Mariana çöketligi barada gyzykly maglumatlar

Ummanlar alymlar üçin entegem uly syr bolup galýar. Ummanlar köp gudratlaryň mekanydyr. Bularyň arasynda iň meşhury, dünýäniň iň çuň ýeri hasaplanylýan Mariana çöketligidir. 147 ýyl ozal Iňlis gämisi «HMS Challenger» tarapyndan açylan bu çukur çöketlik şondan bäri müňlerçe ylmy gözlegleriň mowzugy boldy.

Şu wagta çenli diňe birnäçe adamyň we gözleg ulaglarynyň ýetip bilmedik bu çöketligi dünýäniň iň çuň nokady hökmünde 10,994 metrde deňdir. Mariana çöketligi barada gyzykly maglumatlar:

- Mariana çöketligi ABŞ-nyň goralýan sebitine degişlidir;

- Onuň çuňlugy takmynan 10,994 metrdir;

- Bu äpet çöketlik iki sany uly gatlagyň çaknyşmagy netijesinde emele geldi;

- Ol özünde birnäçe suwasty wulkanlary jemleýär;

- Ýokary basyşa garamazdan çöketlikde ýaşap bilýän janly-jandarlar bar diýlip çaklanylýar;

- Gynansagam düýbi gaty hapa;

- 2012-nji ýylda Jeýms Kameron çöketlige girip gördi;

- Çöketligiň içine bir Ewerest sygyp bilýär;

- Çöketligiň ilkinji gezek 1875-nji ýylda üsti açyldy;

- Çöketlik Ýeriň dördünji polýusy diýlip hem atlandyrylýar.
2 лайков 127 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
27 янв 2023, 22:07
Goýsana?! 11022 metr diýip öwretdiler bizä ))
Nähili bolýar-da 10994 çykardyň ony?
picasso
28 янв 2023, 16:40
Gomulendir azajyk ?