Kyn sorag? Siziň pikiriňiz nähili?

Belli firmalaryň birinde işe girmek isleýänlere bir sorag berýämiş, we soraga has dogry jogaby berip bileni işe alýardylar. Bu soragda ýalňyş ýa-da dogry jogap diýip zat ýok, diňe dogry düşünje gurmak gerek.
Sorag şu : Garaňky gijede ýagyş ýagýar, şemally, gök gürleýär we sagat 2:00 de siz ulagly ýeke özüňiz barýaňyz. Ulagyňyz 2 adamlyk ulag. Biraz öňde duralgada 3 adam dur.
Birinjisi sizi öň infarktdan halas eden lukman.
Ikinjisi ýaşy uly ölüm ýagdaýynda bolan hassa adam.
Üçünjisi siziň çyndan söýýän, we tanyşmak üçin pursat gözleýän gyzyňyz.
Howa has hem erbetleşýär, we ulagyňyz 2 adamlyk.
Şeýle ýagdaýda näme ederdiňiz? Ýanyňyza kimi alardyňyz???

Bu görüşmede jogaplaryň 90%-i garry adamy alardym bolupdyr. Emma diňe 1 adamy işe alypdyrlar. Ol adamyň jogaby:
Ulagdan düşüp açaryny lukmana bererdim, meni halas edişi ýaly garry adamy hem hassahana ýetişdirip halas edip bilerdi. Şeýlelik bilen men hem öz arzuw edip ýören gyzym bilen duralgada wagt geçirip ony tanamak pursadym bolardy. Bu jogap bilen ol işe alynypdyr.

Adamlar adatça diňe özüni bilýänleri üçin beýleki adamlaryň hiçbiri ulagyny beresi gelmändir.
2 лайков 338 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Wednesday
12 фев 2023, 17:17
Ikitaraplaýyn bähbit bolany üçin
Ahmall
12 фев 2023, 17:45
Gyz bilen ozi galypdyrmy duralgada?
RelaX
12 фев 2023, 23:30
Psihologik test bul