Çagalyk
Köp ýyl ýaşan her bir adamyň durmuşynda çagalyk döwri bolýar we bu döwür durmuşyň iň owadan we gyzykly döwri. Çagalar gowy bilen ýamany, dogry bilen ýalňyşlygy tapawutlandyryp bilmeýärler. Şonuň üçin hemme zada öz nukdaýnazaryndan seredýärler. Bir zat ony begendirýän bolsa, gülkünç bolsa, bu hakykat. Şeýle-de bolsa, ullakan ýüreklerinde hatda erbetlik, ýigrenç yokdyr.Çagalar dünýädäki iň bigünä we mähirli jandarlar. Olarda ýamanlygyň yzy ýok. Gynansagam, wagtyň geçmegi bilen olary erbet duýgular bilen tanyşdyrýan adamlar. Her bir adamyň şol bigünä çagalykda galmagyny arzuw edýärin. Her kim birek-biregi söýüp, asuda ýaşasa ... Belki, ýene çagalyk dowri bolmaz; Emma şol günleri hemişe höwes bilen ýatda saklarys. Örän gowy ýatlamalarymyz we bir salym ýylgyryşymyz bar diýeris.Çagalyk, kämillik ýaşyna çenli durmuşymyzyň döwri. Bu döwür, adatça, üç ýaşdan on iki ýaş aralygyndadyr. Çagalygymyz durmuşymyzyň iň gowy ýyllaryny döredýär. Çagalarda okamak, otagymyzy tertiplemek, ýönekeý işler bilen maşgalamyza kömek etmek, dükana gitmek ýaly ýönekeý jogapkärçiliklerimizden başga jogapkärçiligimiz ýok. Mysal üçin, maşgalany eklemek ýa-da goramak üçin agyr ýüklerimiz ýok. Şonuň üçin elmydama begenýäris, diňe hezil etmek, bagtly bolmak, oýnamak hakda pikir edýäris.Bizi bagtly etmek üçin iň kiçi zat hem ýeterlikdir. Ÿigrenjiñ nämedigini bilemzok, ýüregimiz hemmeler üçin açyk, hemmämizi söýýäris. Adamlaryň nähili erbet bolup biljekdigini bilemzok. Biziň pikirimizçe, bize ýylgyrýan we biziň bilen degişýän her bir adam gowy. Adamlary kategoriýalaşdyrmaýarys. Hiç bir çaganyň dini, dili ýa-da reňki biziň üçin möhüm däl. Köplenç oýnap ýörkäk gürleşemzok. Diňe öz oýnumyza üns berýäris we hezil edýäris. Hiç kime zyýan bermek hakda pikir etmeýäris, her kimiň hemişe bagtly, hemişe ýylgyrmagyny isleýäris.Çagalygymyzda arzuwlar bilen ýaşaýarys.Biz hyýalymyzda gahrymanlary döredýäris we olar ýaly hereket etmäge synanyşýarys. Hakykat bilen kän bir baglanyşygymyz ýok. Hemme zady göz öňümizdäki ýaly hasaplaýarys we şeýle bolmagyny isleýäris. Çagalyk iň gowy döwürdir. Ony yzda galdyranymyzda hakyky durmuş we jogapkärçilikler başlaýar. Durmuşyň diňe bir oýun däldigini, bu dünýäde erbetlikleriň we uruşlaryň hem bardygyny öwrenýäris.
Çagalygymyz hakda pikir edýäris we "Nähili ajaýyp gün!" Diýýäris.
Çagalygymyz hakda pikir edýäris we "Nähili ajaýyp gün!" Diýýäris.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.