Massimusdan master-klass. Gyzlar bilen tanyşmak medeniýeti. Eksklýuziw...

Salam ýigitler. Gyz-bu düşnüksiz täsin dünýä, ylmyň ösen döwründe-de entek ylmy taýdan doly öwrenilmedik üýtgeşik jandar.
Geliň bu gün dürli ýagdaýlarda we ýerlerde gyzlar bilen tanyşmagyň medeniýeti barada gürrüň edeliň.
Köçede.
Käbir ýigitler köçede owadan gyzlary görseler (myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen, tekeri ýarylan diýen sözler bilen mowzugy başga tarapa äkitmezligiňizi haýyş edýärin. Owadan gyz diýdigim, bu betnyşan bolmadyk gyz diýdigim) sygyryp, üýtgeşik sesler bilen gygyryp, "A gyz, tanşalyla, gowuja zat ekeniň, waý bu zady" diýýänlerem bar. Sagdyn kellä pikirlenip görseň beýtmek bilen diňe özüňi masgarabaz, oýnatgy ýaly görkezýäň. Hiç bir gyzam bular ýaly hereketlerden soň ýüzüňe seredesi gelmez. Haýsy gyz yzyndan sygyrylan wagty yzyna öwrülip: "Haýsyň sygyrdyň, tüweleme sygyryşyň gowy eken, agzyň bilen "Ärtogruly" çalyp beräýdä" diýer. Ol gyza lak atdygyň däl, bir ýerde görenem bolsaň muny özbaşdak etmäwer. Saglygyňa zyýan ýetirmegi mümkin.
Otluda.
Wagonyň içinde ýerleşýän geçelgedäki oturgyçlarda oturan gyzlar, kupeň içine öwrenişmänligi ýa-da içindäki ýolagçylaryň ýerleşmegine päsgel bermezlik üçin oturan bolmagy mümkin, bu ýagdaýdan romantika gözlemäň. Şu ýerde bir waka ýadyma düşýär. Size gürrüň bereýin, ýöne hiç kime aýtmaň, aýtsaňyzam hiç kime aýtma diýip aýdaweriň.
2007-nji ýyldy. Tanyşrak oglanlar bolup Aşgabada işe barýas. Otluda her kim öz ornuna ýerleşdi. Diňe bir oglan daşynda oturguçda otyrdy. Aňyrrakda bir gyzam oturgyçda oturan. Bu kowboýam oňa seredip gözüni gypýar, ol gyzam tumşugyny towlaýar. Opba, Gannam star, tumşugyny towladymy diýmek mende göwni bar diýip, muňa wozduşny posalar ýollaýar, garaz her-hili bolýar bu beçe. Ol gyzam muny kupede oturan agasyna aýdýar. Kupeden çykyp bul oglana tarap gaýdýar bir King Kong. Hatda Waluýewem oň ýanynda çagasy ýaljak.
Gelşine bir eli bilen bokurdagyndan tutup ýokary galdyrýar muny. Bizem aşakda bäş bolup ýalbarýas:
"Agam gaty görmäweri, bul oglanyň kellesi nemeräk, ýakynda awariýa bolup kelleden agyr trawma alan, şondan bir gözi öz-özünden gyrpylýar" diýdik. Eger-de özi aýdan bolsa belki ynanmazdan. Ýöne biz japbaklar ýaly agzybirlikde bäş bolup ýalbaryp duransoň, ynandy öýdýän, goýberdi.
-Sen hakykatdanam dälimiň?
-Ä.
Dostumam polny däli knopkany basdy, başga alajam ýok indi.
-Iki gözüm sende bolar, küpä girme, şu ýerde otur, eger aldaýanyňy biläýsem, häki ederin.
-Ä, Ä. (Oskary alan aktýorlaram, roluny şul oglan ýaly ýürekden oýnan däldir).
Şeýdip bu betbagt agşam çyra öçýänçä bir gözüni gypyp oturdy.
Naharhana.
Tanyşlyk üçin iň erbet ýer. Bu ýerde gyzyň ýüzünede uzak seretme. Ol agzyma seredýärmikä diýip naharynam oňly iýip bilmez.
Awtobus.
Ine bu ýer gözleriň biri-biri bilen söýüşýän ýeri. Bir dostum münüpdir awtobusa. Seretse öňüräkde bir gyz muňa seredip mylaýym ýylgyryp dur. Başga zada ünsüni sowup, birazdan seretse ýene şol görnüş. Ýaňky gyz geçisi ekiz guzlan ýaly ýene ýylgyryp durmuş. Ilkä bu gyz irden demir kruşkada gyzgyn çaý içäýdimikä diýibem oýlapdyr. Soň bul oglanam agyrsyrap her wagt gözüniň gytagy bilen seredýärmiş o gyza. Garaz dostum gelmeli ýerine gelip düşende, bu gyzam düşüpdir. Soň dostumyň ýanyna gelip, özi tanyşlyk açyp, bile surata düşmäge razylyk sorapdyr. Bulam türkmen aýdymçylary ýaly durşuna näz bilen minnetmiş. Ahyryn selfie düşüpdirler. Ol gyzam begenjine jorasyna jaň edýärmişin:
-Jurkam, bir zat aýtsam ynanmarsyň, multfilmde bezzat çagalary bolan ene maýmyn bara. Eddil, kopiýa şoňa meňzeş oglan gördüm şu wagt, suratada düşdüm, baransoň görkezerin..
11 лайков 748 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Myrat
20 сен 2022, 01:07
Wokzaldaky tanyşlyk medeniýetinden az-owlak bilýän zadyňa ýokdur:)
RelaX
20 сен 2022, 01:28
televizor ??hhaahahhaha
Soho
20 сен 2022, 06:46
berekella, uzaldybrak dowam etsene yene shular yaljak
Ötegçi
20 сен 2022, 07:42
Jemleme çözzi??????
Aymyrat
20 сен 2022, 08:24
Demir kruşge cozdi.hah hah ha.
Aymyrat
20 сен 2022, 08:27
Bas polny gaz stuk bolynçañ.:-):-):-)
Gauzen
20 сен 2022, 09:11
myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen, tekeri ýarylan


Tapýaňaý senem agam hihi
GoGo
20 сен 2022, 10:09
Salam! Hiç kime-de aýtmarys. Arkaýyn boluň! :)) ???
senagul
20 сен 2022, 14:57
Sonky gyzykly eken ?
Brock
20 сен 2022, 16:16
Ýazgyňy okamakam teswir ýazaýyn. Sen ýazvy paýlaşsaň içimden birhili begenç duýgusy oýanýa. Şol badada girip okaýan. Köp köp sag bol Massimus. Häzir okaýyn munam :))
Brock
20 сен 2022, 16:21
Kupeden çykyp bul oglana tarap gaýdýar bir King Kong
?
Brock
20 сен 2022, 16:22
myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen, tekeri ýarylan
?
Brock
20 сен 2022, 16:24
-Jurkam, bir zat aýtsam ynanmarsyň, multfilmde bezzat çagalary bolan ene maýmyn bara. Eddil, kopiýa şoňa meňzeş oglan gördüm şu wagt, suratada düşdüm, baransoň görkezerin..
Aý blä ? Gyz çözdilaý menä garaşmadym beýle diýerne ?
Cloud
20 сен 2022, 16:24
Спасибо вам.
Интересно было!
Nazar
20 сен 2022, 16:38
Mowzuga girenimde awtomatiçesky yylgyryp giryan soň kyn bolmaz yaly.
Agam spasibo ellerine guller bitsin.
(Shu Massimus girse goterip baslaya diyip yalnys pikir etmawerin gyzlar :)))
Myrat
20 сен 2022, 17:20
FanB
Mowzuga girenimde awtomatiçesky yylgyryp giryan soň kyn bolmaz yaly.
Agam spasibo ellerine guller bitsin.
(Shu Massimus girse goterip baslaya diyip yalnys pikir etmawerin gyzlar :)))

hihi
Victus
20 сен 2022, 17:35
Haýsy gyz yzyndan sygyrylan wagty yzyna öwrülip: "Haýsyň sygyrdyň, tüweleme sygyryşyň gowy eken, agzyň bilen "Ärtogruly" çalyp beräýdä" diýer.
hihi
Nazar
20 сен 2022, 17:43
- Bizem aşakda bäş bolup ýalbaryas ??
Gauzen
20 сен 2022, 17:47
Victus
Haýsy gyz yzyndan sygyrylan wagty yzyna öwrülip: "Haýsyň sygyrdyň, tüweleme sygyryşyň gowy eken, agzyň bilen "Ärtogruly" çalyp beräýdä" diýer.
hihi

?????
Aymyrat
20 сен 2022, 17:49
McM stile. Indiki mowzuklaryña sabyrsyzlyk bn garaşyan dowam et!!!
XYIVENIA
20 сен 2022, 17:54
????
Pegas
20 сен 2022, 18:43
Bir dostum münüpdir awtobusa. Seretse öňüräkde bir gyz muňa seredip mylaýym ýylgyryp dur. Başga zada ünsüni sowup, birazdan seretse ýene şol görnüş. Ýaňky gyz geçisi ekiz guzlan ýaly ýene ýylgyryp durmuş. Ilkä bu gyz irden demir kruşkada gyzgyn çaý içäýdimikä diýibem oýlapdyr. Soň bul oglanam agyrsyrap her wagt gözüniň gytagy bilen seredýärmiş o gyza. Garaz dostum gelmeli ýerine gelip düşende, bu gyzam düşüpdir. Soň dostumyň ýanyna gelip, özi tanyşlyk açyp, bile surata düşmäge razylyk sorapdyr. Bulam türkmen aýdymçylary ýaly durşuna näz bilen minnetmiş. Ahyryn selfie düşüpdirler. Ol gyzam begenjine jorasyna jaň edýärmişin:
-Jurkam, bir zat aýtsam ynanmarsyň, multfilmde bezzat çagalary bolan ene maýmyn bara. Eddil, kopiýa şoňa meňzeş oglan gördüm şu wagt, suratada düşdüm, baransoň görkezerin..

:D
arsi
20 сен 2022, 22:57
dogry
Ependi
20 сен 2022, 23:20
"Сказал Аркадий Райкин - Женщина друк чедовека!" - diýämi))
Ependi
20 сен 2022, 23:45
Oglanlaň biri gürrüň berýär: "10-njy klas wagtymyzdy. Dostum bilen wtobusda gelýärkäk, biziň garşymyzda bir gyz ot-yrdy. Ikimiziňizem gözümiz şol gyzda. Ol gyzam özüne seredilýänni bilip, käte gözüniň gytagyny aýlap goýbärdi. Şonda ol ýene bize göz aýlady welin, menem bir gözümi oňa gypyp goýberdim. Ol gyzyň ýüzi dym-gyzyl boldy. Yzyny diňle, gyza gaty üns berip, ýanyndaky oturana ünsem bermändirin. Seretsem, bir daýaw pyýada otyr. Olam indi gözüni alardyp maňa seredýär. Bilemok, agasymy ýa kakasy bolsada. "Bir awtobusdan düş entek, kime gözüňi gypmalydygyny öwrerin" diýjek bolýan ýaly, barha maňa dişini gyjaýardy. Gyzy şobada unutdym. Indi, "bolşy şun ýaly" diýdirjek bolup, nirä seretsem, ýaňky gypan gözümi gypyp ugradym. Aýnadan daşary seretsem-em gypdym, aşak seretsemde gypdym. Edil, synçgylawuk tutýan ýaly, gözüm öz-özünden gypyldy durdy. Dostumam ýüzüme seredýär, "nämow, sag tarapyňa paraliç degdimaý?))" - diýip. "Ýuwaşrakhow, masgara edýäň, düşemsoň düşündirerin" diýän. Daýaw pyýada sag gözümiň zol çekip duranny görüp, "aý bula sag däl öýdýäm, kemli bolaýmasa" diýip düşündi öýdýän. Soň maňa üns bermesini goýdy. Awtpbusdan düşüp ginensoňlar goýdum gyrpmamy. Ýöne, şol gün endik boldumy näme-mi, soňam gyrpyldy durdy. Gaty gorkanymdan bolaýmasa" diýip, gülüşdiripdi. Käte, şeýle wakalaram bolaýýar))