Patyşa täji barada

Patyşa täji barada komplimasiýa teoriýasy.

Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň.

Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala bir zat bolaýjak ýaly, gökden birýerden gudrat inip patyşa gonaýjak ýaly bolýar. Emma beýle bolanok ?. Şowagt biri turup "Ýaşasyn Beýik we Gudratly patyşamyz" diýip gygyrýa we hemme oň yzyndan gaýtalaýar tamam wessalam.
Indi başgaça pikirleneli hormatly okyjylar. Patyşaň täji gadymda oňa güýç gudrat berýän bir enjam bolan bolsa nä???
- ? Oýun edýäňmeý Hantöre?
- Ýo oýun etmäge indi başlaýan.
Men siziň eliňize bir zažigalka berip gadym zamanlara (döwletleriň emele gelmedik zamanyna) taşlaýan. Sen şol zamana düşüp, şol zamanyň adamlarny eliňdäki zažigalka bilen huýet etdirýäň. Oň kömeginde ot ýakyp naharyňy bişirýäň, ýylanýaň, buýrugyňy ýerine ýetirmedikleri bolsa oda ýakmak jezashny berip bilýäň. Sebäbi ony nähili ulanmalydygyny diňe sen bilýäň. Soň ogluňada beýle mümkinçilikden peýdalanmagy isleýäň. Şeýdibem sen olaryň monarhy (patyşasy) bolýaňda ýer ýüzüniň ilkinji döwletini gurýaň. Emma gynansakda zažikalka baky däl. Ol ulanylyşdan galsada halky "ol henizem işleýär" diýip aldamaly bolýar. Nädip? Ritual arkaly. Bu gezek biraz başgaça bolýar. Sen şol zamanda ölip gidensoň seň weziriň seň ogluňa halkyň öňünde senden galan hiç zada ýaramaýan zažigalkany gowşurýar. Halk pahyr oň zapasynyň gutaranyny näbilsin? Sen ritual bilen halky aldap bilseň boldy soňlugy bilen ondan ot çykýany unudylyp gidýär. Edil täç ýaly.
Gadymda täç näme gudrata ýaradyka? ? Herimiziň öýmüzde bolmasada köpimiziň öýmüzde wi-fi routerleri bar. Simsiz geçiriş. Beýni-kompýuter interfeýsleri geljegiň enjamlary däl. Olar patyşa täjiniň hut özi. Alymlar hiç haçan täze zatlary tapanok olar gadymda ulanylan we Nuh pygamber tupany (Özem bu tupan has gadym zamanda bolan hadysa däl) zamanyndan bäri ulanylyşdan galan zatlary oýlap tapýalar. Gadymy ertekilerdir dessanlardaky uçýan halylar, jadyly aýnalar, dyrnakdan görmeler we ş.m meňzeşler hakykatda bolan enjamlardyr.

© Khanture
2 лайков 263 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
30 ноя 2022, 16:45
Beýdiýdiňow Gylyçguly
Ahmet
01 дек 2022, 18:41
Goýsana ??
Gorkunç hem gyzykly ?