kompyuterçi aşyk oglanyň söýgülisine ýazan haty .

söýgülim,
seni ram'ymyň göterip bilmejegi derejede
söýýän! zipsiz, zatsyz bolşuň ýaly... seni ilkinji
gören badyma formatlandym. maňa şeýle bir
sistema transfer etdiň welin, mundan beýläk
hiçhili command meni senden aýra salyp bilmez. seniň bilen multimedia-da içinde, her hili
mediada bagtly bolup biljegimizi bilýän. seniň
megahertz'iň meni oda salýar, bakyşlaryň meni
çuňňur scan edýär.
saňa doly ynanýaryn, bu hatymy başga hiç kime
forward etmejegiňi hem bilýän. men saňa öýlenmekçi. gaýgy etme, hiç nätanyş
software'ler bilen aragatnaşygym bolmady.
seniň hardware'iňi gaty öwdiler. ýöne
bilýänsiň, meniň üçin software owadanlygy
hardware owadanlygyndan öňde durýandyr.
seniň bilen bile köp köp dvd'ler göreris. saňa toýumyzyň ýyllygyna bagyşlap 24x tizlikli
rewritable dvd alyp berjek. gülgüne kysymly
case'imiz, içinde-de nur ýalyjak
harddisk'jiklerimiz bolar.
dynç alyş günlerimizde ikimizem windows
explorer bolarys. soňundan bolsa "niredesiň internet..."
saňa owadan görünmek üçin şeýle bir köp
işlärin welin, üç hepde soň garşyňa 21 inch
plazma ekran bolup çykaryn. ondan soň isleseň
meni diwaryňa-da asyp bilersiň.
agşamlary dyzlaryň üstünde laptop ýaly ýataryn. asla sleep mode'a geçmerin. biz seniň
bilen çyrany öçürip, klawiatura
gujaklarymyzda, daňa çenli chat ederis.
myhman jaýymyzyň töründe kakamdan galan 10
megabyte'lyk köneje kompýuterini goýmakçy,
ýanynda-da 5.25 inch'lik disketjikjer... o biziň üçin uly ýadygärlikdir.
hatda täze ýyl gijeleri tetris zadam oýnap
bileris. özümizi hemişe up-to-date tutarys.
zamanada näçelik ram moda bolsa şony
ulanarys.
biri-birimizden pikip download'yny problema etmeris. aramyzda hiç hili sene-mene bolmaz,
herkim biri biriniň surf'ine hormat goýar. o,
size ejesini gudaçylyga ugradan pyýadaň
site'yny hack ettim, ejesinem crack etdim...
tv card'yny gyz tarapy alarmyş. saňa,
bukjaňdaky iş edinip ýygnan cd'leriň bilen garaşýan. menem saňa
eýýämdenamazon.com'dan bäş gaşly ýüzük
zakaz edip goýdum. toýumyzda sazy real
player çalar.
homepage'iňdäkilere salam aýt. her byte'yňdan
öpýän.

(ertir. com arhiw)
4 лайков 113 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
03 фев 2023, 17:37
seniň
bilen çyrany öçürip, klawiatura
gujaklarymyzda, daňa çenli chat ederis. ???
Venus
04 фев 2023, 12:45
Gerek bolup durdy))