Nirde sen Nirvana?!...
Salam agzalar. Okuwlar, işler bilen armaň. Arada biraz wagt saýta gelip bilmedim, düýn gelibem öz nikimden girip bilmedim. Täze nik bilen girjek bolup her hili atlary ýazyp gördüm. Tüweleme, saýtda üýtgeşik nikler köp eken. (Jenap ýalançy, şadyýan arwah diýibem ýazyp gördüm, beýle agzalar eýýäm bar diýen jogap geldi, ahyryn şu niki ýazansoň registrasiýa boldum). Saýta biraz göz gezdirdim. Agzalaryň biri Nirvana saýtdan gitdi diýip mowzuk açypdyr. Gynandym dogrusy, adam bir ýakyn ynsanyny ýitirse gynanýar, ýüreginiň bir bölegi boşap galan ýaly duýgy emele gelýär. Bu duýgyny Raul Realdan gidende duýupdym. Ony şa klubumyň simwoly hasaplaýanlygym üçin bu maňa agyr degipdi. Ýaş wagtym mamam pahyr ýogalanda ejem, daýylarym men gynanmasyn diýip "Mamaň Aşgabada gitdi, bir aýdan gelýär" diýipdiler. Mamam syrdaşymdy. Çaga wagtym köplenç onuň ýanyna ýatmaga giderdim. Gijäň bir wagtyna çenli gürleşip oturardyk. Ol maňa çagalygyny gürrüň bererdi, menem oňa öz arzuwlarymy aýdyp bererdim. Ol mydama maňa beýlekilerden üýtgeşikligimi, akyllydygymy aýtmakdan ýadamazdy (Seň arzuw eden ynsanyň bolup bildimmikäm?). Bir aý geçdi, üç aý geçdi, bir ýyl geçdi, ýöne ol gelmedi. Şonda ýüregimde bir düşnüksiz duýgy döräpdi. Şol duýgyny şu wagtlaram duýýan kämahal. Gullugy gutaryp ol ýerdäki merdi-merdanalar bilen hoşlaşamda. Dostlukly gatnaşýan deň-duş gyzlarym durmuşa çykanda. Гость, Ahmedik saýtdan gidende. Indi bolsa Nirvana. Şadyýan, alçak, adalatly doganym, nirde bolsaňam janyň sag bolsun! Agzalardanam haýyş, şu soňky döwür moda öwrülen saýtdan gitmek däbini bes edeliň. Sebäbi siziň gitmegiňiz bilen kimdir biriniň ýüreginiň bir ýerinde ýakymsyz boşluk döremegi mümkin. Özüňizi we ýakynlaryňyzy goraň!
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.