Alanyñ özuñki
Biz wagtyň gymmatyny bilmän geçjek-dä. Ol şeýlebir hökmürowan. Onuň biziň nesibämize näme atmalydygyny kesgitleýşine men hemişe haýran galýan. Ol islese berýä, islese…
Wagtyň hökmürowanlygy bizi ulaldýar. Biz her gün bir günlük ulalýarys. Biz muny duýamzogam. Bir hepde geçýär duýamzok, bir aý geçýär welin “eýýäm bir aý geçäýipdir” diýýäs. Pasyllar didarlaşanda bolsa şol wagta görä geýinjek bolup berbaşagaý bolýas. Ýyllaram ýylgyryp gelýär ahyry. Şonda bir yzymyza çalarak garanjaklaýas-da, belli-külli seljeriş geçmänem ýene öňkimiz ýaly öňürdikläp gidiberýäs. Garaz, wagtyň neneňsi geçenini bilip-bilmän galýarys. Şol puryjalaryň arasynda bolsa biziň tanaýanlarymyzyň birnäçesi bu hatardan aýrylýar, täzeje adamjyklaryň birnäçesi peýda bolýar. Biz bolsa olara-da özümiz ýaly öňürdikläp ýörmegiň göreldesini görkezýäris. Biz haçan wagtyň gadyryny bilerkäk?
Ömür uzak wagtyň dowamynda uzalýanam bolsa onuň iň gymmatly pursatlary undulmajak ýatlama öwrülýär. Şeýle pursatlaryň gymmatyny hem duşumyzdan geçenden soň bilip galýarys. Biz şeýdip ahmyr bilen dostlaşýarys-da, hut şu wagty hem ýene ahmyryň eline berip goýberýäris. Biz öz wagtymyzy nämä sarp edýän bolsak ömrümizi şol puryja bilen paýlaşýarys.
Şatlanýasmy — ömrümiz şatlyga öwrülýär.
Didarlaşýasmy — ömrümiz mähirden dolýar.
Öwrenýäsmi — ygtybarly bolup başlaýas.
Zähmet çekýäsmi — gazançly bolýas.
Ynam bildirýäsmi — umytly bolýas.
Duýgular we duýmalar ezber keşdeçiniň elindäki iňňe ýaly wagtyň gymmat puryjalaryny biziň ömür kitabymyza nagyşlap barýar. Indi siz öz ömrüňizi ýaramaz duýgulara, ýakymsyz pursatlara bagyş etmäge razymy? Mysal üçin gahara, ahmyra, aldawçylyga, zeýrenje, emelsizlige. Ömürleriň dürli-dürlüligi ynsanlaryň kalbyndan çykan duýgularyň röwşüne, wagtyň eçilen pursatlarynyň reňkine, ynsanyň olaryň gadyryny bilişine bagly ýaly bolup dur.
Ýene bir meňzeşlik meni aňk edýä. Şu dünýä şeýle bir hasaba ökde. Dükana barsaň hökman eliň gapjygyňa ýeter. Ýanyňda puluň bolmasa dükandan sowlup geçseňem bolman durmaz. Ýöne her gün sagat 00.00 bolanda ömrüňiziň bir güni siziň gapjygyňyzdan öz-özi çykyp gidiberýä. Siz şol gün näme gazandyňyz, meýilleşdiren işleriňize ýetişdiňizmi ýa ýok, ýa bir zatlary ýitirdiňizmi, tapdyňyzmy, tapawudy ýok, wagt siziň erkiňizden azat. Hut şol günki wagta dolanyp barmak ýok. Meniň kalbymy iň gyýýan zat bolsa şol günki şirin duýgularyň gujagyndan sowrulyp gaýtmak. Men ýaňy gülüş-gülüş öwrenen bäbejigimi bagryma basyp oýnajak ahyryn, onuň jennet ysyny onki süňňüm bilen sorup, bihuş bolmaga ýene birazajyk pursat gerek maňa. Birinji synpa baran oguljygymyň harplary goşup okap başlaýşyny, dünýäniň gyrasyndan girip, özi ýaly deň-duşlary bilen gadam basyşyny synlap, guwanmaga pursat gerek maňa. Öz öýümden örýän ömürleriň şowly, bagtly, ygtybarly, ile-güne haýyrly bolmagy üçin olara yhlasymy, azabymy, zähmetimi, halallygymy, mährimi garyp-gatmaga pursat gerek maňa. 00.00-dan başlanýan her gün bolsa seniň beýle şirin duýgularyň bilen söhbet gurup duranok, ol örän howlugýar. Duýgular bolsa näzenin gyzlar ýaly bezenip-beslenip, ýuwunyp-daranyp äwmän geçýärler. Ýöne biziň hakydamyzda welin ömrümiziň hut şonuň ýaly şirin duýgular bilen doly pursatlary galýar.
Sagat 00.00 boldy. Indi size täze wagt garaşýar. Onuň size näme getirjegini welin siziň yhlasyňyz, başarnygyňyz, ýagşy gylyk-häsiýetiňiz, niýetiňiz kesgitleýä. Wagt hakynda adamzat wagtyň nämeligini duýup başlaly bäri pikir edýän bolsa gerek. Wagta erk etmek üçin sagady, senenamany oýlap tapanam bolsa bir adam wagtyň jylawyndan tutup, iki ömür ýaşapdyr diýib-ä eşidemzok. Şonuň üçinem “Wagtdan alanyň özüňki” diýen akyly döredip, iňňesine wagt ýüpegini sapyp dynman keşde çekýän dünýeden paýyňy almak hakynda çuňňur akyl goýupdyrlar. Alyp bolýan zatlaryň ählisini wagtdan alyp bolýar, berip bolýan zatlaryň hem hemmesini biziň elimizden wagt alýar. Wagt bilen ynsan biri-biri bilen Gurbannazaryň “Iki agajyndaky” ýaly ýüzbe-ýüz dur. Özlerem “oň kenary gowy” diýip pikir edýärler. Hakykatda bolsa wagt-a ynsan ýaly hakykata öwrülip bilmeýänine, ynsan bolsa wagt ýaly baky ýaşamaýanyna ahmyr edýän ýaly. Hamana wagtam öz ýanyndan “Adamdan alanyň özüňkidir” diýýän ýaly. Juda çylşyrymly. Men bir gün wagtyň özi bilen söhbetdeş bolup görerin. Ýüreginiň iň çuňňur ýerindäki pikirini bilip-bilmesemem bir zatlar-a aýdar…
Annagül NARLYÝEWA.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.