Myhmançylyk.
#Myhmançylyk
Okuwyň soňlaryna golaý çagyrypdylar myhmançylyga Daşoguz iline meni. Menem begendim, okuwymyň iň soňky jogaby bu ýetip gelýän jogabam. Menem öýmüzdäkilere habar etdim men gidip barýan myhmançylga
diýip, öýdäkilerem sag bolsunlar rugsat berdi. Bizem öňünden uçara biletlerimizi alyp gidiljek güne taýýar bolup oturyberdik. Ertirler ertirleri kowalap ahyry garaşylan güne ýetdik. Biderek geýmejek, ulanmajak zatlaryňy taşlap gaýt biderek ýük edip alyp gaýdaýma diýip ýokardan jaň geldi. Ýokardan jaň gelse etmesem bolmazdy. Iki gün öňüden taýýarlap goýan goşlaryma seretdim ir bilen ( är ömrümize iki sanyjak täze eşigimiz bar oňam birini taşlap gaýtamaly boldum ) bir sanyjak täze eşigimiz, öýde geýmäne köneje eşik we şm, telefon zarýatniik, 7-8 ştuk kofe, 2-3 süýji, jübüt-jübütden täze-köne (köne diýenime düşündüňmi? *üstünde aýlaryň ýadawlygy bolan weteren joraplar ýa kellesi ýarylandyr ýa aýagy ýarylan operasiýa edilmedik, böwrä aňsat-aňsat ýarylanok o tarapdana arkaýyn, entägem komada däl şoňada şükür) jorap, az-owlak öýdäkilere sowgatjyk kiçijek hä birem gara rukzagyym bolany bar goşum. Kompýuterem zyňyp gaýtdym, öýkelemese ýagşy). Soňky ekzaminem tabşyryp gaýtdyk. Öýe geldim betinden geýindim aýakda 2015-2016 okuw ýylynda sowgat gelen Toyota Avalona kybapdaş dünýä belli marka esasanam futbolda sutýalar geýýä, başga ýerde menä duşmadym Lotto ak-gök reňkli, ýene inim bilen Ag’da alan jynsym reňkä başda beýle däldi rewolusiýa geçirdi Mercury elementiň reňki ýaly boldy çalmy nämemi, onam 2017-de aldymmy diýýän ýadyma düşenok, kakam tarapyndan berlen Tommy Hilfiger brown sweeter ýyly 2015, ýene üstümde kaka mirasy amerikan basketbolçylaryň geýýän kurtgasy ýaly Take Fivelyja kurtga ýyly 2002, çynymy aýtýan 2002 ýyly ýalňyş görmediň, aýtdyma kakamdan ýadygärlik aldym diýip, maddy gymmatlygyň sinonimi ruhy gymmatlygymy ana şo tarapdan juda möhüm maňa, sebäbi kakamam talyp döwrü geýýen eken nirden-nirä nesip bolsa menem ogluma çenli ýetirjegä) oglumada aýtjak gowja geýmelisiňou ogluňa galdyraly bolýamy diýip), kellämdede üýtgeşijek papoş(kiçilikden galan papoşyň hany, papoşyňy geý üşäris garaz papoş diýip ulalan oba oglany men, çarçow tarapda şuwagt topby diýäler, blogyň galan ýerinde topby sözü gelse nämekä diýip ensiklopediýany ýada wikipediany açaýmaň diýip öňünden kömek) hä ýadymdan çykypdyr Daşoguz tarap sowuk diýdiler diýip aýagymda iki jorap hälki täze-köne gardaşlar).Şu halda gitjek men diýdim. Öýde galýan oglanlaryň biri " gowja geýnäýem eşikleriň bara diýdi, öýlenmelemä bolarsyň, gyz tapmaly bolarsyň, bu bolşuňa hiç gyzam seretmez saňa diýdä " Menem ýylgyrdymda jogap berdim eger egin başyma(üstümdäki eşige göre ) seredip maňa seretjek olsa biderek azara galyp otyrmasynlar diýip aýdaý şolara diýip aýtdym menem. Ýokardan jaň geldä häli, znaçiit ejem okuwa gaýdamda iýip-içgi köpräk saljak bolup şeý diýendir diýip oýlandym. Oleýý. Urrraa.
Ana indi gidibermeli. Ýolugra meni Dz’da myhman aljak oglanyň Sähetnazaryň ýanyna bardym. O taýda bir kofe bilen aý kökäni gömdük. O diýmäne oglanlar geldi ýadygärlik surata düşüp, sag-amanlyk aýdyşyp ýola düşdük. Aeroportda bardyk, barlagdan geçdik. Registrasiýaňam wagty geldi, bardyk nobata durdum. Şol ýerde ünsümi bir zat çekdi. Haýran galýan daş töweregimdäkileriň aglaba köpüsi talyp heniz 20-25-inde, tüweleme gyz-oglan baram krasiwyy geýnen gyzlar sindirella, oglanlar ak atly şazada. Özüme seretdim orta asyrlaryň takmynan Bamsi begiň döwründen gelen derwüş ýaly bolup durun olaň ýanynda. Bir hili boldumaý, ýanymdaky birinden soradym " meňden galany bet geýnipdir, men bir normalnymy ýa gidip oňatja geýnip geläýsemmikäm diýdim, bulara seredä toýa barýan ýaly, köne derwüş ýaly bolup durna bulaň ýanynda diýip". Olam Gurban senem tapýaňaý, normalny geýnipsiňä maňa oňat sada geýnipsiň diýdi. Menem azajyk degişme äheninde gep zyňdym orta: şular ýaly boljagyny bilýädim, şoň üçin şular ýaly geýnip geldim birden men kimdir birine gerek bolaýsam, ýada ýolagçylaryň arasynda ýitäýsem aňsat tapylar ýaly different geýindim diýdim. Hä tas ýadymdam çykypdyr hälki gara rukzagym içindäki bar goşu bilen 4.60 kg çykda. Hem ýeňil, hem azajyk. Buşluk äpişge tarap özem edil motoryň ýanyndan ýer berdiler. Anonsy eşidip uçarymyza tarap ýol aldyk uçara mündik şeýdip wagtynda howalandy uçarymyz, ana şeýdip gözel Lebap bilen hoşlaşdyk. Ýanymdaky gözel elf bilen biraz söhbetdeş bolduk. Gözleri gara üzüm ýaly owadan ekenäý. Soň ol telefonyndan Zemheri açda, nirden çykdy ne gözel söhbet edip barýadyk. Gahar etdim menem telimde Abdydaýy açdym. Gahar etdim diýdimä dowam, penjirä ullakan kellämi ýasladym synlap barýan daşaryny, hemişe uçmak isläpdim. Häzirem isleýän olar ýaly uçar,dikuçarda däl obiçni özüň bolup Eminemiň Not Afraid aýdymynyň wideo şekilindäki ýaly, ýa bolmasa Tony Stark ýaly. Şeýle uçmagyň hyýaly bir tarapdan, Abdydaýyň aýdymynda käbir sözlerinde näme diýjek bolýanyna düşünjek bolup oýa batyp gidip otyryn. Az salymdan ak kepderler mysaly ak bulutlar bilen sataşyk, bulutlar diýýän bulutlar birýerlere howlugup barýardylar özä göwnüme bolmasa ...
Soňuňda soňky duralgamyza gelip ýetik sag aman, uçaryň gapysy açyl-açylmaz bir sowujak şemal gelip gujaklady, tanyşdy bu sowuk şemal ýagyş ýagmazdan ozalky şemal. Uçardan düşenimizem şo boldy utangaç ýagyşam gelip gujaklady bizi. Soňra Daşoguz aeroportdan Akdepe etrabyna tarap ýola düşdük. 1 sagada golaý ýol alanymyzdan soň bardyk barmaly ýerimize. Üýtgeşik eken, öýe geldik derwezäň öňünde durus, biziň tarapda derwezden girseň howlunam geçip öýe girilýädä, bärde bular ýalyk däl eken, derwezeden girdigiň göni öýe girdigiň eken. Bizi Sähetnazaryň ejesi Şirin gelneje mähirli garşylady. Reski-reski goşlarymyz taşladyk, el-ýüz ýuwuşdyryp nahara otyrdyk. Lawaşdan içi etli-peýnirli kytyrdap duran somsa iýdik. Birinji sapar dadyp gördüm menä bular ýaly tagamy, ýamanam göwnümden turdy. Soň ýene naha r geldi. Iýip otyrs bizem näme. Sähetnazaram söýgüli gara çaýyna gowuşdy. Hezil edip hesret giderdiler. Gara çaý Daşoguz tarapda gara çaýa süýt goşup içilýämi ýa-da tersine gaýnag süýde gara çaý atylyp içilýämi şolar ýaly bir zat. Menem işjek welin mende ters reaksiýa berýä, şoň üçin biz öňkije gök çaýymyzy aldyk ýanymyza. Iýip içip bolanymyzdan soň Sähetnazaryň gürrüň beren ýerine tarap köçä ýöräp başladyk. Akdepe etrabyndaky iň uzyn minaraly metjidem gördük bahana bilen. Bardyk ýanyna uzyn 60 ýada 70 metrden gowrak eken ýekeje özü elip ýaly dimdik dur. Iki sany ýol bar girelgede. Sag we çep. Megerem sagdan girilýä, çepden çykylýa eken. Kerpiçden salan. Gurulan ýylyna soramandyryn. Içinede girmek miýesser, bir sanyjak suratyny aldym. Soň öýe gaýtdyk Akdepäň köçeleri bilen. Öýe geldik ýene nahara otyrmaly hälki iýen naharymyzdan bäri geçen bolsa 1 sagat geçendir. Nahara otyrdyk ýene nahar iýdik, sag bolsun Şirin gelneje nahar baryny getirip otyr. Iý-iý arkaýyn öz öýüň ýaly basyber. Wah iýjek bolun aşgazanda ýer ýoga, siltenip zat edip azajygam ýer aşsak bir peýda diýdim. Ondan soň çaý geldi kökelerem zordan sygdyrdyk aşgazana. Sähetnazaryň Serdar kakasy geldi. Half Life’ň gurjusy Gabe Newell’ň sakalsyz görnüşi daýawja ýaşuly geldi. Mähirli salamlaşdy meň bilen, prikolja biri eken. Azajyk söhbetdeş boldykda turdyk saçagyň başyndan. Şeýdip birinji gün geçdi.
Gije ýadyp gündüz turanymyzdan soň ýol ýadawlygymyzam aýryldy. Irden bize sowgadam garaşyp dur eken. Gije hemme kişi ýatyrka ümsümjikden gar ýagypdyr, hemme ýer ap-ak. Begendim ilki gelemde ýagyş, soň gar. Nähili bagtly adam men. Sähetnazar, Döwran dagy bilen men daşaryk çykdym. Ýadymdan çykypdyr Döwrän barada bir-iki kelam söa aýdaýyn. Sähetnazaryň ganybir inisi. 7nji synp eken özü. Owadanja Daşoguz oglany. Home Alone'daky Kewine meňzeş. Saryja biri. Ýaman bilesigeliji, höwesjeň. Gou wagt geçirdik özü bilen Rubik Kubik düzmäne kömekleşdim oňa, küşt, şeşepeş, kart oýnadyk. Baryndadam Döwran utdy, men utuldym). Daşaryk çykyp garda selfie düşmäne ýer gözledim. Üşekde gou bolar jň gowy peýzaž şo taýda bar diýip aýdylandan soň, çykdym menem merdiwandanda ýokarda bir sany surata düşdüm. Asyl ol gün aýlanma başlamalydyk welin gar ýagandygy sebäpli, aýlanmana başlap bilmedik. Aslynda men Ybrahym Edhem, Aşyk Aýdyň Pire ýaly ýerlei görmek isläpdim. Olaryňam biri bu jetde beýleksi o jetde eken. Ybrahym Edheme gitjek bolsaň dagy daş, aňyrda ýatyp gaýtmaly eken. Aşyk Aýdyň Pire tomusda doglan günü mynasybetli şowhunly dabara geçirilýä eken. Dürli ýerlerden gelen bagşylar, sazandalar şol ýerde üşüp aýdym,dessan aýtýalar eken. Ana şo wagta gabatlap gelip bilen gowy didýip aýdylar. Menem Abdydaýy, Syke Dali, Vagrant ýaly rap aýdasammykam diýip pata alman gitjekdim piriň ýanyna). Rap gowy görýände men. Şeýdip ol ýerlere bolan gezelenjimizi otmenit etmeli bolduk, soň nesibeli güne goýdyk. Şeýdip öýe çekildik çaýyymyz aldyk ýanymyzada söhbet edip otyrdyk. Şirin gelneje sag bolun ol günem nahar baryny eçildi. Aşgazan baýram etdi naharlar saýasynda. Häli uçarda gara gözlüje elf bar diýdimä, olam operasiýa bolupdyra elinden. Geçdigi bolsun niýetlerimizem ugratdyk oňa. Ikinji günümizem gysgaça şular ýaly boldy.
Geldik iň gyzykly güne. Üçünji günümdi eýýäm Daşoguz ilinde. Öňki meýilleşdiren planlarymyzam suwa gaçandan soň Köneürgenje gideli diýdik 360y hem göreris diýdik. Ir bilenä turdyk sagat 10 töwereklerem ýola düşdük. 1 sagat ýol söküp Köneürgenje bardyk. Howa ýapyk bulutly üstesine şemal tizligem bar özä gowja. Törebeg hanymyň mowzaleýiniň ýanyna bardyk. Telefonymy çykaryp birinji surata düşýänçäm elim üşedidä eýýäm. Mowzaleýa girdik arheolga däl biz ýöne şondada özümüzçe içimizden bir zatlar samran boldyk. Düşünmäne synanyşdyk kelle şol döwürlere tarap gaýdy XII-XIII asyrlara. Orta mekdepde okan taryh kitaplarydan ýatda galan temalarymyz täzeden ýadan getirdik. Garaz şol wagtky ruhu ýaşanmana dyrjaşdyk. Soňra ýoluň beýle tarapyna geçdik. Ilki bilen garşymyza Abu Seýitdi ýalňyzmasam şo ýagşyzadaň mawzoleýinem gördük. Ýalňyşmasam Törebeg hanymyň mawzoleýini guran kişi diýjek bolýalar. Nädereje dogry bilemok. Ýodajygy yzarlap ýöräp baryp otyrys iki tarapymyz sazaklar bar, mazarlarada gözüm ildi. Gutlag Timuryň minarasyna ýetdik, daş töwereginde adamlar aýlanyp ýören eken, il bilen gelen toýda baýram diýýä bizim goşuldyk olaryň arasyna apaçileň tansyň başynda aýlanyp tan edişine döndü. Geň zatlaý. Menä çynymy aýtsam şu yrym diýilýän zada kän ynanammok. Prosta iller edip dur bizem geň görmesinler diýip goşulaýdyk. Şemalam merhemet etjege meňzänok elimiziň reňki üýtgäp başlada ýöne özümçe iň gowy suraty şoň ýanynda düşdüm. National Geography žurnalynada baş surat edip goýsam boljak hehe). Şemal tizligi peseläýenok meňem maňlaýym gara bolansoň hemişe bela sataşaýýanda ýa bela maňa sataşýa. Kellämi galdyryp ýokaryk seretdim minaram ýokarysy gyşaran, şemala gaçaýjak ýaly bolup dur. Zährämiň bedenimde nirsinde ýerleşýaninem bilemok welin şo ýarylaýjak boldy. Ýanymdaky oglanyň böwrüne dürdüm ýörouu çaltral gideli hudaý saklasyn ýykylaýmasyn bu soň ýanynda gurban bardy bolar. Göni jyrdyk oň ýanyndan, şol minaraň ýanynda kiçijek grara öýe meňzeş zatlar bar eken. Içine girdik, guýy bar eken ol ýerdede apaçi tansymyzy edip, çykyp barýakak guýuň suwundanam datdyk. Soňra Soltan Tekeşiň aramgähine bardyk ola gulply eken içini görüp bilmedik, ýanynda surata düşüp gaýdyk. Şolaryň bäri ýanynda depe bar eken. Aý ýör ýör boluşyp ol ýerigem bardyk. Ol ýer birazjyk üýtgeşik eken. Hiç kim hiç zat diýmänsoň gidip otyrys bizem. Mazarlar bar eken käbirisiniň ýagdaýy agyr kerpiçden bolandanmy döwülen ýerleri bar bolan, içi çöken, doly çöken hat-da böwründen ýarylan mazarlaram bar eken. Ýanymdaky aýtdy boldouu indi ýor gaýtdyk diýip çekeläp alyp gaýtdy. Näme üýtgeşik zady bar, geljegiňdirdä. Ol ýerlerde hiçkimem ýok bolansoň girmeli däl ýer bolaýmasyn, men barja kanikulumam gözenekde geçiresim gelenok diýip alyp gaýtdy. Maňa galsa gitjekdim nirde gutarýan bolsa şo ýere çenli. Ol ýerden gaýdyp ýene bir mawzoleýiň ýanyna bardyk. Alow pir. Menden öň bir sany ýaşuly girip gitdi, şoň yzy bilen bizem girdik. Ýaşula goşulup bizem bir el galdyrdyk. Soň ýene aýlandyk. Bildigimiz mazar bar, mazar diýseme Alow piriň mazaram uzyn eken, uzyndanam uzyn. Etmelem däl welin ädimlerimi sanadym 12-13 ädim çykdy. 5 metrdenä uzyn ol. Bäh diýip goýdym. Aklym çatmy bu işe!? Soň ýaşula goşulup bir el galdyryp gaýdyk. Ol ýerde garawulyň ýanyna bardyk. Salamlaşyp agam alowyňdan bizem ýylanaly diýip. Odyň başynda ýylanyp gaýtdyk. Indi barjak ýerimizem Il Arslanyň mawzoleýi. Onam synlap, surata düşüp gaýtdyk. Aý hool aňyrda ýene bir binagär ünsümizi çekdi. Ýöredik, ýöredik ýaman gowy ýöredik şemalam ýüzümize tarap bolansoň 15-20 minut ýöräp bardyk. Binaň maglumatyny okap görsek näbelli binä diýýämi nämemei, ýöne bina daşky görnüşi derwezä meňzeş. Ol ýerem synlap gaýtdyk. Bu ýerlerä gördük diýip 360a gaýtdyk. Ýoluň gyrasynda duran taksilerden birine böküp kelle sana görä iki manat berdikde 360a geldik. Beýik adam Nejimetdin Kubra aramgähine. Ägirdiň ýanynda bir gowy edip el galdyryk ýagşy niýetler edil watanymyza, maşgalamyza, dostlarymyza doganlarymyza. Näme üçin 360 diýilýä bilýäňmi? Doly ýadymda däl maňada biri aýdypdy. Nejimetdin Kubraň ýa ýadymdan çykypdyr, hiç ýadyma düşmedä. Garaz Nejimetdin Kubraň başda pylança sany talypy bolýar, olaňam pylança talyby, olaňa pylança talyby, olaryňam ýene pylança talyby bolýar. 360 pirden diýilmegi şondan. Soň gaýtmaly bolduk öýe. Jemiljan hakda rowaýat eşidipdiňmi. Özü Nejimetdin Kubraň kömekçişi bolýan. Eline zadyna suw akydyp berýän. Kiçijek oglan eken ... garaz şolar ýaly
gowja rowaýat.
Meni iň gynandyrýan ýeri surat düşdük, gör gezdik zat edik welin, ýekeje zadymyz kem boldyda. Olam ýolbeledimiz. Ah bolsady diýdirdi. Biz şular ýaly alan demimizden taryhyň ysy burnumuza gelip duran, taryhyň ýüreginiň uran ýerinde, basan her topragyň birnäçe hekaýasy, rowaýaty, gören synlan binalarymyz näme meň ýaşymda dälä gör bak näçe zatlara şaýat bolandyrlar duran ýerlerinde ana şolary dile getirjek, şolaryň dilinden gürlejek adam bolmady. Nesip bolsa bu ýerlere ýene geljek, şonda ha tapyp goýaryn biri. Gyşda gelmejek bolaryn, şemal ýaman boldyou üşäp gitdim. Tomus gelseň yssy boljak şoň üçin mylaý howa wagtyny sazlap geljek bolaryn. Başda Daşoguzyň howasy biziň obaň howasy ýaly eken diýip ýordüm welin şemally günü görüp Daşoguzyň sowugy bilen oýun etmeli däldigini düşündim.
Köneürgenji zyýarat edip. Öýe gaýdyk. Ýolda hezil edip ukladyryn. Öýe geldik Şirin gelneje bizi ýene gowy edip naharlady. Serdar kaka diýip biri geldi diýdimä, ana şol jaň edip dur myhmançylyga. Men aňk-taňk bolup durun. Serdar agany gören bolsa çaý içip bolýançap görendirin 20-30 minut. Gidip barýaka gurban bizede gelmelsiň sen myhmançylyga diýdi. Men degişýämikä öýtdüm. Sebäbi birinji sapar gördü meni, ýanynda otyryp bir çäýnek çaý içendirin welin şondada meni köpden bäri tanaýan ýaly, gatnaşýan dosty hökmünde gyzgyn çagyrdy. Aý menem näme etjegimi bilmän durdym, sebäbi erte uçarym bardy Daşoguza bolan myhmançylyk saparymyň soňku günüdi. Öňem berlen sözler durdy Daşoguz şäherede barmalydym myhmançylyga ol ýerde garaşyp durdylar zola jaň edip haçan gelýäňe diýip. Ahry gaýtdym Serdar agalara. Geldim Sähetnazar bilen. Öňümden çykdylar agalar, gelnejeller "Oo Gurban hoşgeldiň, goumu ýagdaýlaň, okuwlar nätýä azalýamy " ýaly ýyly sözler bilen mähirli garşyladylar. Aňk-taňk bolup durşum iki esse köpeldi. Sebäbi şu ýaşyma çenli birinji sapar gören ýüzlerim, adamlarym maňa şeýle gyzgyn, mylaýym geldi. Reski öýe saldylar üşäp durma diýip adamlar aýakgabymy öýe saldylar ýa o dereje. Haýran galaýmaly. Saçagyň başynda otyrdylar gyzgynjak gök çaý geldi, yz ýaby bilen etli petir, katyrma ( tamdyr somsa meňzeş, tagamy başga eken, ýamanam gowy gördüm) , towukly çorba. Ol ýerdede gowy iýdirip içirdiler. Bir tarapdan iýip-içip otyrs bir tarapdanam gürrüň. Serdar agaň dogan garyndaşlaram bar olar. Gurban erte bizede gelmesiň diýiö başladylara). Aý soň ol ýerde aýyrmaly wagtym boldy. Şa aga sag bolsun şähere alyp gitjek taksini gürleşipdir. Öýden çykdygyň göne şähere ýöräbermeli edipdir. Sag bollaşmak agyr bolsa ol ýyly ýer bilen sag bolaşyp, hemme zatlar üçin taňryýalkasyn aýdyp hoşlaşmaly boldum. Men gidip barýakam Ýene gelmelidir Gurban, Daşoguza gelseň göni bize gelmelsiň diýip aýtdylara. Hoşlaşyp şähere tarap ýol aldyk. Maşyn men oýlandym biraz. Näme üçin Daşoguz Myhmansöýer lakamy berlipdirkä diýip ýördüm welin, subudynyň iň gowy şaýady boldum. Soňuňa çenli hak etýä Myhmansöýer lakamymy ýada adyna. Bular ýaly sowuk ýerde adamlar nädip ýaşaýaka diýip ýörsem. Şular ýaly gyzgyn adamlaryň biri-birine bolan garaýyşlary, biri-birine bolan hormaty, daşdan gelen adama öýünüň, saçagyny soňu çenli açmagy Daşoguz sowugunyň hötdesinden geldigini aýtýa ýada görkezýär. Bolan bular ýaly sowuk ýerde gyzgyn ýürekler bilen ýaşamasaň diri zombiden näme tapawut bar. Men pikir etýän, Daşoguza berlen Myhmansöýer adyna şäherlerini, etraplaryny, obalaryny hem bary bir eýedirä. Bu diýjek bolanym beýleki etraplar, obalardaky adamlaram şeýledir.
Şäherde geldik, Daşoguz şähere aýladylar. Şäher bilen tanyşdyrdylar. Soň myhman galjak öýümüze geldik, ol ýerdede ýene naharladylar. Dok bolsaňam iýmeli diýip.
Ertesi gün, öýe gaýtmaly günümdi. Daşoguz bilen hoşlaşmalydym. Bir tarapdan gynanýanam, beýleki tarapdan begenýän. Gynanmagymyň sebäbi aýlanjak ýerlerim bardy bolmady, nesip bolsa indiki sapar. Begenmegimiň sebäbi betinden gowy üç gün geçirdim Daşoguz ilinde, täze adamlar, myhmansöýer adamlar bilen tanyşdym, taryhy gördüm binalarda, mawzoleýlerde, ýerlerde ýatan mazarlary tarahy gören iň gowy kadrlarymyň biri şo ýerde ýatan mazarlar …
Garaz Daşoguz seni hoş gördüm, gowy ýatlamalar galdy ... Şeýdip Daşoguzabolan myhmançylyk saparym tamam boldy. Menem garaja rukzagymy arka atyp nirde öýüm-öýüm gözel öýüm diýip ýola düşdüm.
24 -27/01/2020
Awtor _ edhemii
*zemheri- türk serial filminiň ady.

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.