakynyňyz ýokmy?
Ötegçi
21 июн 2022, 15:20
Kwadrat kelle bn Grangere goşulyan.
Ötegçi
21 июн 2022, 15:20
Her işde bir haýyr bardyr.
Pegas
21 июн 2022, 15:26
Bolup durýan ýagdaý. Göwnüňi giň tut, özüňi umytsyzlyga berme. Sadaka ber kösenýänlere. Ýagşylyk etmek hem adamy bagtly edip bilýär.
#B.S
21 июн 2022, 15:35
Hezila gaytam mende sheyle nace kyncylyk agyr problemalar bashyma dushse begenyan yeaaah diyip
#B.S
21 июн 2022, 15:37
Maslahatym bara kyncylyk gelse begenmeli yenmegine ynanmak ucin in samsung maslahat shu menden ;))) bu yerdaki shadyyanlygyma bakmang hormatly agzalar gunde problema ustune problema mende esasy ruhdan dushme Roma dost!
Roma
Автор 21 июн 2022, 15:41
квадрат келле агам шахер, озим гулллук яшдана улы.
Granger, ynamsyzlygam edenin tersine bolyany ucin doreya. Ynamly bolan wagtlarymam kop bolupdy. Derdini aydar yaly adamlar bar kopisine aydasym gelenok, kopisinede ynamym yok.
Gowinlik beryanlerin hemmanize minnetdar.
Ötegçi
21 июн 2022, 15:50
Umaman adamlara içiñi dökmek hökmanmy siziñçe! Hokman dalmikä diýýän. Adamlañ 80%ne gyzyksyz biziñ problemalarmyz! Galan 20%goterimi bolsa şol problemalarmyzyñ bardygyna monça! Dogry kyn. Aşa begenji aşa gynanjy, aşa ýekirilmegi çekip çydamak. Dogrysy, şeýle ýagdaýlarda özüme menä erk edip bilemok. Saññyldaýan. Öýe gelýän.. otagmy gulplap, iñ halaýan 4 kitabymdan nire düşse açyp okaýan. Biraz köşeşýän. Çykýan, ýuwunýan. Işleýän. Açylyşýan. Onsañ ýene täze problemalar. Ýene şo düzgün. Birwagtlar: "Adamlar maña düşinenok" diýerdim. Indi olañ maña düşinip düşinmän 0% gyzykly. Trenirowkada ýenjilip, urlyp, myźźyk bolup derläp bedenimiz taplanyp gataýşy ýaly, gatap-doñup ugraýamyka diyyan ruhumyzyam.
Ötegçi
21 июн 2022, 15:51
* ýada güýçlenip
Mekan
21 июн 2022, 16:04
Erkek oglan bolayow
Ötegçi
21 июн 2022, 16:08
Mekan00,
Nametmeli erkek oglan bolup?! Iller name diyya sen name diyyañ
Harmony
21 июн 2022, 16:09
Wah, bilýän ol ynamy. Ynamly bolan wagtyňyzyň köp bolandygynam. Meň diýýänim başgarak bir zatdy. Türkleň bir sözi bar, "Derin" diýip. Şony "has çuň" diýip aljagymam bilmedim, "içgin" diýip aljagymam.
Düşnükli, diýmek, töweregiňize hem ynamyňyz ýok. Şu ýerde käte şeýdip gysgaça paýlaşaryn diýseňizä, ine, biz. Ýok, has agyrrak (ynanmajak, ýaňsylanjak, aýdasyňyz gelmeýän) zatlaryňyzy bolsa, bir kagyza ýazyň-da, keýpden çykyň. Soňam ýyrtyň, gyrkyň, ýakyň. Tapawudy ýok. Esasy zat bar duýgularyňyzy (gahar, gaýgy, çäresizlik we ş.m.) hiç kime okatmajak görnüşiňizde ýazmaly. Pikirlenmezden.
Kitap okaýan bolsaňyz, özüňizi ýalňyz duýdurmaýan bir awtoryňyzyň kitabyny okasaňyz... Kino görýän bolsaňyz hem şeýle. Umuman, ugurlary köp. Teswirim uzap gitdi. Ýaz diýseňiz ýazar oturarys. :)
Harmony
21 июн 2022, 16:13
Ötegçi
Mekan00,
Nametmeli erkek oglan bolup?! Iller name diyya sen name diyyañ

Çagalykda şular ýaly sözleriň köp aýdylyp, oglan çaganyň duýgularynyň basylyp ýatyrylýanlygy sebäpli hem, olaryňky has kynrak bolýa soň ulalanlarynda. Meselem, ýokarky agzanyň aýdyşy ýaly, ynamsyzlyk hem döreýä.
Erkek kişi hem robot dälmikä diýýän. Adama ähli duýgulary duýmaklyk mahsus.
Hiayress
21 июн 2022, 16:26
Adaty adam tebigaty bolsa-da näme diýjegimi bilmedim. "Bir söz az, iki söz kän" diýilýän ýagdaý. Işiň oňuna bolsa senden başarnykly, senden güýçli, senden bagtly adam ýok, tersine bolsa-da hemme zat manysyny gaçyrýar, ýaşaýyş ýalan ýaly bolýar.
Ötegçi
21 июн 2022, 16:32
Çagalykda şular ýaly sözleriň köp aýdylyp, oglan çaganyň duýgularynyň basylyp ýatyrylýanlygy sebäpli hem, olaryňky has kynrak bolýa soň ulalanlarynda

Bu önüp ösen maşgalaña baglymyka diýýan. Mysal üçin biziñ hojalygmyzda çekinmesizden meselelerñi maslahatlaşyp bolýar.
Harmony
21 июн 2022, 16:35
Ötegçi
Çagalykda şular ýaly sözleriň köp aýdylyp, oglan çaganyň duýgularynyň basylyp ýatyrylýanlygy sebäpli hem, olaryňky has kynrak bolýa soň ulalanlarynda

Bu önüp ösen maşgalaña baglymyka diýýan. Mysal üçin biziñ hojalygmyzda çekinmesizden meselelerñi maslahatlaşyp bolýar.

Hawala, edil özi. Mysal üçin, bizde tersine. (Gyz, oglan tapawudy ýok).
Ötegçi
21 июн 2022, 16:39
Granger,kyn bolýa şonda. Kiçi ýaşly çagalara hasam kyn bolýa. Düýbunden oz maşgalasyna ýat bolan ýada nädogry maslahat berjek adamlañ çeññegine ilmeli bolýar.
Harmony
21 июн 2022, 16:46
Ötegçi
Granger,kyn bolýa şonda. Kiçi ýaşly çagalara hasam kyn bolýa. Düýbunden oz maşgalasyna ýat bolan ýada nädogry maslahat berjek adamlañ çeññegine ilmeli bolýar.

Öz maşgalasyna ýat bolan çaga, özgelere "çudowişe" hökmünde seredýä. :)
Roma
Автор 21 июн 2022, 16:49
Ötegçi,
sizin aydysynyz yaly gaty keypsiz wagtym menem birzatlara guymenip unsimi sowjak bolyan. Yone bolanok oz etyan zadymdan calt yadayan. Bar zat bizar edip ugrayar.

Granger, ynanyan adamlarymada aydasym gelenok. Men gaty yadadym hemme zatdan. Siz yazyan zatlarynyzdan ulurak adama menzeyaniz. Oziniz nacenji yyl, nireli, onki haysy agza siz? Men onem myhman bolup biraz giripdim. Ullakan zatlaram men ucin kyn mesele, kici zatlaram kyn mesele bolya. Indi bu bolusa bolanok. Menem isleysim yaly yasap bilerina?
Maksat
21 июн 2022, 16:50
Seniň bary derdiň, duýguçyllygyň meniň pikirimçe. Granger agzanyň aýdyşy ýaly, sende özüňe bolan ynam, hormat, söýgi ýok. Millet näme diýer düşünjesi bilen ýaşap ýöreniň üçin, adamlar saňa çylşyrymly gelýär. Seni hiç kim söýmäne mätäç däl, seniň dertleriňi diňlemäne mätäç däl. Şo sebäpli özüňi söýüp, biraz sosial kişi bol. Çyk daşaryk, gez, aýlan, ýaýna, dostlaryň bilen. Arzuwlaryň hasyl bolmasa beýdip sähel zat üçin saýtda paýlaşyp ýörseň minnet edip, hijem hasyl bolmaz arzuwyň. Gybatymy ýaýradarlar diýip, üstümden gülerler diýip gezjek bolsaň diňe özüňi zaýalarsyň. Haçana çenli beýdip gezjegaý? Siziň ýaly adamlaryň görnüşi köp, "köwüş aljak welin gelişmedi diýmesinler" diýip, hemme zatda-da şeýdip alada edip ýörmek. Bularyň hemmesi ynamsyzlykdan, hatda görýän welin şu ýerdäki maslahatlaram dogry kabul edip başaraňok, durmuşyňa nädip geçirjek. Saňa maslahat gerek däl, ynan özüňe, gorkup aýlanyp gezme. Güldür Güldür-de Bilal diýip "acilarin çoçuğu" bara, şo ýadyma düşdi, diňe agyry duýasy gelýän, kösenji lezzet hasaplaýan sypat. Saňa adamlar zyýan edenok, öz-özüň duşmany sen
Harmony
21 июн 2022, 16:54
Roma
Ötegçi,
sizin aydysynyz yaly gaty keypsiz wagtym menem birzatlara guymenip unsimi sowjak bolyan. Yone bolanok oz etyan zadymdan calt yadayan. Bar zat bizar edip ugrayar.

Granger, ynanyan adamlarymada aydasym gelenok. Men gaty yadadym hemme zatdan. Siz yazyan zatlarynyzdan ulurak adama menzeyaniz. Oziniz nacenji yyl, nireli, onki haysy agza siz? Men onem myhman bolup biraz giripdim. Ullakan zatlaram men ucin kyn mesele, kici zatlaram kyn mesele bolya. Indi bu bolusa bolanok. Menem isleysim yaly yasap bilerina?

Elbetde isleýşiňizçe ýaşap bilersiňiz. Bu her kimiňem haky. Şo terpet edip-edip, iň soňunda adam kiçijik meseleleriň öňünde hem güýçsiz bolup bilýä käte.
Menem öň myhman bolup giripdim. Mundan artygyny ýazyp bilmen şahsym barada, bagyşlaň.
Ötegçi
21 июн 2022, 16:56
Roma, maddy problemalarmy?!. Şeýle ýagdaýda iñ bolmanda görmäge gözumiñ bardygyna şükür etýan ozumä.
Belki
21 июн 2022, 17:11
Şuny pikir et:
Gözüñ görme ukybyny bir sandyk altyna çalşarmyñ?
Gulagyñ eşitme ukybyny ýene şonça baýlyga çalyşarmyñ?
Ýöräp bilmegiñi,gepläp bilmegiñi,elleriñi hereketlendirip bilmegi çalyşarmyñ baýlyga?
Diýmek,seniñ şunça baýlygyñ bar.Şol baýlyklaryñ barada pikir et.
Maksat
21 июн 2022, 17:21
Belki,
Bu jigimiziň, baýlyk bilen işi ýok. Ýazgy bir zat diýýär, siz başga zat ündeýäňiz. Aýagym, elim, gözüm ýok diýenok, diňe bir maslahat gerek, içimi dökjek diýibem aýtdy. Diýjek bolýanym, sizem gaty duýguçyl, we duýguçyla duýgur biri maslahat berse, ol hijem öňe gidip bilmez. Indi şu çaga, "Baý, meniň aýagym barow" diýip, oturmalymy siziň pikiriňizçe?!
Ötegçi
21 июн 2022, 17:22
Belki,
Biri men ćalşaryn señki ýaly pulym bolsa saglygmy"-diýipdi bir maýyba. Her sözüñ 1000 gulagy bar diyilya. Indi ýata maýyp. Ýöräp bilenok...
Ötegçi
21 июн 2022, 17:24
Keaip_begcon, Baý, meniň aýagym barow" diýip, oturmalymy siziň pikiriňizçe?!
Aýagynyñ bardygna kellesini işledip biler. Eli bn hunar owrenip biler. Hiç wagtam hunar owrenmek üçin giç dal. Adam eli gyzyl gül.
Waleryanka
21 июн 2022, 17:32
Roma,
Diňe işle.Fiziki zähmet ( gara iş) üçin saglyk ýagdaýyň päsgel bermeýän bolsa işle. Erkek adam bir-ä gara işden gaçmasa , birem agzy arassa ( arak, çilim , nas we ş.m.) bolsa çala hereket etsede girdejisi bereketli bolmaly.Özüň Dz ly öýdýän.Aşgabada gaýdyp işle.Ag da hemä iş köp , hem bahasy gowy eden işiň.
Waleryanka
21 июн 2022, 17:40
*Hem uly şäherde göwnüň açylar.