"Gyşdaky jüýje sanalyşyk" ýa-da şeýhleriň agyr simfoniýasy...
Katar-2022. Aziýa yklymy bu abraýly ýaryşy 2-nji gezek özünde geçirmäge hukuk gazandy. Lenin öleni bäri tomusda geçirlip gelinýän mundial ilkinji gezek Täze ýylyň öň ýanynda tamamlandy. "Puly köpüň oýny köp" diýýäňmi? Howwa, şeýle.
Bu mundialdan umytlarym has ulurakdy. Turnirden öň bir dostum: "Portugaliýa çempion bolup bilermi" diýip sorapdy. Men oňa başgaçarak jogap beripdim: "Ony bilmedim dost, ýöne Argentina çempion bolmasa boldy".
Ýok, ýok, meň Argentina hiç-hili garşylygym ýok. Maradonasy üçin olara hormatym çäksiz. Ýöne şondaky bir ynsany welin...
2002-2003-nji ýyllardy öýdýän. Sporting bilen Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasynda gabatlaşypdy. Sportingiň düzümindäki ýaş hüjümçiniň aýagyna eýgerjek bolup "demir adam" Rio Ferdinandyň dili sallanyp galypdy. Şol ýekeje oýnuny görüp şu futbolçyň fanady bolupdym (Mahymyň bir goşgusyny okap oňa fanat boluşym ýaly). Oýundan soň Ser Aleks: "maňa ýa-ha şol hüjümçini alyp beriň ýa-da meni tälimçilikden aýyryň" diýip klubyň öňünde ultimatum goýupdy. Ser ýalňyşmandy. Ýaşajyk Kriş ýyllar geçip çempionlar ligasynyň hakyky karoly (walentler näili, goumy?!) futbol taryhynyň iň gowularynyň biri bolup ýetişdi.
Futbol ölemeni bolan daýylarymyň biri: "Şularyň ikisiniňem (Ronaldu bilen Messi) oýunlaryndan lezzet alyp synlap bileňokmy, hökman birini ýigrenmelimi" diýende "Sen bize düşünmersiň, bize düşünmek üçin biziň döwrümizde ýaşap görmeli" diýipdim.
Toparçaň birinji oýnunda Saudiýa Argentina ikinji goly uranda muňa araplardan beter begenip gygyranymdan ertesi işde-de oňly sesim çykmandy.
Portugaliýaň ýeňlişi, Ronalduň razdewalkaň ýanyndaky göz ýaşlary, bu beýik monstr erasynyň kulminasion soňlanmasy bolup aňymda galdy. Al-Nasr bilen şertnama, Çempionlar ligasyna çyksa Nýukaslda oýnajagy baradaky gürrüňler bolsa "bitmedik ýowşanyň düýbündäki, dogmadyk towşana" meňzeýär.
Şol oýundan soň M.Mätgurbanow aýtmyşlaýyn: hakydamda eger-ler, käşgä-ler başlandy.
Eger-de ýaryş tomusda (Cr7 baradaky gürrüňler entek köpelmänkä) geçirlende belki-de Ronaldu esasy düzümde oýnap toparyna has köp kömegi degerdi.
Käşgä şu ýaryş başga ýurtda geçirlende belki eminlik barasynda munça nägilelik bolmasada-bolmazdy. Döwrebap, Var-ly eýýamda ýaşasagam eminleriň gümürtik kararlary entek bizi doly terk edenok. Üstesine Katar ýaly pula bitýän bolsa (bitmeýänem bolsa) bitirýän döwletde finalda fransuzlaryň zäherlenendigi baradaky gürrüňler, käbir eminleriň bolsa bütinleý lisenziýadan mahrum edilmegi, Argentinaň çempion bolmagy üçin gurnalan reglament, bularyň bary geň galdyryjy.
Eýsem Argentina bu çempionlyga mynasyp dälmi?
Finalyň soňky minutlarynda Koulo Muani ýekeme-ýeke gol uraýan bolsa onda Fransiýany çempionlykdan hiç kim mahrum edip bilmezdi. Ýöne Martines karýerasyndaky iň owadan seýwi amala aşyrdy. Ynanaýyň, bu Martinesiň ömründäki iň owadan seýwdi.
Argentina mynasyp çempion boldy. Katar "baý agalary" bolsa arzuwlaryň asla çägi ýoklugyny bütin dünýä subut etdi. Beýik Leonyň janköýerlerini taryhy ýeňiş bilen gutlaýaryn. Sebäbi bu iki ägirdiň döwründe haýsydyr biriniň çempion bolmagy adalatly ýaly.
Maradonaň yzyndan şa Pelede bizi terk etdi. Dirileriň we oýnap ýörenleriň arasynda-da düşnüksiz içgysgynçlyk. Karýerasyny tamamlamak üçin Aziýa giden Ronaldu, motiwasiýasyz Messi, hemme zatdan nägile Mbapbe, ertir näme boljagy näbelli Holand, futbola görä karnawalda has gowy oýnaýan Neýmar, basymrak çempionlar ligasy bir başlasyn, futboly gaty küýsedim dogrusy...

26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.