Herry Potter hem-de jadygöýüň daşy

Ýazyjy: Joan Rouling
1-nji bap: DIRI GALAN OGLANJYK

Praýwet Draýw köçesiniň 4-nji jaýynyň ýaşaýjylary jenap we hanym Darsliler
özleriniň ýönekeý adamdygyna diýseň guwanýardylar. Olaryň täsin, adaty bolmadyk
zatlar bilen meşgullanyp ýörenini görjek gümanyň ýok. Sebäbi olar täsinlik diýlen zady
manysyz hasaplaýanlardandy.
Jenap Darsli buraw guralyny ýasaýan «Grannings» edarasynyň ýolbaşçysydy.
Bu murtlak adam uzyndan çişikdi, aşa semizliginden ýaňa boýny hem görnenokdy.
Hanym Darsliniň welin, goňşularynyň gep-gürrüňlerini eşitjek bolup, haýatlardan
üstaşyr uzadýan uzyn boýny bardy. Görşüňiz ýaly, onuň boýnunyň uzynlygy özi üçin
beýle bir peýdasyz hem däldi. Darslileriň dünýädäki iň gowy oglanjyk hasaplaýan
Dadli atly ogullary bardy.
Gepiň keltesi, bu maşgalanyň kem zady ýokdy, ýöne olaryň bir gizlin syry bolup,
ähli zatdan beter şol syryň üstüniň açylmagyndan gorkýardylar. Sebäbi kimdir biri
hanym Darsliniň uýasy hanym Potter hakda biläýse, olar çydam edip bilmezdiler.
Uýalar birnäçe ýyl bäri biri-birini görmändiler. Dogrusy, hanym Darsli uýasynyň
bardygyny gizleýärdi. Bu size geň bolup görünse-de görner. Ýöne ol uýasyny
özündenem, özüne meňzeşlerdenem düýpgöter tapawutly hasaplaýardy. Eger ol öýüne myhmançylyga dagy geläýse, goňşularynyň näme pikir etjegini göz öňüne getirende,
ýüregi howlaýardy. Uýasynyň edil özüniňki ýaly kiçijik oglunyň bardygyny
bilýändigine garamazdan, hanym Darsli şol oglanjygy bir gezek hem görmändi.
Potterleri maşgalasyndan uzakda saklamagynyň esasy sebäpleriniň biri hem öz ogly
Dadliniň şol oglanjyk bilen tanyş bolmagyny islemeýänligindedi.
Gürrüň berjek bolýan hekaýatymyz jenap hem hanym Darslileriň ýaňy daň
agaryp ugran mahaly oýanan sişenbe güni başlanypdy. Ol gün gök asmanda bahym
tutuş ýurtda täsin, adaty däl zatlaryň boljakdygyny habar berýän ýekeje üýtgeşiklik
hem göze ilenokdy.
Işe gitmäge taýýarlanýan jenap Darsli boýunbagyny daňyp durşuna hiňlenýärdi.
Hanym Darsli bolsa ýakymsyz Dadlini köşeşdirjek bolup durşuna, adamsyna bir zatlar
gürrüň berýärdi. Olaryň hiç biri penjiräniň deňinden uçup geçen baýguşa üns bermedi.
Sagat dokuzyň ýarynda eline iş torbasyny alan jenap Darsli gitmezinden ozal,
oglunyň ýaňagyndan tutup, ony ogşajak boldy. Ýöne bezzat Dadli öňünde goýlan süýjikökeleri daş-töwerege zyňyşdyryp durşuna, kakasyna özüni ogşatdyrmady. Jenap
Darsli «kiçijik şeýtanjyk» diýip güldi-de, öýden çykdy. Dörtlük belgisi ýazylan
meýdançada duran ulagyna münüp, işine ugrady.
Diňe şol wagt ol köçäniň bir çetinde bolýan täsinlige, ýagny karta ünsli seredip
duran pişige gözi düşen ýaly boldy. Ol gözlerine ynanman, şol tarapa gaýtadan bakdy.
Praýwet Draýw köçesiniň bir burçunda, hakykatdan-da, bir ala pişik durdy, ýöne ol
pişigiň töwereginde hiç hili karta ýokdy. «Çyranyň öçügsi ýagtysynyň edýän oýnudyr»
diýip pikirlenen jenap Darsli gözlerini owkalap, gaýtadan pişige ünsli seretdi. Pişik bu
gezek ýüzünde «Praýwet Draýw» diýlip ýazylgy köçe belgisini okap durdy. «Ýok,
okaýan däldir, oňa ýöne seredýändir. Pişikler kartadaky ýazgylaram, köçe belgilerinem
okap bilmeýär ahyryn» diýip, jenap Darsli ukudan oýanjak bolýan ýaly kellesini iki
ýana yralady-da, pişik hakdaky pikirleri unutdy. Ulagyny şähere tarap sürüp barşyna,
sargyt edilen köp sanly buraw gurallaryny şu gün hökman alyp gaýtmakdan başga zat
hakda pikirlenmek hem islemedi.
Ýöne buraw guraly hakdaky pikirlerem bahym bir sebäbe görä unudylmaly
boldy. Ýoluň her gün bolýan ulag dyknyşygynda duran jenap Darsliniň geň eginbaşly,
ýagny uzyn ýektaýly birnäçe adama gözi düşen ýaly boldy. Onuň ýek ýigrendigi
gülkünç eşikdäki adamlardy. «Ýaşlaryň geýýän laç geýimleri» diýip, ol başda
bu adamlaryň egnindäki geýimiň häzirki döwrüň ýene bir bolgusyz eşikleri
bolaýmagynyň mümkindigi hakynda pikirlendi. Golaýlaşdygyça olaryň köplükdigini gördi. Bu adamlar bir zatlar hakynda pyşyrdaşyp, çalt-çalt gürleşýärdiler. Käbiriniň öz
pikir edişi ýaly ýaş däl-de, garrydygyny gören jenap Darsli: «Ýaşulularyň zümerret-
ýaşyl reňkli ýektaý geýmegi nämekä?» diýip, gaharlanmaga başlady. Soňam: «Aý,
näme etseler, şony etsinler-le» diýdi-de, ýoluny dowam etdi. «Olaryň beýle geýinmegi
adamlardan pul çöplemegiň bir akmak usuly bolaýmasa?!» diýen pikir kellesine geldi
«Hawa, bu hakykatdanam, şeýledir». Ýuwaş-ýuwaşdan ýoluň hereketi kadalaşdy,
birsalymdan ol ýene-de buraw guraly hakdaky pikirlere gümra bolup, «Grannings»
edarasynyň ulag meýdançasyna ýetdi.
Eger jenap Darsli şol gün dokuzynjy gatdaky edara jaýynda adatdakylary ýaly
penjirä arkasyny öwrüp oturmadyk bolsa, onda gündiziň günortany uçup geçen
baýguşlary görüp, edil häzirkisi ýaly, ünsüni bir ýere jemläp bilmezligi-de mümkindi.
Beýleki adamlar yzly-yzyna uçup geçýän baýguşlary görüp, aňkarylyşyp galypdylar.
Olaryň arasynda ömründe hiç wagt baýguş görmedikler hem bardy.
Baýguşlardan habarsyz jenap Darsliniň iş wagty gaty oňat geçdi. Ol köp
adamlara gygyrdy, birnäçe wajyp mesele boýunça jaň edip, telefondada ýene biraz
käýindi. Gysgaça aýdanymyzda, öýlänki nahar wagtyna çenli, ýagny aýaklaryny
ýazmaly hem naharhana gidip, garbanmaly diýen netijä gelýänçä, keýpi gaty gowy
boldy.
Ýöne naharhananyň deňine ýetende, ol ýene-de geň ýektaýly adamlara gabat
geldi. Keýpiçaglygyndan nam-nyşan galmadyk jenap Darsli olara gahar bilen seretdi
Näme üçindigin-ä bilenokdy welin, bu adamlary görende özüni bir hili gaty oňaýsyz
duýýardy. Olar hem edil hälki gören adamlary ýaly, bir zatlar hakda pyşyrdaşýardylar.
Jenap Darsli naharhanadan ullakan byzmyk alyp, edara dolanyp gelýärkä, ýaňky
ýektaýlylaryň käbir gürrüňleri gulagyna degdi.
— Hawa, gaty dogry... Potterler... Men saňa eşiden zadymy aýdyp berýän...
Hawa, olaryň ogly, Hani...
Bu gürrüňleri eşiden jenap Darsli gorkudan ýaňa doňup galdy. Başda
pyşyrdaşýanlaryň ýanyna baryp, bir zatlar diýmek isledi, ýöne soň bu pikirinden el
çekdi.
Ol dessine edara jaýyna dolandy. Kätibine birahat etmezligi tabşyryp, öýüne jaň
etmek niýeti bilen telefony eline aldy. Ýöne öý telefonynyň iň soňky belgisini basypbasmanka, pikirini üýtgedip, telefony ýene ýerinde goýdy. Murtuny towlap durşuna pikire batdy. Ýok, ol biderek ýere howsala düşýär. Harri seýrek duş gelýän atlardan däl
ahyryn. Harri diýen ogly bolan Potter atly başga-da maşgalalar hökrnan bardyr.
Onsoňam, ömründe görmedik ýegeniniň adynyň Harridigine hem onuň doly ynamy
ýokdy. Belki, onuň ady Harwidir, ýa bolmasa Harolddyr. Şonuň üçinem uýasy hakynda
gürrüň gozgap, hanym Darslini alada goýup durmagyň geregi ýok. Aslynda, ol aýalyny
munuň üçin günäläp hem duranok. Eger onuň özüniňem şonuň ýaly uýasy bolsady...
Ýöne ýektaýly adamlaryň aýdýanlaram..
Şeýdip, pikir edip oturyşyna, ol uzakly gün ünsüni bir ýere jemläp bilmedi. Sagat
bäşde edara jaýyndan çykan jenap Darsli öz pikirlerine gümra bolup, öňünden gelýän
adamy görmän, onuň bilen çakyşdy. Büdenekläp, tas ýykylara gelen çepiksije adama
«Bagyşlaň» diýip, ýoluny dowam etjek bolanam şoldy welin, bu adamynyň hem
egninde ýektaýyň bardygyny gördi. Ýykylaýmagyň bäri ýanyndan gaýdandygyna
garamazdan, ol adam häzir näme üçindir, diýseň şadyýan görünýärdi. Ol ýylgyryp,
geçip barýanlaryň ünsüni çeken gyryljak sesi bilen:
— Meni alada etmäň, gadyrdan jenap. Gaýta, siz «Ady tutulmaýanyň» ahyrsoňy
biziň aramyzdan gidendigine begeniň. Siziň ýaly magllar bu ajaýyp güni baýram
etmelidir — diýip, köçäniň ortarasynda jenap Darslini gujaklady-da, hiç zat bolmadyk
ýaly, öwrülip gidiberdi.
Düýbünden nätanyş adam tarapyndan gujaklanan jenap Darsliniň aýaklary häzir
edil ýere ýelmeşen ýalydy. Onsoňam bu adam ony «magl» diýip atlandyrypdy. Içiniň
ýanýan ýeri hem — jenap Darsli bu sözüň manysyny bilenokdy.
Jenap Darsli çalasynlyk bilen ulagyna mündide, şu günki görenleriniň ählisiniň
gözüne görnendigine umyt edip, öýe gaýtdy. Aslynda, ol şu güne çenli göze
görünmelere asla ynanmaýardy.
Dörtlük belgili meýdançada ulagyndan düşen jenap Darsliniň ýene-de irdenki ala
pişige gözi düşdi. Bu ýagdaý onuň has hem keýpini gaçyrdy. Pişik indi haýatyň üstünde
otyrdy. Jenap Darsli onuň hälki pişikdigini bilýärdi. Sebäbi onuň gözleriniň
töwereginde birmeňzeş menekler bardy.
— Git, güm bol! — diýip, jenap Darsli pişigi kowjak boldy. Ýöne pişik ýerinden
gozganjagam bolmady. Gaýta, adaty pişige mahsus däl biperwaý garaýyş bilen oňa
seretdi. Jenap Darsli: «Adaty pişik özüni şeýle alyp barýarmy näme?!» diýip, onuň
bolşuna haýran galdy, soň çalt ýöräp, öýüne tarap gaýtdy. Bu günki wakalary aýalyna
aýtmazlyk kararyna gelip, içerik girdi.
Hanym Darsliniň güni adatdakysy ýaly gowy geçipdi. Ol saçak başynda
adamsyna goňşy hanymyň öz gyzy bilen sögüşendigi, Dadliniň bolsa täze söz
öwrenendigi hakda aýdyp berdi. Jenap Darsli başardygyndan özüni rahat alyp barmaga
çalyşdy. Dadli uka gidensoň, ol täzelikleri sypdyrmazlyk niýeti bilen, myhman jaýyna
baryp, telewizory açdy.
«Guş gözegçileriniň ählisi baýguşlaryň bu gün özlerini gaty geň alyp
barandygyny habar berýär. Gije aw awlap, gündiz uka gidýän baýguşlaryň
ýüzlerçesiniň Gün dogandan ýurduň ähli ýerlerinde görlendigi barada habar berilýär.
Bilermenler näme sebäpden olaryň uky wagtyny üýtgedendigine düşünmeýärler. Indi
bolsa Jim Makgaffiniň berjek howa maglumatlaryny diňläliň. Jim, siziň pikiriňizçe,
gije hem edil gündizki ýaly baýguş «ýagmyryna» garaşylýarmy?» diýip, habarçy
täzelikleri aýdyp bereninden soň, howa maglumatlaty gullugynyň wekiline ýüzlendi.
— Ted, bu soragyňyzyň jogabyny anyk bilemok. Ýöne bu günüň täsinliginiň
diňe baýguşlar bilen bagly däldigini aýdyp biljek. Kentiň, Ýorkşiriň, Dandiniň
ýaşaýjylary meniň bilen jaňlaşyp, söz berlen ýagşyň deregine, süýnýän ýyldyzlaryň
ýagandygyny aýtdylar. Belki, adamlar Bonfaýr gijesini wagtyndan ir belläp
başlandyrlar. Ýöne, gadyrly adamlar, baýramçylyga çenli ýene iki hepde wagtyň
bardygyny ýatlatmak isleýän. Howa barada aýtsam, şu gije hökman ýagyş ýagar.
Täzelikleri diňlän jenap Darsli çuňňur oýa batdy. Süýnýän ýyldyzlar,
baýguşlaryň gündizine uçmagy, geň ýektaýly adamlar, Potter hakdaky pyşyrdaşmalar
— bularyň ählisi, hakykatdan hem geňdi.
Jenap Darsli şu günki gören-eşiden zatlaryny aýalyna aýtsa gowy boljakdygy
barada pikirlendi. Ol keýwanysyna çaý hödürledi-de:
— Petunýa, ezizim, sen soňky wagtda uýaň hakynda üýtgeşik zat eşiden-ä
dälsiň? — diýip sorady.
Onuň çak edişi ýaly, aýalynyň ýüzi üýtgedi, howsalaly, şol bir wagtda-da gaharly
göründi, Uýasynyň bardygyny düýbünden unutmak isleýän adam näme üçin
gaharlanmasyn?! Ol:
— Ýok, hä, näme üçin soradyň? — diýdi.
— Şu gün täzeliklerde geň zatlar hakda gürrüň etdiler. Baýguşlaryň gündizine
uçandygyny, ýyldyzlaryň süýnendigini... Meniň özümem birtopar gülkünç eşikli
adamlary gördüm. — Onsoň?..
— Onsoňmy?! Men, belki, bu onuň... sen bilýäň-ä... onuň töweregindäkiler bilen
bagly bolaýmasyn diýip pikirlendim.
Hanym Darsli onuň bu sözlerinden soň çaýdan bir owurtlady-da, ýüzüni
kürşertdi. Jenap Darsli bolsa «Potter» adyny eşidendigi hakda aýtjagynam,
aýtmajagynam bilmän, biraz ikirjiňlendi.
Ahyry aýtmaly diýen netijä gelip, sözüniň arasynda ýuwaşlyk bilen:
— Olaryň ogly biziň oglumyz bilen ýaşytdaşrakdymy?! diýip sorady.
— Şeýlemikä diýýän — diýip, hanym Darsli oňa biperwaý jogap berdi.
— Onuň ady nämedi? Howard dälmi?
— Ýok, onuň ady Harri. Manysyz at.
— Hawa, şeýle — diýip, bu ady eşiden jenap Darsliniň ýüregi ýerinden gozganan
ýaly boldy.
Ol soň gaýdyp Harrili gürrüňi gozgamady. Ýöne düşegine geçmänkä, ýatýan
jaýynyň penjiresinden ýuwaşlyk bilen daşaryk seredende hälki pişigiň häzir hem şol
öňki ýerinde oturandygyny gördi. Pişik bir zada garaşýan ýaly, Praýwet Draýw
köçesinden gözüni aýranokdy. Jenap Darsli pişigi synlap durşuna oýa batdy.
Bu zatlaryň ählisi, hakykatdan-da, onuň gözüne görünýärmikä? Belki, onuň
gören geň zatlary Potter ýa-da onuň ene-atasy bilen baglydyr? Eger şeýle bolaýsa,
muňa çydap bolarmyka?
Ol düşegine geçdi. Keýwanysy birmahal uka gidenem bolsa, jenap Darsli pikire
batyp oturyşyna wagty bilen uklap bilmedi. Bu geň zatlaryň Potter bilen bagly ýeri bar
bolaýanda-da, özünden, aýalyndan uzakda boljakdygy, Petunýanyň we özüniň olar
hem olara meňzeşler hakda nähili pikirdedigini Potterleriň bilýändigi, bu bolup geçýän
geňlikleriň özi hem Petunýa bilen bagly ýeriniň ýoklugy, bularyň özlerine hiç hili täsir edip bilmejekdigi hakdaky pikirleri ony ahyrsoňy azajyk-da bolsa köşeşdirdi. Telim
gezek eýläk-beýläk öwrüleninden soň uka gitdi.
Ýöne, gynansak-da, ol düýbünden ýalňyşýardy.
Jenap Darsli uklanam bolsa, köçede duran pişikde ukudan nam-nyşan ýokdy. Ol
Praýwet Draýw köçesine gözlerini dikip durşuna gymyldaýynam diýenokdy.
Gapdaldaky köçede gapy ýapylanda-da, depesinden iki sany baýguş uçup geçende-de
pişik ýerinden gozganmady. Diňe ýarygije ünsli seredip duran ýerinde, ýagny köçäniň
gyrasynda bir adam peýda bolanda biraz gorsanypdy. Bu adam birden şeýle duýdansyz
peýda bolupdy welin, siz göýä ýeriň aşagyndan çykandyr öýderdiňiz. Ony gören pişik guýrugyny bulaýlap, gözlerini jikgertdi.
Praýwet Draýw köçesinde entek oňa menses adam görülmändi. Uzyndan
hortaňlygyna, biline ýetýän çal saçynadyr sakgalyna garasaň, onuň
örän garrydygyny çaklasaň boljakdy. Egninde uzyn, ýere degip duran açyk
gyzyl reňkdäki ýektaý, aýaklarynda uly ökjeli, burny aýlawly köwüş bardy. Ýarym Aý
şekilli äýneginiň aňyrsynda mawy gözleri ýalpyldaýardy. Uzyn burunyň bolsa süňki
döwlen ýaly ujy egrelip durdy. Onuň ady Albus Dambldordy.
Dambldor bu köçede özüniň adyndan başlap, köwşüne deňiç gowy
görülmejeginden, güler ýüz bilen garşylanmajagyndan bihabar bolarly. Ol
ýektaýyndan bir zatlar gözläp, başagaý bolup durdy. Birdenem kellesini galdyryp,
özüniň ähli hereketlerini synlap duran pişige seretdi. Birbada geňirgenen ýaly etse-de,
soň ýylgyryp:
— Senmikäňem öýtdim-le — diýip pyşyrdady.
Ahyry ýektaýynyň içki jübüsinden häliden bäri gözleýän zadyny çykardy. Ol
daşyndan kümüş çakmaga meňzeýärdi. Dambldor ony ýakdy-da, howada eýläkbeýläk
galgatdy. Şol mahal golaýdaky çyralaryň biri gümpüldäp öçdi, Hereketini ýene bir
gezek gaýtalady welin, ýene bir çyra öçdi. Soň köçedäki ähli çyralar öçýänçä, bu
hereketini on iki gezek dagy gaýtalady. Tüm garaňkylykda bir çüňkde oturan pişigiň
gözlerinden başga ýalpyldap duran zat ýokdy. Eger şu mahal kimdir biri, hatda ýiti
gözli hanym Darsli hem, penjireden daşaryk seredäýse-de, köçede bolup geçýän
zatlaryň hijisini hem görüp bilmezdi.
Dambldor öz jadyly taýajygyny öňki ýerine, ýektaýynyň jübüsine salyp, dörtlük
belgili meýdança tarap gaýtdy. Pişigiň golaýyna gelip, haýatyň gapdalynda dyzyny
epdi-de, biraz sesini çykarman oturdy. Soňra:
— Sizi bu ýerde görerin öýtmändim, professor Makgonagal — diýip, pişige
ýüzlendi.
Dambldor oňa seredip durşuna ýylgyrdy. Ýöne pişigiň ýerinde indi agras ýüzli,
gözleriniň töweregi edil pişigiňki ýaly menekli, äýnekli zenan otyrdy. Onuň egnindede
bize öňden tanyş bolan zümerret reňkli ýektaý bardy. Gara saçlary yzyna ýygnalan bu
aýal häzir gaty gaharly görünýärdi
— Siz meni nädip tanadyňyz? - diýip, ol Dambldordan sorady.
Dambldor:
Gadyrdan professor, men entek ömrümde siziň ýaly gahardan ýaňa dim-dik
bolup oturan pişigi görmändim — diýip jogap berdi.
— Meniň ýaly uzynly gün kerpiç haýatyň üstünde otursaň, baý, gaharly
bolarsyň-a.
— Beýlekiler ýaly bu şatlykly güni baýram edip biljek halyňyza, uzakly gün
bärde oturaýdyňyzmy? Meniň özümem ýol boýy birgiden toý-şagalaňlary duşumdan
geçirmeli boldum.
— Hawa-la, bu wagt hemme kişi şatlanýandyr. Ýöne şatlanýan mahaly biraz
seresaplygy unutmasalar, gowy bolardy. Hatda magl hem bir zatlaryň bolup
geçýändigini aňdy. Bu hakda täzeliklerde hem aýdyp geçdiler — diýip, professor
Makgonagal içiýangynly gürledi.
Soňra Darslileriň garaňky myhman jaýynyň penjiresine ümledi-de: — Men
olaryň baýguşlar, süýnýän ýyldyzlar hakdaky gürrüňlerini eşitdim.
Hemme kişem, hatda iň bir akmak adamam töwerekde bolup geçýän zatlary görerdi.
Kentdäki süýnýän ýyldyzlar bolsa Dedalas Digliň işidir. Ol hiç mahalam oýun etmegi
başarmandy — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Olary günäläp oturmagam nädogrumyka diýýän. Soňky on bir ýylyň içinde
şatlykly günler gaty az bolupdy.
— Bilýän-le, ýöne gündiziň günortany köçelerde ýektaýly aýlanyp, gybat urup
ýörmegem bolmaz ahyryn — diýip, Makgonagal bir zat aýdar umydy bilen
Dambldoryň ýüzüne seretdi. Ýöne hiç hili jogap eşitmänsoň, ýene-de sözüni dowam
etdi.
— «Ady tutulmaýanyň» edil aramyzdan giden güni üstümiz açylaýsa, nähili
hezillik bolardy. Dambldor, aýtsana, ol, hakykatdanam, gitdimikä?
- Hawa, gitdi. Biz munuň hakykatdygyna begenmeli. Ýogsa-da, siz limon
bölejiklerini taýýarlap bilýäňizmi?
— Nämäni?
— Limon bölejiklerini. Magllaryň şekerli tagamlarynyň bir görnüşi. Men olary
diýseň gowy görýän.
Ýok, bilemok! — diýip, häzir limon bölejikleriniň aladasyny etmegiň wagty
däl hasaplan Makgonagal oňa nägilelik bilen jogap berdi. — Hatda «Ady
tutulmaýan» gidenem bolsa...
— Gadyrly professor, siziň ýaly akylly-başly adam onuň adyny tutaýsa gowy
bolardy — diýip, Dambldor onuň sözüni böldi. — Oňa «Ady tutulmaýan» diýmek,
barypýatan lyk ahyryn. Şu on bir ýylyň içinde adamlara onuň hakyky
Woldemort adyny tutdurtjak bolup, kän dyrjaşdym.
Bu ady eşiden professor Makgonagal tisginip gitdi. Ýöne limon bölejikleri bilen
başagaý bolup, onuň tisginenine üns bermedik Dambldor sözüni dowam etdi.
— Näme sebäpden adamlaryň oňa «Ady tutulmaýan» diýýändigine hiç düşünýän
däldirin. Woldemort adyny aýtmakda men-ä hiç hili gorkunç zat göremok.
— Men siziň gorkmaýandygyňyzy bilýän. Ýöne siz ählimizden tapawutly. Ady
tutul...wiý... Woldemortyň özem diňe sizden gorkýar ahyryn.
— Siz maňa öte ýokary baha berýäňiz. Aslynda Woldemort menden iki esse
güýçli.
— Siziň güýjüňiz onuňkydan artyk bolmasa kem däldir. Ýöne siz ol güýji diňe
ýagşylyga ulanýarsyňyz. Siz akylly.
— Daşarynyň garaňkydygam bir gowy zat. Men hanym Pomfriniň özüm hakda
öwgüli sözlerini aýdan döwründen bäri beýle gyzarmandym.
Professor Makgonagal Dambldoryň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi-de, limon bölejikleri
sebäpli arasy bölünen gürrüňi dowam etmekçi boldy.
— Edilýän gep-gürrüňler bilen deňeşdireniňde, baýguşlar dagy zat hem däl. Siz
olaryň näme diýýändigini... onuň näme sebäpden ýitendigi hakda aýdýanlaryny
eşitdiňizmi? — diýip, Makgonagal ahyrsoňy uzynly gün sowukda garaşmagyna sebäp
bolan, ýöne bermäge çekinen sowalyny berdi.
Dambldor häzire çenli oňa zenan hökmünde-de, pişik hökmünde-de beýle ýiti
nazar bilen seretmändi. Adamlar näme diýseler-de, näme aýtsalar-da, ol Dambldoryň
özi tassyklaýança, bu gep-gybatlara ynanmak islemeýärdi. Ýöne süýjüleri bilen
başagaý bolup duran Dambldor onuň sowalyna jogap bermäge howlukmady.
Olaryň aýdýanlary... Woldemortyň Potterleri tapmak üçin Godrigiň
Hollowyna gidendigi... Lili we Jeýms Potterleriň ölendigi hakda edilýän gürrüňler
hakykatmyka?
Dambldor «Hawa» diýýän şekilde başyny atdy.
Professor Makgonagalyň gözlerine ýaş aýlandy.
— Lili we Jeýms. Men muňa ynanyp bilemok... Asla ynanasym gelenok. Wah,
Albus.
Dambldor onuň golaýyna süýşüp, köşeşdirmek üçin arkasyna çalaja kakyp
durşuna:
— Men düşünýän. Düşünýän-le — diýip, uludan demini aldy.
Professor Makgonagal sandyraýan sesi bilen sözüni dowam etdi.
— Entegem bu hemmesi däl. Adamlar onuň Potterleriň ogly Harrini öldürmäge
synanyşandygyny, ýöne oglanjygy bir sebäbe görä öldürip bilmändigini aýdýarlar.
Onsoňam, men onuň Harri Potteri öldürip bilmedik pursadynda ähli güýjüni
ýitirendigini, şol sebäplem gidendigini eşitdim. Ýöne hiç kim onuň näme sebäpli
güýjüni ýitirendigine düşünmeýärmişin.
Dambldor bu gezek hem baş atdy.
— Diýmek, bu hakykat-da. Ahli ýaman işlerine — birgiden adamynyň ganyna
galandygyna garamazdan, ol kiçijik oglanjygy öldürip bilmändir-dä. Geň galaýmaly.
Biziň ony ýok etmek üçin ýüz urmadyk ýollarymyz galmandy... Ýöne Harri nädip diri
galdyka?
Dambldor:
— Biziň muny hiç haçan bilmezligimiz mümkin. Çak edäýmekden başga alajymyz ýok
- diýip, onuň bu sowalyna jogap berdi.
Professor Makgonagal jübüsinden elýaglygyny çykaryp, äýneginiň aşagyndan
gözýaşlaryny süpürdi.
Dambldor bolsa ýektaýyndan çykaran altyn sagadyna seredip, uludan demini
aldy. Onuň elindäki ýönekeý sagat däldi On iki sany dili bolan bu sagadyň ýüzünde
san belgileriniň deregine kiçijik planetalaryň şekilleri aýlanyşyp durdy.
Sagady yzyna salan Dambldor:
Hagrid gijä galdy-la?! Meniň bu ýere geljegimi size aýdanam şol bolmaly —
diýip, gaharly gepledi.
— Hawa, şol aýtdy, ýöne siz bu ýere näme sebäpden gelendigiňizi welin, aýtmak
isläňzok öýdýän.
— Men Harrini daýzasy bilen daýysynyň öýüne getirmäge geldim. Olar Harriniň
ýeke-täk garyndaşlary.
Onuň bu sözlerine tarsa ýerinden turan professor Makgonagal:
— Siz şu ýerde ýaşaýan adamlary-ha göz öňüne tutýan dälsiňiz? — diýip,
dörtlük belgili jaýy görkezip durşuna sorady. — Ýok, siz beýdip bilmersiňiz. Men olary
uzynly gün synladym. Bizden edil ýer bilen gök ýaly tapawutlanýan şu iki adamdan
başga kişini tapyp bolmadymy? Onsoňam olaryň ogullary gaty ýakymsyz. Şu gün ol
süýji sorap, ejesine ýol boýy azar berip geldi. Harri Potter bular ýaly adamlaryň
arasynda nädip ýaşar?
— Bu onuň üçin iň bir amatly ýer. Harri biraz
ulalanda, daýysy bilen daýzasy oňa ähli zady düşündirer. Men olara hat
ýazdym.
— Hat? — diýip, professor Makgonagal ýene haýata ýaplandy. — Siz näme, ähli
zady bir hatda düşündirip bilerin öýdýäňizmi? Bu adamlar Harrini hiç haçan kabul
etmezler. Ol rowaýata öwrülmeli oglanjyk. Gelejekde şu gün «Harri Potteriň güni»
diýlip atlandyrylaýsa-da, geň galmazdym. Ol barada kitaplar ýazylar. Dünýädäki ähli
çagalar Harri hakda bilerler.
— Bu aýdýanyňyz dogry — diýip, Dambldor ýarym aý şekilli äýneginiň
ýokarsyndan seredip durşuna onuň bilen razylaşdy. —Onuň hekaýaty ähli
oglanjyklaryň başyny aýlar. Ýöräp, gürläp bilmänkäň at gazanmak. Hiç haçan ýadyňa
düşmejek zat üçin söweşsiz meşhur bolmak. Şoňa görä, siz onuň ähli zatdan uzakda
bolmagynyň özi üçinem gowy boljakdygyna düşünýän bolsaňyz gerek. Hakykaty
kabul etmäge taýýar bolýança, ol bizden uzakda ulalmaly.
Professor Makgonagal agzyny uludan açyp pallap durşuna:
— Hawa, siz dogry aýdýaňyz — diýip ylalaşdy. Soňam:
— Ýöne oglanjygy bu ýere kim getirýär? — diýip, göýä Dambldor Harrini
geýiminde gizländir öýdýän ýaly, onuň ýektaýyna göz aýlady.
Hagrid getirýär.
— Şunuň ýaly wajyp işi Hagride ynandyňyzmy?
— Gerek bolsa, men oňa janymam ynanaryn.
— Men onuň ýüregi ýerinde däl diýemok ahbetin. Ýöne ol biraz tagaşyksyz.
Onda üns.... Bu nämäniň sesi?..
Şol mahal duýdansyz ýerden gürmldi eşidildi. Olaryň ikisi hem ýokaryk seretdi.
Ses barha gataldy. Gökden düşen ýaly bolup, howada äpet motosikl peýda boldy,
geläge-de, olaryň gabat garşysynda ýere gondy.
Motosiklem-ä uludy welin, üstünde oturan adam onuň iki essesi dagy bardy —
boýy adaty adamyňkydan has uzyn, göwresi bolsa has daýawdy. Onuň daş keşbi diýseň tagaşyksyzdy. Bu äpet kişiniň hiç haçan darak görmedige meňzeýän bulambujar ýogyn
gara saçlary, ýüzüniň köp bölegini ýapyp duran gür sakgaly bardy. Berdaşly ellerinde
bolsa içine bir zat salnan ýorgan bardy.
— Hagrid — diýip, Dambldor uludan demini aldy. — Ahyry geldiňmi? Bu
motosikli nireden aldyň?
— Jenap, men muny Sirius Blekden wagtlaýyn ulanmaga aldym — diýip, äpet
adam seresaplylyk bilen motosildinden düşdi.
— Hiç hili kynçylyga duşmadyň dälmi?
- Ýok, jenap. Öý tutuşlaýyn diýen ýaly ýumrulypdyr. Magllar üýşmänkä
maňa Harrini ol ýerden alyp gaýtmak başartdy. Bristolyň üstünden uçup barýarkam,
ol uka gitdi, Dambldor we professor Makgonagal ýorganyň içine boýunlaryny
uzatdylar. Ol ýerde bir oglanjyk süýji ukuda ýatyrdy. Onuň maňlaýyna düşüp duran
gara saçynyň aşagynda ýyldyrym şekilindäki ýara yzy görünýärdi.
Professor Makgonagal:
- Bu şolmy? — diýip, pyşyrdap diýen ýaly sorady.
Dambldor:
— Hawa. Ýöne bu ýara yzy onda ömürlik galar — diýip jogap berdi.
— Sen ony aýryp bilmezmiň, Dambldor?
Men bir zat edip biläýenimde-de, ony aýyrmazdym. Bu ýaranyň bir gün oňa
peýdasy deger. Meniňem çep dyzymda edil London metrosynyň kartasyna meňzeş ýara
yzy bar. Bolýar, Hagrid, getir ony bärik diýip, Dambldor bäbegi eline aldy. Onuň
Darslileriň öýüne tarap öwrülenem şoldy welin, Hagrid:
— Men... men onuň bilen sagbollaşyp bilerinmi? — diýip, äpet kellesini Harriniň
üstüne egdide, ony ogşady. Birdenem edil ýaralanan it ýaly uwlap başlady.
— Çüşş-ş! Ýuwaş bol! Sen magllary oýararsyň — diýip, Makgonagal süýem
barmagyny dodagynyň üstüne ýetirdi.
— Bagyşlaň! — diýip, Hagrid jübüsinden çykaran elýaglygy bilen ýüzüni ýapyp,
aglamaga başlady. — Men saklanyp bilemok. Lili bilen Jeýms ýogaldy. Görgüli Harri
bolsa magllaryň arasynda ýaşamaly boldy.
— Wah, düşünýän-le. Bu bolup geçen zatlaryň ählisi menem gynandyrýar. Ýöne
gaýrat et, özüňi ele aljak bol. Ýogsam töwerekdäkileri oýararsyň — diýip, professor
Makgonagal ony köşeşdirmäge çalyşdy.
Dambldor eýýäm pessejik haýatdan ätläp, gapa tarap gaýdypdy. Ol ýorgana
dolanan Harrini emaý bilen gapynyň öňünde ýatyrdy-da, ýektaýyndan çykaran hatyny
ýorganyň içine saldy. Soňra garaşyp duran ýoldaşlarynyň ýanyna dolanyp geldi.
Olaryň üçüsi hem kiçijik ýorgana birsellem mähir bilen seredip durdy. Oňa seredip
durka, Hagridiň eginleri titreýärdi, professor Makgonagal gözlerini gyrpyldadyp durdy,
Dambldoryň bolsa mydama ýaldyraýan gözleriniň yşygy şu mahal öçen ýalydy.
— Hawa, işimiz-ä bitirdik. Indi bu ýerden gidäýsegem bolýar. Ýörüň, bizem
baýramçylyga goşulalyň — diýip, Dambldor ahyrsoňy ýanyndakylara ýüzlendi.
— Hawa, dogry aýdýaňyz — diýip, Hagrid gyryljak ses bilen jogap berdi. —
Menem gidip, Siriusyň motosiklini gaýtaraýyn. Professor Makgonagal, professor
Dambldor, gijäňiz rahat bolsun!
Hagrid motosikline münüp, ony işledeninden soň, asmana göterildi-de, tümlüge
siňip gitdi.
— Ýene görüşýänçäk! — diýip, Dambldor häzir hem gözüne ýaş aýlap duran
professor Makgonagala sagbollaşýan şekilde baş atdy. Soň yzyna öwrülip, köçäniň
gyrasy bilen ýöräp gaýtdy. Ýöne öwrüme ýetende birden saklandy-da, ýektaýyndan
kümüş çaýylan jadyly taýajygyny çykaryp, howada eýläk-beýläk galgatdy. Şol
pursatda köçe çyralarynyň on ikisi hem ýanyp, öňküsi ýaly Praýwet Draýw köçesini
ýagtylandyrdy. Bu bolsa köçäniň beýleki tarapynda ýöräp barýan pişigi ätiýaçly
hereket etmäge mejbur etdi.
Dambldor ýene iň soňky gezek dördünji jaýyň gapysynyň öňünde ýorganyna
basyrylyp ýatan oglanjyga tarap seretdi,
— Ýene görüşýänçäk, hoş, Harri! — diýip pyşyrdady-da, ýektaýyny galgadyp,
göz açyp-ýumasy salymda gaýyp boldy.
Şol pursat assaja şemal täsinlikleriň iň bir garaşylmaýan ýeri bolan Praýwet
Draýw köçesiniň gök aýmançalaryny sypalap geçdi. Harri Potter bir eljagazy bilen haty
ýapyp, ýorganynyň içinde beýlesine agdaryldy. Süýji ukuda ýatan bu oglanjyk häzir
özüniň üýtgeşik adamdygyndanam, tanymaldygyndanam, ýene birki sagatdan süýtden
boşan çüýşeleri daşaryk çykarjak bolup gapyny açjak daýzasynyň çirkin sesi zerarly
oýanjakdygyndanam, birnäçe hepdäniň dowamynda öz çykany Dadliniň ony
çümmüklejekdiginden, dürtgelejekdiginden, edil şu pursat ýurduň iň bir gizlin
ýerlerinde ýygnanyşan adamlaryň «Harri Potteriň şanyna! Diri galan oglanjygyň
saglygyna!» diýşip, bada göterýändiginden bihabardy.
!-nji babyň soňy.
Dowamy bar.... (2-nji bap)
3 лайков 156 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 18 июл 2022, 14:15
Fantastiki roman
Gauzen
18 июл 2022, 15:59
Beýdeniňden pdf-syny goýaýmaly ekeniňdä kösenip ýörmez ýaly ;)
Bägül Atayewa. 29.03.2004
18 июл 2022, 16:15
Okandyrlaram eýýäm muny köpler dolulygyna
Ejegyz.
18 июл 2022, 21:00
Gowy görýän şu ýazyjyny.