?❤?

Owalbaşda söýgüň başy,
Edep bilen terbiýede,
Edep diýmek haýadyr bu,
Haýa bolsa, her bedende,
Ýürek urar durar tende.
Gymmatyny mertebelän,
Gadryn biler söýeniniň,
Göwnün tapar şirin dilde.

Söýgi mukaddes bolmaly,
Köp häsýeti talap eder,
Gelşigidir päk söýgüde:
Arassalyk,
Agraslyk,
Asylly bolmak,
Akylly,
Agramly,
Asuda bolmak,
Garşylykly hormat goýmak,
Ezizlemek,
Erkelemek,
Eý görmek,
Edasydyr gabanmak,
Goramak,
Hem arka durmak,
Ýykylanda,
Goltgy bermek,
Goldamak...
Başarsaňyz şuny eger,
Agzalalyk bolmaz meger?! :)

Toý tutulsun öýlerňizde,
Tagt gurulsun bagtdan ýaňa,
Söýüň,
söýüliň,
söýgüňizde,
Wepa tapyň, bir-birekden,
Hiç galmasyn arman sizde!

M.h.
6 лайков 217 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
29 июн 2022, 20:02
Berekella!
Elleriňize güller bitsin! Ýazyp duruň. ÜSTÜNLIK!
Çary
29 июн 2022, 20:31
???????????
Gumly gelin
29 июн 2022, 22:11
Utanç-haýañ synmadyk ýerinde söýgi hasam gözel.
Margarita
Автор 29 июн 2022, 23:23
Nirvana,
Goldawyň üçin sag bol. Synanyşaýyn diýdim, ýazyp ýörenem däldim ))
Margarita
Автор 29 июн 2022, 23:23
Çary,
Sag boluň.
Margarita
Автор 29 июн 2022, 23:25
Gumly gelin,
Kemini aýtmalydyňyz, uýam. Bu bir başlangyçdy.
My life
29 июн 2022, 23:42
Mena haladym gowy yazylypdyr, dowam et.