Ýürekdeşime


Señ gaharly wagtyñ, gaharly menem,
Sen ýylgyran wagtyñ, ýylgyryş dogýar,
Eger pikirlermiz çapraz geläýse,
Dymýan,
Kä ýöneje ýylgyryp oñýan.

Sende mähirem kän, mertligem kän,
Gepleri diñlemek seniñ deñiñ däl,
Bir zat päsgel berýär, olam owaldan,
Gyz bolup dogulan ejizligiñ-dä.

Çözüm kän ykbala siñe garasañ,
,,Çykalga ýok" diýme, dertdeşiñ men,
Köp zat niýetiñe, päliñe görä,
Ýeñilme durmuşyñ şertlerinden.

Sen ýene müzzerýäñ, sähelçe söze,
Seret! Bahyllaryñ sen boljak bolýar,
,,Gorkynyñ gözüne seredip ýaşa"
Gussaly sazlara heñ boljak bolman.

Umyt bar öýkende dem barka entek,
Sen ýeke däl, daş:a itme golaýyñ,
Eger-de isleseñ, ynamym baglap,
Bir ömürlik ýürekdeşiñ bolaýyn.

Seniñ tukat wagtyñ garalýar älem,
Eger ýylgyraýsañ ýagtylýar pany,
Ruhum mähriñ bilen iýmitlenip dur,
Kem-kem azalyp dur gussamyñ sany.

Men seni özüme meñzedip ýörün,
Ýüregimiz meñzeş, pikirmiz meñzeş,
Boşadyp kineleñ ornaşan törün,
Adaty durmuşda şükürmiz meñzeş.

,,Owarram" diý, geçip gitsin deñiñden,
Iñ ajap duýgyny duýup ýaşaly,
Kemlileriñ kem gözlemän keminden,
Ýigrenip däl, diñe söýüp ýaşaly!...

Awtory: Baýram Bejidow
3 лайков 101 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.