......

Bayam baya berer Hudayam baya berer Garybam baya berer.

Turkiyedaki yer titremeden son Dunya yurtlarynyn kanallary dine Turkiya degishli habarlary Turkiya edilyan komekleri zol zol aydyp durdylar. Yer dine Turkiyede dal Siriyadada titredi. Yone ne ona komek edilya ne agzap gecyaler. Sebabi garyp dowlet ony gorkezenine komek edyanine we gynananyna degmeyan yurt. Turkiya gynanyp komek edyandirler oydyanmi? Yok Turkiyeden peydalanmak ucin ynamyny gazanyp gowy gornup sowdany ulaltmak ucin. Turkiyaly chagalar chagada Siriyadaky chagalar chaga dalmi. Sosial setlerem dine Turkiye we shol yerdaki ahy nalalar. Hany adalat. Rossiya Ukrayinany bombalady weli Dunya habarchylary habarlarynda dine kahol chagalary gorkezdiler. Turkiyede yer titredi gazetlar doly. Yylda 2 gezek bombalanyan gunasiz palestin chagalary Yer titremede kesegin ashagynda galan Siriya chagalary sizi hic kim gormez sizin suratlarynyzyn yerine sizden gelmejek peydanyn yerine peyda geljek chagalaryn suratlary durar
7 лайков 391 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
09 фев 2023, 19:35
Beýle pikir etmek "bok içinden monjuk gözlemek" bolýar, Ýusup. Türkiýäniň adam ýitgisi ummasyz. Hemem men häli gaýta buýsandym, telewizorda Türkiýä kömege gelen daşary ýurtlulary görüp. Hatda, gyr-tutuş bolup ýören Gresiýadan hem kömege geldiler. Ysraýyldan geldiler. Bu ýerde bu kömekler haýsydyr bir bähbit üçin edilýän däldir. Gumanizm, adamçylyk bar entek. Umuman, her bir bolýan hadysanyň, wakanyň diňe negatiw tarapyny görjek bolmaly däl.
Hiayress26
09 фев 2023, 19:38
Men-ä ölseňem tebigy betbagytçylykdan ölmeli däl eken diýdim. Bir ataly-oguly gujaklaşyp ýatan jesedini hemme paýlaşýar, eýýam näçe gün. Öleniň-ä öleniň, öleňsoňam jesediňi mahabatlandyryp suwuny çykarýar ekenler. Gynanýaňmy içiňden gynan, gaýdyp şeýle betbagtçylygyň adam başyndan inmez ýaly alada et, eliňden gelse kömek, ýogsa-da öýüňde maşgalaňy ýygnap bolsa molla çagyr, bolmasa özüň bilýänçe dogaňy okap, ys çykaryp töwür edip el galdyr. Jesediň suradynyň ýanynda aglaýan smilik goýup ol ýerde bu ýerde paýlaşyp ýörmede.
Yusup
Автор 09 фев 2023, 19:41
Pegas,

Yo telewizory acyan ona dine Ukraina indi Turkiye. Mundan on Palestina Yrak Siriya yaly dowletler gorkezilenok.
Yusup
Автор 09 фев 2023, 19:42
Hiayress26,

ine erkek gurrun. Layk ucin olisinem goyyalar indi
Pegas
09 фев 2023, 19:45
Ýene bir zat bar. Mediýaň aktiwligem sebäp bolup biler muňa. Türkler ol ugruna zordur.
Suleyman
09 фев 2023, 19:54
Bu uly pida. Iň soňky okan maglumatym 19.000 adam öldi diýilýär, entäk ýene goşulyp gidip otyr... ýaralylaryň sany-sajagy belli däl entäk...
Seň diýýän döwletleriňede kömek barýar. Başga uruş bilen getiren mysalyň, bu tebigy betbagtçylyk bilen deňeşdirmegiň orunsyz...
Ýarag ulanyp, uruşa goşulyp ýitiren pidalaň başga (uruş bolsa, ölüm boljagam düşnükli zat)... tarpa-taýyn, müňläp pida bermek başga zat. Kimem bolsa aljyradýar...
Suleyman
09 фев 2023, 19:59
Uruşyň öz sebäpleri bolýar, düzgünleri bolýar... Ne duruzyp bolýar, ne goşulyp bolýar... Özleriniň düzen "hukuklary" boýunça uruş edýäler, özleriniň "hukuklary" boýunça raýatlary uruşmana "mejbur" edýärler... Esger bolsaň "Konstitusiýa" boýunça serhediňi goramaly, raýat bolsaň Watanyňy goramaly.. hany onsaň uruşmada göräý?!
Kerbaba
09 фев 2023, 20:02
Anil Kapur,
Туркиеде метбугат , ради- телевидение халкын элинде. Хокумедин айт дийен задыны айдып ,яз диен задыны язып йорен система ек о ерде. Шу затлары озунем билйансинле.,йоне бизи геплетжек болян болаймасан..
Hiayress26
09 фев 2023, 20:09
Hakykatdanam ýylda iýmit ýetmezçiligi sebäpli 9 million töweregi (2021-nji ýyl) adam ölýär, oňat lukmançylyk kömegini alyp bilmän ölýänleriň sanam şonça bolmasa şondan az däldir. Ýöne, bu ýitgiler, bu ölümler bardyram öýdülmeýär. Sebäp, ondan uly teleşow gurnap bolanok. Yzy üzülmän dowam edip dur. Haýsy birine gynanjak (Adamlaryň onça ýitgä, ölüme gynanyp oturmadan başga işi ýokmy). A wagtlaýyn heläkçilik bolsa başga gürrüň, az-owlak wagtyňy sarplap oňa gynansada bolýar. Hil bir zat edýän ýaly, özüňde adamçylyk duýgusynyň ýokarydygyny ile hem özüňe görkezip, ýüregiňi kanagatlandyrsada bolýar. Soňrada durmuş göreşi, aýakda galma diýip, öňki edýän galplygyňy, zulumyňy, haram işleriňi dowam edibermeli. Esasy aram-aram şeýle heläkçiligiň bolup durumagy we özüňi hem ili gowy adamsyrap aldap durmagyň.
Suleyman
09 фев 2023, 20:11
Türk ölsün, Ermeni ölsün, Negr ölsün.. kim bolmakdan ötri, ölýän mahluk - Adam.

Ölüm habary. Müň, million sanlary biz üçin oýunjak bolup galdy. Adamzadyň entägem gözi açylanok.

Ýakyn geçmişimizde, koranawirus üçin sutgada 1000 adam gurban beren döwletlerimiz bar... Maskalarymyzy aýryp, indi erkin-rahat ýaşaljak mahaly Rus-Ukrain urşy start aldy... Men diňe läheňlerini aýdýan... aralykda Owgan meselesi, Ermeni-Azerbeýjan, Ysraýyl-Palestini goşamok entäk...

Bularam bir synag, bularam bir duýduryş. Allanyň duýduryşlary entäk ýene geler durar... "Ölüm bilen duýdurýany, ölümi ýatdan çykaranlygymyzdan delalat berýär"..

Adamzadyň entägem gözi açylanok.
Hiayress26
09 фев 2023, 20:20
Dark_Wolf,
Allada "Ilki özüňkileri uruň, özgeleriň gözi gorkar ýaly" (Бей своих, чтобы чужие боялись!) edip, diňe öz musulman döwletleriniň üstünden ugradyberýär öýdýän duýduryşlaryny. (Ýene hälki tema dolanýas)
Yusup
Автор 09 фев 2023, 20:32
Hiayress26,

Bir betbagtchylyk gelse Hudaydan gorayyaler azgynchylyk diyip. Onki dowurlerde hakyky azgynchylyk eden kowumlar bela gelerdi. Turkiyanyn in azgynchylygyn osen yeri Stambula zat bolman gelip bir chetki welayaty Kahramanmarasha zat bolayshyny. Erbet adamyn azgynlygy ucin gowyn ustune gelmelimi bela. Adamyn paline gora dal gelyan betbagtlar eger hakykatdan sheyle bolsa azgyn yurtlara gelerdi bela.
Yusup
Автор 09 фев 2023, 20:37
Adamlary dinden dashlashdyryan ynanjyny ogurlayalar sheydip. Yany namaza duran bir bendanin namazy goymaga sebap bolyalar. Alla islese asuda otyran halka bela goyberer islese azgynchylykly yurda goyberer. Yone hazirki bolyan belalar azgynchylyk ucin dal. Eger azgynchylyk un bolsa yokarda aydyshym yaly azgynchylykly yurtlara bela goyberer onki kowumlara iberishi yaly. Siz birtopar adamyn ynanjyny ogurlayanyz azgynchylyk un sheyle bolyan diyyanler ucin
Hiayress26
09 фев 2023, 20:42
Anil Kapur,
Kitapçyda Rehmi Turanyň ajaýyp makalasyny paýlaşypdyrlar, şu ýerde-de paýlaşmaly şony. (Kopyýalajak bolup kopyýalap bilmedim.)
Pegas
09 фев 2023, 20:45
Düýn bir kitapda bir jümle okadym. Manysy şeýleräkdi: “Diniň uýany bähbitkeşleriň, nadanlaryň eline geçen wagty din öz mukaddesligini ýitirýär.”
#B.S
09 фев 2023, 20:46
Alla bu belany Türkiýe öňkiden sapak edinmedigi üçin iberdi. Ýalňyşmasam Rad süresiniň 11-nji aýatynda bir jemgyýet öňkiden sapak edip düzelmese Allanyň özi olary düzedenok diýýär.
Hiayress26
09 фев 2023, 20:49
Pegas,
Her bir ýitgiden şahsy bähbit araýarlar, bolýan betbagtçylyklar özleriniň ynanýan zatlarynyň delili hökmünde görkezjek bolup, adamlary dogry netije çykarmakdan daşlaşdyrýarlar. Muny bolsa düşünenoklar.

Sapak edinmeseň dersin geçmişiň,
Gaýtalanýar, ýalňyşlaryň, etmişiň,
Bişirmeseň şol bir ýeri depersiň,
Aý-ýyllar, asyrlar şonsuz hiçmişin.
Yusup
Автор 09 фев 2023, 20:49
Men Hudayyn birligine Muhammet s.a.w ilchisidigine hemme Pygamberlere kitaplara ahyryede ynanjym chaksiz. Ol ynanjymy menden hic zat alyp bilmez. Yone sonky chykan mollalar sebapli menin dine dal namaz okayan adamlara bolan yigrenjim artdy. Arada biri erotika gorup otyr bir molla "Dinden chykyan" diyda. Menem durup bilman "Alla yok diysen dinden chykyan. baryp birini sikenin bilen dinden chykanok. Dine gunakar bolyan" diydim. Ya bolmasa Imodaky selleli mollalar jemgyyetinin sopylary druzya druzeyde dine dini suratlar paylashyalar. Olar metjitdaki ymamlardanam guycli. Namaz okap 1 man alanyny 20 man satyp ili utmeli karz pul alyp wagtynda berman gezibermeli nebsini one dushurip gezibermeli shondada Jennete dushjegine garantiya beryaler
Yusup
Автор 09 фев 2023, 20:52
Kurany Kerimde Allah "Zyna bir erbet yoldur ona golaylashayman" diyyar. Golaylashdygyn dinden chykanok diyenok. Eger sen shu ayaty inkar etsen onda sen dinden chykdygyn bolyar. Shu zynanyn erbetdigini bilibem etsen gunakar bolyan.
Yusup
Автор 09 фев 2023, 20:54
Chagalarynyza ybadatdan on ahlagy owredin geljekde

Namaz okayan ogry
Agyz bekleyan yalanchy
Hajy adyny alyp kezzap bolmazlygy ucin
Retro
Retro
09 фев 2023, 22:19
Hiayress26
Anil Kapur,
Kitapçyda Rehmi Turanyň ajaýyp makalasyny paýlaşypdyrlar, şu ýerde-de paýlaşmaly şony. (Kopyýalajak bolup kopyýalap bilmedim.)

Ssylkasyny goy men paylasyp bereyin

Teswireleriňem goldayan
Hiayress26
09 фев 2023, 22:53
Retro,
Baş sahypadaky "Ýer titremeden diňe doga-dileg bilen halas bolunmaýar!" atly birinji mowzuk.
Retro
Retro
09 фев 2023, 23:28
Hiayress26,
Ýer titremesinden diñe doga-dileg bilen halas bolunmaýar!
Gyş paslynyñ añzakly sowugy az bolýan ýaly bizi ýer titreme belasy-da urdy...
Günorta-gündogarda 10 welaýatymyz gorkunç ýer titremesi bilen sarsgyna düşdi, jaýlar ýykyldy, asfalt ýollar palta bilen urlan ýaly jaýryldy!
Taryha girjek iñ uly ýer titremeleriniñ birini başdan geçirdik.
Ýitgimiz we ýaralylarymyz sanardan köp...
Diri galanlaryñ göwnüne giñlik we şypa dileýäris...
Şol sanda "Alla indi bir görkezmesin!" diýýäs, emma Alla-da bizi kän halap barmaýan bolarly, şeýle heläkçileri öwran-öwran başymyzdan inderip durýar.
"Enşalla, şu gezek soñkusy bor" diýip bilemzok, çünki biz ýer titreme zolagynda ýaşaýanymyzy bilýäris.

* * *

Türkiýe ýer titreme howpy uly ýurtlaryñ biri...
Öñem birnäçe gezek şeýle betbagtlygy başdan geçiripdik...
Ýurt başdan geçiren betbagtlyklaryndan sapak almaýan bolsa, şeýle ýagdaý gaýtalanar durar.
Biziñ ýolbaşçylarymyzyñ ýalñyşlygy şunda. Ýurdumyzy kän ýyllardan bäri "Ölen öldi, galanlary bilen bir zat ederis!" diýen düşünjedäki syýasatçylar dolandyrýar... 20 ýyldan, 40 ýyldan, 50 ýyldan bäri haýsy öñüni alyş işleri geçirildi şu güne çenli?
Diñe doga etdik, "Alla bular ýaly güni indi bir başymyza salmasyn" diýip oñduk. Emma...
Hakykat ýüzünde ýer titremesinden diñe doga-dileg bilen halas bolmak mümkin däl! Akyl-paýhas, ylym-bilim, tehnika bilen halas boljak bolmaly.

* * *

Halkyñ “Deprem däde” adyny beren merhum geofizik Ahmet Mete Yşykara 1999-njy ýyldaky 7.4 ballyk Göljük-Düzje ýer titremelerinden soñ "Ýer titremeleri bilen ýaşamaga öwrenişmeli bolarys!" diýipdi.
Rast aýdylan söz... Munuñ manysy ýer titremelere çydamly sagdyn binalary gurmagy we betbagtlygyñ gelerine garaşyp durmazdan hemmetaraplaýyn öñüni alyş çärelerini geçirmegi añladýardy...
Eýse biz bulary ýerine ýetirdikmi? Ýok! Aradan tegelek 24 ýyl geçdi, zordan arpañ boýuça ýol aşyp bildik!
Retro
Retro
09 фев 2023, 23:29
Ýer titremesi babatda Ýaponiýadan öwrenmeli zat kän. Ýaponlar hem köp ýer titreýän ýurtda ýaşaýar, ýöne 7.7 balla ýetýän ýer titremeleri-de olara omçakly uly zyýan ýetirenok... Nämüçin?
Çünki ýer titremeleri doga-dileg bilen başdansowmalyga saljak bolýan ýok, pähim-paýhasyñ we ylym-bilimiñ buýurýan zatlaryny berjaý edýärler, jaýlaryny ýer titreme tehnologiýasyna laýyklap gurýarlar.
Ajy-da bolsa, hakykaty boýun alalyñ...
Bizem ýurdumyzdaky ähli jaýlary ýer titreme düzgünlerine laýyklap täzelemesek, ýurdumyz şular ýaly betbagtlyklary köp başdan geçirmeli bolar!

* * *

Elbetde, ýer titremesiniñ salan ýaralary bitişer, ýöne şular ýaly weýrançylyk soñky gezek bolmasa gerek!
Eý, jümle syýasatçylar! Eý, döwleti dolandyrýan ketdeler!
"Leglegiñ ömri lakgy-lakgy bilen geçer" diýlişi ýaly, sizem boş lakgyldylar bilen gyzyldan gymmat wagtyñyzy ýele sowurmañ! Ylym we tehnika nämäni buýurýan bolsa, şony ediñ! Hiç bolmanda mundan soñky boljak ýer titremelerinde artyk gynanja duçar bolmarys!
Şu gün günorta-gündogar welaýatlaryny ýer bilen ýegsan eden ýer titremesi erte günbatar welaýatlaryny, ykdysadyýetimiziñ ýüregi bolan Stambuly ýykan-ýumranlyga salyp biler.
Şolar ýaly ýagdaýda senagaty çöken ýurdumyzyñ neneñsi günlere düşjegini göz öñüne getiresimem gelenok.
Bela-beter "Gelýän!" diýip gygyrýar.
Häkimiýet "Dünýä bize görübilmezlik edýär!" diýen ýaly bolgusyz wagyr-wugyryñyzy goýup, hakykatlara dolanmaly!
Retro
Retro
09 фев 2023, 23:29
• GÜNÜÑ SÖZI

Adamlary ýer titremesi däl-de, ýumrulan çüýrük jaýlar öldürýär!

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.02.2023 ý.
Ahmet
10 фев 2023, 08:20
Teswirsiz...
doctor
10 фев 2023, 15:16
No comments