Hoş sag bolyň mähriban saýtdaşlar!

Ilki bilen hemmäňize mähirli Salam. Ýagdaýlaryňyz nähili öý-içerler, işler-güýçler ýerbe ýermi? Mende bir ne gynandyryjy ne-de begendiriji täzeligim bar. Ine sanlyja sagatlardan menem nesip bolsa gulluk borjyny ýerine ýetirmäne gidip barýan. Şonuň üçin siz bilen hem hoşlaşyp galaýyn diýdim. Özleriňize gowy serediň, alymyzdaky doglan günleriňizi, baýramçylyklary şadyýan geçiriň. Öz maksatlaryňyza ýetmek üçin elmydama hereketde boluň, ýakynlaryňyzyň we wagtyň gadryny biliň. Bir etjek bolýan işiňize ýa-da planyňyza näçe ir başlasaňyz özüňiz üçin gowy bolar. Geljegiňiz hakynda oýlanyň. Iň esasy zat hem saglygyňyza üns beriň. Menem sizleri ýatdan çykarmaryn. Sebäbi bu ýerde, siziň gyzykly mowzuklaryňyzy höwes bilen okap geldim. Nesip bolsa ýeneki ýyllar duşuşarys. Üstünlik hemraňyz bolsun!

Şu saýta girýän her biriňize: tanyşlara we ýakyn dostlara, agalar-inilere, ekeler-uýalara hemmäňize minnetdarlygymy bildirýän. HOŞ SAGBOLYŇ!
Size bolsa @Гость aýratyn sagbolsynymy aýtýan!)

@State
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Başladym sizi küýsäp otly durka ugraman
Söýgüli maşgalam, bu gije uklaman
Nirä düşjegim entek belli däl
Äpişgeden seretýän, gelen maşgala kän
Kimi aglaýa gitýä ýekeje ogly
Kimi gussaly garaşýa ugraýança otly
Menem elledim äpişgäni, saňa ýetjek bolup
Ejejan, ýetişmedim habar berip
Gördüm doslammy, saklanyp bolanok
Bukuldum arkada, gözlem diýenim edenok
Kä biri otyr ýylgyryp, men bolsa doňup galdym
Uran ýaly depämden ýyldyrym
Gygyrdym, doslamma, ejeme bildiriň
Diýdiler hökman sag aman gaýdyp geliň
Ýöne hiçkim düşünmez maňa eger-eger
Otly ugrady, men indi esger.

Ýadaýa aýagymda gara ädik
Ädimde eje ädim, öýümde eje ýadym
Men, ýakynlam sag aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje, guş kimin uçup saňa ýeterin

Ýadaýa aýagymda gara ädik
Ädimde eje ädim, öýümde eje ýadym
Men, ýakynlam sag aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje, guş kimin uçup saňa ýeterin

Seň elleň bal eje, indi düşündim
Bişirýän naharlaň ogluň üçin düýş indi
Hemme zat gül ýaly, ýüregim gysanok
Diýip hatda aldaýas, gullugyň duýgysy ýok
Bärdäki oglanlaň ba kiçisi ulusy
Ýazýa dosdy biri birinä söýgülisi
Bar gaharlysy, bar gaýgylysy
Sowuk gijeleň bärde tapdyrmaz ýylysy
Menem tapdym özüme bärde bir iki dost
Göwnüm ýeňleýän ýaly, paýlaşsak bir iki söz
Diňe şolar maňa düşünäýmese eje
Ýatlaýas gündiz sizi, ýatlaýas gije
Her gün täzeden gaýtalanýa
Belki unudylar öýli öýe gaýdylanda
Wagt doňan ýaly diýsegem geçer gider
Birazajyk ýataýyn, men indi esger.

Ýadaýa aýagymda gara ädik
Ädimde eje ädim, öýümde eje ýadym
Men, ýakynlam sag aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje, guş kimin uçup saňa ýeterin

Ýadaýa aýagymda gara ädik
Ädimde eje ädim, öýümde eje ýadym
Men, ýakynlam sag aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje, guş kimin uçup saňa ýeterin

Şo bir nahar, şo bir eşik
Şo bir ýassyk, şo bir düşek
Ýöne Watanym üçin gulluk etjek men
Ogluň esger aýt kimem sorasa eje
Şo bir nahar ýene-de, şo bir eşik ýene-de
Şo bir ýassyk ýene-de, şo bir düşek
Ýöne Watanym üçin gulluk etjek men
Ogluň esger aýt kimem sorasa eje

Ýadaýa aýagymda gara ädik
Ädimde eje ädim, öýümde eje ýadym
Diňe sen ýadymda
Men, ýakynlam sag aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje, guş kimin uçup saňa ýeterin

Bu aýdymy öň gulluk edenlere
Şu wagt gulluk edýänlere
Indi gulluk etjek ýigitlere bagyşlaýan
Gaýrat ediň!

(Sana gaýtmagyma näçe gün galdy..)

? Syke Däli (Hiçkim)
11 лайков 298 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
28 окт 2022, 03:19
sag amanja gidip gel inim...
Massimus
28 окт 2022, 03:36
Sag aman gulluk borjuňy ýerine ýetirip gel!
Soho
28 окт 2022, 05:55
sag gidip aman gelin
Öwreniji
28 окт 2022, 08:59
Sagaman gidip, öz gulluk borjuňy uly abraý bilen dynyp, belki nesibäň çekse ýokary okuwlara girmek, bolmasa gowy işler bilen meşgullanmak miýesser etsin. Saňada minnetdar, göwne degişlik eden bolsak hemme agzalyň adynda ötünç soraýan. Üstünlikler ýaran bolsun. Gitjek wagtyň ähli agzany özboluşly username ulanaýdyňmy ????
S❤
28 окт 2022, 12:42
Il bilen gidip il bilen gelin. Sag aman gidip gelin.
murat yousef
28 окт 2022, 14:17
Sag aman gidip gel, bratik!!
Bahar
28 окт 2022, 14:36
Sag-aman gidip gel.

Menem saýtdaşlarymy küýsedim. Sizem bir bir dagap barýaňyz. Öňküleriňem ep eslisi ýok.
kone natanysh
28 окт 2022, 15:21
Tüweleme, watana wepaly esger bol. Sag aman abraý bilen dynyp gel.
Belki
29 окт 2022, 14:33
Sag-aman gidip geliñ!
#B.S
29 окт 2022, 20:10
Sagaman gidip, watan öňündäki borjuňyzy mynasyp ödäp geliň!
Ejegyz.
29 окт 2022, 20:47
Sag gidip, aman geliň!
#динара.
30 окт 2022, 22:48
Sag aman baryp gel ziom:)
Sañada köp sag bolsun aýtýan:)
Ahmet
30 окт 2022, 23:51
Sag-aman gidip gel drug
Pegas
31 окт 2022, 08:08
Sag-aman, abraý bilen gulluk et. Yzyňdakylara-da aman-sag gowuş.
My life
01 ноя 2022, 00:10
Sag aman dynyp gel, janyñ sag bolsun.
xuliganka
02 ноя 2022, 18:28
Sagaman gidip gel snada kop sag bolsun aytyan