Gaýdyp geliş

Laýyk 4 ýyl mundan öň hoşlaşmana gelipdiň. Uzakly gije gürrüň edip, wideo ýazgylary görüp ýatman daň atyrypdyk. Baý hezil bolupda. Seni ugratmana gelip bilmedigim üçin gaty görüp telefony öçürüpdüň ýüzüme. Näler barasym gelipdi welin...
Ýat ýerlerde ýüregiň gysýandyr-da gaýta-gaýta jaň ederdiň, bir agyzam gürlemän gözüňi balkyldadyp dymar durardyň. Gaty gyýylardym şo halyňa. Soňa öwrenşibem gitdiň. Her toýda, her üýşmeleňde ýeriň oýuldy durdy. Sensiz gör näçe toýlary sowduk. "Toýa garrama ýok" diýä nesip edenden indiki toýlarda bileje tans oýnarys.
Gelerňe gün sanap sabyrsyz garaşsamam ýene nesibäm ýok ekini garşylamak. Bolmasa gaýtmakaňam aýdypdyň, geleň soňam aýtdylar. 4 ýyl uzak wagt, şunça wagtda ýekeje gezegem görüşmedik. Sen gideňsoň köp zatlar üýtgedi. Käbir zatlara özümiz islemezden boýun bolmaly bolýarys, seň intäk özüňem düşünersiň muňa. Seni görmäne howlukýan. Näçe howluksamam garaşmana mejbur bolýaryn. Şunça ýyllar geçipdir indi wagt duran ýaly. Seni görmäne howlukýan.
...
3 лайков 220 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
17 авг 2022, 20:33
Dört ýyllap birek-biregi görmän söýgini dowam etdirip bolarmy?
Güljemal
Автор 17 авг 2022, 20:51
@Belki. Gürrüň dogan oglan gyz jigim baradady :)
Güljemal
Автор 17 авг 2022, 20:55
Söýmek üçin hökman görüşmelimikä?
ŞYH
17 авг 2022, 21:03
4 yyl dowam edesi yokla soygi aradaslykda
Güljemal
Автор 17 авг 2022, 21:16
@Şyh. Biri birini çyndan halasa bolar elbetde.
Belki
18 авг 2022, 03:27
Kinza,doganoglan sözi bile ýazylýar.Kelläme zor saldym şo söze düşünjek bolup.
4 ýyl aradaşlykda söýgiñ dowam etmegi häzirki döwürde juda kyn görünýär maña-ha.Olara wagtyñ synagyndan geçen söýgi diýse bolar.
Güljemal
Автор 18 авг 2022, 06:53
@Belki. Şo söz aýra ýazylanlygy üçin kelläňe zor salyp düşündüňmi? Onda saýtda birgiden harp ýalňyşly sözlerä okaman okasaňam düşünmän geçip gidýänsiň.
Soňam "söýgi" diýdiň durduň men söýgi barada däl. Menem zenan ýazylan ýazgam zenana degişli.