Haýyştnama (my, garaz bir zat özä)
Gültäç mugallym gowmy ýagdaýlaň, arma işler bilen ?! Häkim bolmak aladasy bilen saýta gelmäňi goýaýdyňla ýa uže "ulalyp" ýörmüň?! Häkim bolsaň biz garybam gözden salmaweri! Indi meselä geçsek. Men saňa köp gezek aýtdym " @Elifiň ýanyna barma " diýip. Diňlemediň, çilk etdiň bardyň, çilk etdiň bardyň (soňky sözlem "Züleýha" filminden alyndy ) Ana, indi saňa-da @Elifiň keseli ýokaşypdyr. Näme üçin teswiri ýapyp goýýaň tema açaňda?! Bizä seň açýan temalarňa sabyrsyzlyk bilen garaşýas, senem "içiň ýansa öl" diýlenni edip teswirleri ýapyp goýýaň. Indi, saňa duýdurýan. Soň, "aýtmadyň" diýip gaty görüp ýörme menden. Ýene ýekeje gezek tema açaňda teswiri ýapyp goýsaň şeýle wir gargaryn saňa. Ömrüňe ärsiz, ýeke geçer ýaly ederin. Gargyşym ýaman meň. Ynanmasaň riskowat edip göräý! Karoçi, är gerek bolsa teswir ýazar ýaly et temalaňňa. Gaharymy getirseň tanyş-bilişleňňem kömek edip bilmeýä soň. Onsoňam, häkim bolaňsoň maňa iş tapyp ber! Iş wagty sagat 10 dan 12 ä çenli bolsun. Hepdäň üç güni iş, üç güni dynç alyş bolsun. Baýramçylyk günleri jogap dwaýnoý berilsin. Işe gatnadar ýaly öz maşyny bilen şopyram bolsun. Aýlygam naliçi elime berilsin, karta geçmesin. Başlyk bolmasyn üstümde. Özüm başlyk, özüm işgär bolaýyn. Her iki aýdan krortny şäherlere putýowka berilsin, çykdaýjysy iş ýeriň hasabyndan tölensin. Düşündiňmi?! Düşünmedik bolsaň täzeden oka!
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.