Brýus effekti.
Gemirijilerde "Brýus effekti" diýen ýagdaý bolup,munda göwreli urkaçy haýwan embrionlarynyň biologik atasy bolmadyk nätanyş erkek gemirijiniň ysyny almagy bilen onda tebigy ýagdaýda çaga düşmek hadysasy bolup geçýär.Muny ilkinji gezek 1959-njy ýylda iňlis zoology Hilda Brýus anyklaýar.
H.Brýus göwreli laboratoriýa syçanlaryny nätanyş erkek syçanlar bilen saklaýan wagtynda duýdansyz urkaçylarynda tebigy çaga düşmesine syn edýär.Urkaçy syçanlar biçilen ýa-da ýaş syçanlar bilen saklananda beýle ýagdaý ýüze çykmaýar.Nätanyş erkek syçan urkaçy syçanyň görüş meýdanyndan uzakda saklananda we bir-birininiň sesini eşitmedik ýagdaýynda-da beýle ýagdaý ýüze çykýar.Şundan soň bu ýagdaý erkek syçanyň ysy sebäpli ýüze çykýany mälim bolýar.
Erkek syçanyň peşewiniň düzüminde MHC class I preparaty bolup,ol urkaçy syçanyň Ýakobson organy (ys bilişiň periferik bölegi) bilen baglanyşýar we urkaçy syçan özüne ýakyn ýerde nätanyş erkek syçanyň barlygyny duýýar.Urkaçy özüni tohumlandyran erkek syçanyň ysyny tohumlandyrylyş wagtynda ýatlap galýar.Urkaçylaryň erkek syçandan aýratyn ysy duýup ýatlap galmagynda wasopression garmony esasy roly oýnaýar.Urkaçy syçanlarda wasopression 1b retseptor genleri aýrylanda,olar erkek syçanyň ysyny duýmaýarlar we çaga düşmegi hem syn edilmeýär.
Brýus effektiniň ewolýutsion ähmiýeti.
Dominant erkek syçanlar göwreli urkaçy syçana duşan wagtynda onuň beýleki erkek syçanlarda emele gelen göwresini aňsatlyk bilen "sabotaj" edýär we urkaçyny gaýta göwreli bolmak ýagdaýyna getirýär.Şunuň bilen Brýus effekti erkek gemirijilere özüniň jemgyýetçilik derejesini saklap galmaga mümkünçilik berýär.Dominat erkekleriň peşewiniň ysy güýçliräk bolanlygy sebäpli,urkaçynyň topardaky pes derejeli erkek syçanlardan nesil almagyna päsgelçilik döredýär.Urkaçy syçan bolsa Brýus effekti sebäpli güýçli,dominant erkek syçandan nesil galdyrýar.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.