Waterloo dişleri

WATERLOO DIŞLERI

XVIII-XIX asyrlarda Ýewropanyň we Amerikanyň halklarynyň arasynda şeker iýilmesiniň we temmäkiniň ýaýramagy bilen adamlarda dişlerini arassalamak we soňabaka bejertmek meseleleri ýüze çykdy. Emma diş gigiýenasy diňe XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýaýrap ugrady we ondan öň adamlar dişlerini we diş etlerini arassalamak üçin diňe diş arassalaýan çöpjagazlar, matalar we öz barmaklary bilen oňňut etmelidiler.
Häzirkizaman diş ideginiň öňbaşçysy fransuz hirurgy Pier Fauçard 1750-1760-njy ýyllarda diş sogurmak üçin täze enjamlary oýlap tapdy we has esasysy hem, dişiň çüýremeginiň şeker sebäpli bolýandygyny öwrendi. Şeýle hem Fauçard syrkawlaryna dişlerini peşew bilen arassalamagy maslahat berýärdi. Bu bolsa owradylan haýwan süňkleri we däri ýaly beýleki bar bolan alternatiwlardanam beterdi. Bu ingredientlerden başga-da, diş arassalaýjy pastanyň ýa-da külkäniň düzümine aždarhanyň gany (aslynda ösümlikden alynýan şepbik), mel, sabyn, korisa we duz girýärdi. Uksus we haýwan ganyndan alnan garynda agyzlaryny çaýkan hem bolsalar, onuňam tagamy öwerlik däldi.
Fauçardyň işlerinden 20 ýyl töweregi soň, 1780-nji ýylda Uilýam Eddis tussaghanada wagty oýlap düzen guralyny özleşdirdi we şeýdibem ol, ilkinji diş çotgalaryny köp mukdarda öndürip baýady. Sygyrdyr öküziň süňkünden ýasalyp, üsti hem ýekegapanyň irimçik tüýlerinden doldurlan bu kiçijik çotgalaryň hit bolandygy geň galarlykly zat däl. Ol döwürde diş agyrynyň ýeke-täk emi agyrýan dişiňi anestetik ulanmasyzdan bir dellege, demir ussasyna ýa-da gassaba ep-esli töläp sogurtmakdy. Çotga bolsa hem arzandy, hem agyrysyzdy.
Emma başga çykalga tapman, eýýämden ýaş başyňa agzyň küşt tagtasyna meňzäp dursa näme etmelidi? Ol wagtlar diş gözelligi hem edil gigiýena ýaly ýaňy ýörjen-ýörjenjedi. Ýöne, oturtma dişler gowy ýaýrapdy we ýasama diş goýmak uly bir biznesdi.
XVIII asyrdan öň oturtma dişler rimlilerden ozalky döwrüň tehnologiýalaryna eýerilip, altyndan we süňkden ýasalyp goýulýardy. Emma XVIII asyrda bu ýasama dişleri ulanmak doly derejede hereketden galypdy. Oturtma dişler hakyky dişlere meňzänokdylar, olar bilen nahar iýmek howpludy, we hasam beteri – olar agzyň içinde duran ýerinde çüýreýärdi. Dogrusy, oturdylan süňkde dişiň syrçasynyň ýoklugy ýasama dişleriň çalt çüýremegine getirýärdi, şeýle hem çüýrän begemot süňkünden gelýän tagamy we ysy öz fantaziýaňyza goýaýyn.
Ýagdaýlar şeýle bolansoň, dişiň gowusynyň hakyky dişdigi mese-mälim. Adam dişiniň görnüşem gowudy, uzaga-da çekýärdi. Şol sebäpli hem, XVIII-XIX asyrlarda diş ýasamakda adam dişine bolan talap iň ýokary derejesine çykdy. Peýda gaty kändi. Bir setir hakyky dişi 30 funtdanam gymmada satyp bolýardy. Bir hyzmatkäriň ýylyň dowamynda gazanan zähmet haky bolsa 45 funtdan çala geçýärdi. Mesele – nädip adam dişini tapmaly? Jogap – maslyk ogrulary, tüwmaýak galan garyplar we söweş meýdanlarydy.
Edil göz öňüňize getirişiňiz ýaly, adam dişleriniň iki görnüşli donorlary bardy – öli donorlar we diri donorlar. Elbetde, diri donordan sogrulyp alnan dişden gowusy ýokdy. Emma dişini anestetiksiz sogurtmaga, soňundan hem galan ömrüni iýmek we geplemek kynçylyklary bolan bir bedroý bolup ýaşamaga höwesjeňleri tapmak o diýen aňsadam däldi. Diňe juda garyplar we biçäre pahyrlar bu agyryly pajygany başyndan geçirýärdi.
Öli donorlar bolsa giň ýaýrapdy. Olary tapmagam aňsatdy, olaryň dişlerem arzanrakdy. Emma şonda-da ölüleriň dişleriniň bahasy şeýle bir ýokarydy welin, maslyk ogrulary köplenç tutuş jesedi anatomlara satandan geçen, gaýtam mazarlary zaýalap açýardylar we jesetlerden diňe dişleri goparyp alýardylar.
Diş lukmanlary we oturtma dişleri ýasaýanlar üçin ýene-de bir diş çeşmesi meduçilişelerdi we dar agaçlarydy. Ýöne diş awçylary üçin hiç hili töwekgelçiliksiz tonnalap diş tapdyrjak aýratyn ýerler bardy ahyryn – söweş meýdanlary.
Wagt başlany bäri biznesiň iň düşewüntlisi uruş bolup gelýär. Bu ýagdaý ýyrtyjylar üçin hem şeýle bolmagynda galýar. XVIII asyryň ahyrynda we XIX asyryň ilkinji ýyllarynda fransuz rewolýusiýasy we Napoleonyň güýje geçmegi esasynda Ýewropa söweş yzyna söweşden doldy. Bu döwür maslyk ogrulary we diş awçylarynyň “eli gelen” döwri boldy.
Söweş meýdanlaryndan näçeräk diş alnandygyny hyýal edeýin diýseňiz, käteler dişleri çelekläp satýardylar.
Söweş meýdanlarynda diş awçylarynyň iki görnüşine gabat gelmek bolýardy. Birinjisi, “hakyky” diş awçylarydy. Olar goşuny yzarlap, göni söweşiň yzýany wepat bolanlaryň agzyndan dişlerini goparyp alýardylar, ýa-da söweşden birnäçe gün geçensoň, doganlyk mazarlary gazyp, dişleri alýardylar. Bu awçylaryň käbirleri professional awçylardy, käbirleri uruşdan diri galan goşun agzalarydy, beýlekileri bolsa söweşiň bolan ýerlerinde ozaldan ýaşap ýören we pursatdan peýdalanyp, merhum esgerleriň puluny, ädiklerini, eşiklerini, şaý-seplerini, ýaraglaryny we dişlerini talap ýören adamlardy.
Awçylaryň ikinji görnüşi bolsa harby hirurglardy. Lukmanlar öljek bolup ýatan, ölen ýa-da agyr ýaralanan esgerleriň ýüzlerçesi bilen ýüz-ýüze gelýärdiler: elbetde olara jübüsine salaýmaga diş tapmak aňsat düşendir.
Napoleonyň karýerasynyň iň soňky, pajygaly söweşi bolan Waterloo adam dişleriniň tanymal çeşmesidi. 1815-nji ýylyň 18-nji iýunynda 150 müňden gowrak adamly fransuz, prus we britan goşunlary çaknyşyp, olaryň üçden biri wepat boldy ýa-da ýaralandy. Bu söweş meýdany ýyrtyjylar üçin örän baý çeşme boldy. “Waterloo dişleri” britan we amerikan bazaryna giňden ýaýrady.
Her niçik-de bolsa, diş goýdurýan syrkawlaryň köpüsi dişleriň adamyňkydygyny bilseler-de, olaryň edil nireden gelendigini bilenler az-azdy.
Ýene-de bir bellemeli zat. Elbetde, bir alnyp satylandan soň bir adamyň dişlerini şol durşuna yzyna gaýtaraýmak mümkin däldi. Üstesine-de, söweş meýdanlaryndan azy dişleri az gelýärdi, sebäbi olary galyň bolany sebäpli goparmak kyn bolýan eken. Şunlukda, bir bitewi oturtma diş dürli-dürli donorlardan alnan dişler bolup, olary ilki sortirläp gaýnadypdyrlar, soňra bolsa çapyşdyryp, şekile salypdyrlar.
Entägem biziň bagtymyza, 1830-njy ýyllarda Londonly oturtma dişleri ýasaýjy Klaudius Eş ölülerden alnan dişleriň üstünde işlemekden halys aryp, farfordan diş protezlerini işläp düzüpdir. Emma häzirki zamanyň ýasama dişlerine gelýänçäler, entäk ýol uzak bolupdyr we diş talaňçylary XIX asyryň ahyryna çenli söwdasyny hiç bir päsgelçiliksiz dowam etdiripdir.

Çiara FRANŞI,
"CVLT Nation".

Terjime eden Güljan ÇARYBERDIÝEWA.

Çeşme: kitapcy
3 лайков 153 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
.biohimik.
24 июл 2022, 09:20
Hol gunki blogda edeninizi etdinizay siz!
Men degisdim hatda(degisyandirin diyip yazdymam) iriñlapsiñemdiyip yazyaña sen
Borlay nahili bolanynyzdam bildirip duranok mana tanayanlar bilya nahilidigimi
Prosta gulisip degishyadimlay
Nahili adamdygynyzy gorkezyaniz
.biohimik.
24 июл 2022, 09:21
Pegas yazara goymada
Aýsere
24 июл 2022, 12:03
Şu wagt erbet dişim agyrýar