Edýän Töwür'imiz

Gabrystandan geçeňde töwir galdyrmak hakynda

Türkmençilikde däp bolup galan käbir edim-gylymlar bar. Şolaryň käbirleriniň aňyrsy hökman Pygamberimiziň (sallallahu aleyhi we sellem) hadysy ýa-da ulamalaň tabşyryp geçen, halanan, maslahat beren işleri bolup çykaýýar. Aýratyn türkmen halkymyzyň aňyna berk ornan ýagşy gylyklaň birem öwliýäň (gabrystanyň) ýanyndan geçeňde aýat okap, sogabyny ýatanlaň ruhuna bagyş etmek. Aňsat, özi türkmen bolanyň gabrystanyň gabadyndan geçende ulagda bolsun, awtobusda ýa-da pyýada barýan bolsun elini ýüzüne sylyp töwir galdyrmaýany ýok bolsa gerek. Halkyň içinde eşdilýän gürrüňlere görä kähalat ýadyňdan çykyp ýa gürrüňe güýmenip gabrystanyň gabadynda töwir galdyrmasaň, özi rus taksistdir welin «töwir galdyrmadyň-la?» diýip ýatladaýýa diýýänlerem bar. Ýa bolmasa gaýry dinlem bolsa seň bilen olam elini ýüzüne sylýandyr. Bu-da gabrystanyň gabadyndan geçeňde töwir galdyrmagyň türkmeniň aňyna şeýle berk ornandygyny görkezýär. Sebäbi hem, gabyrdaky ýatan bende mydama bizden ýardama garaşýar. Bizden barjak Elhamdyr, Kulhuallalar bilen ruhlary şat bolup, rahatlanýarlar. Çünki gabyrdaky döwri şeýle kyn şertler bilen geçýändir. Bizden barjak kiçijik magnawy kömek hem olaryň ruhlaryny rahatlatjakdyr. Pygamberimiziň (sallallahu aleyhi we sellem) bir hadysynda: "Ölen kişi gabrynda gark bolup barýaka kömek isleýän adam ýalydyr. Kakasyndan, doganyndan ýa-da dostundan özüne geljek doga-dilege garaşýandyr. Ahyry şol dilegler özüne gelende, bu dilegleň sogaby dünýe we dünýädäki hemme zatdan has gymmatlydyr. Hakykatdan hem dirileriň ölülere sowgady doga-dileg we bagyşlanmagyny dilemegidir".

Anna agşamynda berýän sadakalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz kabul bolsun!
9 лайков 514 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pocahontas
04 авг 2022, 21:22
Ämin, hemme musulmanlaryñ edýän doga-dilegleri kabul bolsun!
Удачливая
04 авг 2022, 21:25
Ämin!
Mahri
04 авг 2022, 22:09
Amin hemme kisinkem kabul bolsun!
ýüreksözi
04 авг 2022, 23:53
Amin hemmänki bile bolsyn
Hiayress
05 авг 2022, 08:20
Türkmenleriň öli saýlama häsiýeti hem bar. Islendik türkmen öwülýäniň ýanynda el galdyrýan türkmen, ors öwülýäleriň deňinden piňene alman geçip bilýär. Muňa Marydaky köne ýarmarkanyň ýanyndaky ors öwülýäde kän şaýat boldum.
Izma
05 авг 2022, 09:12
Hiayress,
Orslaň o dünýäsi başga diýýä)
yusupahmet12
05 авг 2022, 21:02
Bir yashulydn
---Gije owluyañ deñinden ya icindengeceñde yatanlaryñ hatyrasyna ayat okamalymy ya gerek dalmi--diyip soramda yashuly or gokden geldi.
---Nam ucin ayat okamaly dal. Hokman okamaly. Olen bendeler ucin gije bn gunduziñ name parmy bar. O bendeleriñ senden tama edyan zady diñe oyat-towur.