“PSŽ” oty garawullamak üçin dört laçyn bir bürgüt hakyna tutdylar

«Pari Sen-Žermen» klubunyň ýolbaşçylary «Park de Prens» stadionyndaky täze ot ekilen gazonyny goramak üçin üýtgeşik çäre oýlap tapdy.
Geçen hepde agronomlar täze gazona tohum sepdiler. Ekini kepderiler çokup zaýalamaz ýaly, paýtagtyň klubundakylar laçyn awlamak bilen meşgullanýan kompaniýa kömek sorap ýüz tutdular. Şeýlelikde, oty goramak üçin dört sany laçyn bilen bir bürgüt hakyna tutuldy.
«PSŽ-nyň» «Park de Prens» stadiony 1897-nji ýylda gurlupdy, 1972-nji ýylda bolsa stadionyň durky täzelenipdi. Onuň içine 48 müň töweregi tomaşaçy sygýar.
Geçen möwsümde «PSŽ» 38 oýunda 86 utuk jemläp, fransuz Liga 1-iň ýeňijisi boldy. Bu klubuň tutuş taryhynda Fransiýanyň çempionatynda gazanan onunjy ýeňşidir.
#täzelikler #sport
2 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.