Täsin ussa

Bu ýazgymy öňem goýupdym, ýöne doly açylmandy. Täzeden paýlaşasym geldi. Belki ýigitlerimize çagalygyny ýatladar.

3-4 ýaşlarymdadym. Irden turdum, turuzdylar dogrusy. Ejemiň äheňi üýtgän, maňa şeýle bir ýakymly ýüzlenýär, göräýdä, bolar ýaly däl. Öňem-ä depip turzanokdy welin, bu gün has başgaçady.
-Massimus, tur oglum, saňa süýtli gara çaý demledim, sowamasyn iç çaýyňy (-Dost, şu gezeg-ä S-2 iýdiň, 3-4 ýaşyňdaky zatlar ýadyňda durmaz-a, kimi sokjak bolýaň? -Ýok! ýadymda dost, ol güni ýatdan çykaryp bolmaz, ýadymdan çykan ýerlerinem agalarym ulalamsoňam ýatladyp ýördüler). -Ine täze eşikleriňem geý, olary geýjek diýip haçan bäri owgan urşuny turzup ýördüň.
Bu bolýan zatlary halamadym. Beýle mähribançylygyň aňyrsynda hökman bir "elpe-şelpeligiň" bardygyny çaga ýüregim duýýardy.
-Eje bu eşikler näme? Toýa gidýäsmi?
-Howwa oglum toýa gidýäs.
-Kimiň toýuna?
-Goňşy kolhozdaky daýzaňlaň toýuna.
Ejem aldaýardy. Dogrusy, aldap başarmaýardy. Ol soňky sözlerini aýdanda biraz ýüzi gyzardy, gözlerini menden başga ýere sowup gepledi. Çaga bolsamam öýde bolýan täzeliklerden habarlydym. Şu wagta çenli öýde toý barada gürrüň edilmändi, ýogsa eşiderdim. Ýöne soňky wagtlar ejem bilen kakam maňa eşitdirmän pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Muňa kän ünsem beremokdym, dogrusy. Ýöne şol pyşyrdynyň arasynda kakamyň "Massimus eşitmesin ýöne" diýen sözlerini eşidip müýnürgäp ýördüm. Ine şol, meň eşitmeli däl diýlen günemem geldi öýdýän. Şunça gykylyk turuzsamam geýdirmedik täze eşiklerimi geýdirdiler. Öňler toýa gitseler, sen baran ýeriňde bizi masgara edýäň, toýdaky çagalara azar berýäň diýip goýup gitjek bolýardylar, her gezek toýa gitmek üçinem gyrlyşmaly bolýardym. Ýöne bu gezek özleri dobrowolnyý äkitjek diýýärler. Eh, Massimus, Massimus, "besplatnyý syr tolko w myşelowke" diýen sözleri şo wagtlary bilmeseňem, şübhelenmek üçin doly esaslaryň bardy.
Kakam öýe geldi. Görnüşi ýadawdy. Ejem:
-Gelýärmi?
-Howwa bir sagatlardan barjak diýdi, çagalaryň bäşisinem taýynlap goýuň diýdi.
-Ýaňyja gidip geldim, hemmesem taýyn.
Men bu gürrüňleri eşidip nämeleriň bolup ýörenine düşünmän durdum. Haýsy çagalar, kim gelmeli? Şol wagt menden iki ýaş uly goňşy oglanlaryň biri öýe geldi:
-Massimus oýnalymy?
Görsem olam täze eşiklerini geýipdir.
-Täze eşikleriňi geýipsiň, senem toýa barýaňmy?
-Ýok häzir ussa gelýär, ol bize köşekli-düýe berer. Onsoň düýä münüp hezil edip aýlanarys.
-Nämäň ussasy, nähili köşekli düýe?
-Aý bir ussa, kakama Siziň obaňyzda bäş sany akylly oglan bar, ertir baryp şolaň hersine bir köşekli-düýe berjek diýipdir. Olaň bir-ä sen, birem men, üçisem goňşularymyzyň çagalary.
Ind-ä tutuş kelebiň ujuny ýitirdim. Birinjiden-ä men akylly çaga däl, ikinjidenem ussa aýaz baba däl, ol sowgat paýlanok, ol ussaçylyk edýär, üçinjidenem maňa düýede gerek däl, köşegem, oň ýerine häzirki şarik atýan pistoletden iki sanysyny bir paçka oky bilen berse ýeterlik boljak. Garaz aklym çaşdy, Gde logika dostlar?
Biz iki bolup oýnap ýördük. Goňşulara motosiklli bir adam geldi. Nätanyş bolansoň seredip durduk, tanamadyk. Ol içeri girdi, biraz wagtdanam çykdy, soň beýleki öýe girdi, biraz wagtdan ondanam çykdy. Üçünji öýe giren wagty ýanymdaky oglanyň kakasy geldi, ogluna seredip:
-Ýör ussa geldi, häzir üç oglana aýdan sowgadyny berdi, indem seni soraýar, Massimus senem öýüňe bar, saň-a iň soňuna galansoň köşekli düýäň iň mürrügi galdy öýdýän diýip güldi.
Şu gelen kirli ýaşuly köşekli düýe paýlaýan ussa bolsa, onda hany munuň köşegi, düýesi, ýüzem jelladyňky ýaly, şto-to zdes ne çista, bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr diýleni...
Sabrym çydamady. Kiçijik detektiwdim. Murtsyz Puarodym. Ýaňkylaryň yzyna düşüp gitdim. Basym olara ussa-da bardy. Olar ýüzi bagtdan gülýän dostumy içki jaýa alyp gitdiler. Menem daşky gapydan girip diňläp durun. Birden içerden düýe almak isleýän dostum düýe ýaly bögürip ugrady:
-Waaaaaý, aaaaaaaaý, öööööööö.
Zähräm ýaryldy, gapydan ylgap çykdym. Şol ylgap barşyma bolan zatlary kellämde aýlaýardym. Nämeler bolýar? Bular bizi näme etjek bolýalar. Bu ussa Karlo kaka nirden peýda boldy? Ýa biziň Buratina ýaly burnumyzy oňarmaga geldimikä? Indi nirä barmaly, enemlere baraýsammykam? Ýok! Meni ilki şol ýerden gözlärler. Gowusy, babamlara gideýin, şol biraz uzagrak. Dogry, bu çykalgamam gaty ynamdar däldi, ýöne başga wariant ýokdy. Babamlara çenli aralyk esli bar, ýöne men olara gaty çalt bardym. Mamam pahyr öňümden çykdy.
-Wah oglum eýgilikmi, nämä haşlaýaň? Ýüzüňde gan-pet galmandyr.
-Mama öýe bandit geldi.
-Allajan, o nämäň bandidi?
-Aý çaga ogurlaýanmy, çaga iýýänmi, bir zatlar? Ýaňy hemme goňşylarymyz betlik edýän çagalaryny ýaňky lýudaýede berdiler (lýudaýedler baradaky kinolary köpüräk görýädik goňşularda), özüm gördüm, ýaňy Nazzyny alyp girdiler jaýyna, goýberiň diýip aglasada goýbermediler, iň soňkam men bolmalydym, gaçyp gaýtdym Size.
Mamam meni diňläp hezil edip güldi. Soň mal ýatak tarapdan babam pahyr geldi. Oňada meň aýdanlarymy gürrüň berdi. Bile gülüşdiler. Babam:
-Oglum seni ullakan oglan edip öýerjek bolupdyrlar öýüňdäkiler, sen ýalňyş düşünipsiň, her bir oglanjyk çaga wagty ýaňky ussa bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Ol ökdedir, agyrtmaz.
-Baba men ullakan boljak däl, şu durşum polny bolýa özüme. Şeýdip öýlenilýän bolsa, öýlenmänler geçeýin. Senden haýyş eger öýdäkiler meni sorap gelse, görmedik diýiň, bir-iki günden ussa gidensoň bararyn.
-Oglum, öýüňdäkiler seni alada eder-ä.
-Alada edip geçsin, öň kellesi nirdedi, ýaňky gidýänçä barjak däl, senem erkek bol baba, meni göreniňi olara aýtma.
Muňa olar has beter gülüşdiler. Şeýdip olaryň mal ýatagynda bukulyp oturdym.
Indi habary kimden al, öýdäkilerden al, olar meni hiç ýerden tapman, enemlere gelipdirler. Olarda-da ýok. Soňam babamlara gaýdypdyrlar. Babam sözünde durupdyr, meni satmandyr, ýöne meň bukulyp oturan ýerimi gören iň kiçi daýym (wah, şol kazýol daýym, häzirem şony görsem myrryhym tans oýnaýar) topbusyny piserdip kakam bilen onuň inisini göni mal ýataga alyp geldi. Gaçjak boldum, kakamyň inisi meni mäkäm tutdy. Iki bolup meni motosikle basyp alyp gaýtdylar. Ýol boýy uly ilim bilen gygyryp, gargap gaýtdym. Öýe getirdiler. Görsem ussaň motosikli ýok. Ejem meni görüp begendi.
-Oglum geliber, ussany urup kowduk, sen agaň bilen içki jaýa gir, multik görkezip dur.
Agam (kakamyň inisi) meni göterip içki jaýa eltdi. Içki jaýda bolsa hemme çagalara köşekli-düýe wada berip, wadasynda tapylmaýan, sakal-murtuny ömrüne almadyk şol arzyly ussa maňa garaşyp otyrdy...
15 лайков 353 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
20 фев 2023, 01:11
Baybah. Mena shol ussa bilen yuzbe yuz bolanym kan yadyma dusenok welin 2-3 yaslarymda yuzbe yuz bolaydymmykam
Öwreniji
20 фев 2023, 01:28
??? menem aldanypdym ýöne ol ussa ýaşdy. Çala ýadymda, uly oglumyñkyny şol ussa bilen aldadym men aglamadym bu daýy diñe ölçeýär diýip... Soñy biderek boldy oglum kiçeltdiler indi ösmese nädip öýlenmeli diýip heläk etdi. Tas galypdy... Oglum meñkäm ösdi diýsem hany diýip... Aldamak kyn bolsada indi ýatlasañ utanan bolýar???
Aýgül Ýazweliýewa
20 фев 2023, 03:46
???‍♀️
Suleyman
20 фев 2023, 07:28
Dogurdanam gowy ýatlatma. Ýetireniňe sagbol. Menem şu aşakgy mowzugy Dostlukda paýlaşypdym


Bir gün Şanhayda Samuraýlar bäsleşigi geçirilyär. Muňa Türkmenistandanam 1 samuray  ýaşuly barýar. 1nji bolup kitay samuray çykýa, 1 aryny uçuryp göýberýärler gylyjy bilen hälki aryny "hu-hi-ha"  diyip samuray emeli bn böleklap taşlayar. 2ji bolup ýapon samuray çykyar, olam aryny parçalap taşlaýar. 3ji bolup türkmen samuray  ýaşulysy çykýar ( gyýma balakly, donly, telpekli). Aryny göýberýärler welin gylyjy aýlayar aýlayar we durýar, görseler ary biraz durup ýene uçup gidýär. Muny gören juriler:
- ýeri yaşuly ary ölenoga?
Türkmen samuray:
- haay köpeý ogullary siz nirede gördüňiz sünnet edileniň ölenini diýýär.
[Şol kiçijik aryň kiçijik ýerinden  ýaşuly sünnet edäýipdirä howada gaýmalap ýörkä]

P.s  bu degişmäni keýpine ýatlamadym,  hemme musulman türkmen oglanlary sünneti we  sünnet bn baglanşykly gyzykly 1 zat başyndan geçirendir ýadyna düşýän bolsa..
özümä 3 ýaş töwerekler öydyän,  eli päkili telpekli ýaşuluny görenimden ökjä tüýkirdim, 16 sotuk mellegimiziň daşyndan 2 kruk edip bratoklamy kösäpdirin..  aýý gorkunçda-hou……… malyň damagyny çalýan ýaly, taýynlyk ýok, göwnüňi aldama ýok.. ýatyrdylar, elimden basdylar,  näm bolsada ýaşulyň eli ýeňil eken şäňkilledip göyberdi, agyryma jydaman uklap galanymy bilyän..
Umuman şo döwürleriň sünnet edýän tebip ýaşulylaň hemmesiniň eli ýeňil öydyän,  1 hepdä ýetmän ylgap gitdik bizä. indi beýle köpi görenler seýrek öydyän, ýaşulam galmady..
indikler çagalar gaty ejiz, ýogsa Skoraly gelip dogtorlar edip gidyä indi  , hemme gurallary ýerinde,  mazjagaz zadaam çalýalar öýdýän, şonda-da çagada gorky galýar..  

Türkmen toýlarynyň biridä bulam sünnete ýatyryp sünnet toy etmek..
Hemmäňize nesip etsin, Ogul gyzyňyzyň bagtyna guwanyp, gerçek oglanlarymyzyň sünnetini bitirip, il halar, mert gaýduwsyz ýigit edip ýetişdirmek !
Owrenyan
20 фев 2023, 08:35
Gowy hekaýa. Ýerine düşüpdir.

Sünnet

…Ýaňy bäş ýaşyna giden, düşbüje oglanjygy ejesi bilen kakasy, her bir erkek kişiniň durmuşynda bolaýmaly zada taýýarlap başladylar.
Gorkmaz ýaly.
Öňünden.
“Gurçugy aýyrtmak, sypatmak, owadanja etmek we ş.m.” ýaly her dürlüje düşnüksizje sözler bilen, “täze tigir, täze oýnawaç, täze eşik, täze eltelefon, kän-kän pul berilýändigi we ş.m.” baradaky aldawaç wadalar bilen, eýdip-beýdip özüne “bor” diýer ýaly etdiler…
Hemmeje zady aý dogan ýaly etmeli, jygba-jyg günüň öň ýanyndaky agşam, nahardan-çaýdan mazaly keýpini köklän kakasy, ejesine:
-Hany, meniň şol, soňky ýasadan uly pyçagym bilen çalgy daşy al. Ýiteldeli. Ertir, gerek bolar. Taýyn dursun!-diýdi.
Ejesi, takmynan uly adamyň tirsegine barabar, golboýy uzynlykdaky mähnet pyçagy, ýanynyň çalgy daşy bilen alyp geldi. Kakasy, çalgy daşyň aşagyna köne esgi ýazyp, ony “jagypdadyp” çalmaga oturdy.
Eýläk süýkeýär.
Beýläk süýkeýär.
Her süýkände-de gödeňsiz hem äpet pyçagyň tygyndan kindiwanja uçgunjyklar çar ýana syçrap gidýär.
Aram-aramam, barmagyny degrip, onuň ýaldyrap duran tygyny barlap görýär.
Kakasynyň edip oturan işini, goňşy otagyň gapysynyň arka ýüzünde bukulyp oturan ýerinden, gözlerini petredip synlaýan oglanjyk, ahyry çydamady.
Ýöne, düşbüje her hili heýhatly ýagdaýlarda-da düşbüjeligini saklaýar.
Bolup geçýän şumlugy-oňlugy düşnüksiz hadysalar babatda hiç hili sepini bildirmän, jyňkyny çykarman, ökje ogurlap, öýlerinden çykdy.
Wägirmedem, aglap-eňräp urunmadam.
Sowukganly hem dogry hereket etdi.
Ýalňyz halasgäri – enelerine garşy ýazzyny berdi…
RelaX
20 фев 2023, 10:48
Biziñkina Hirurg oñarypdy
Bentner
20 фев 2023, 15:27
Yetirip dur?
Cagakam "kesyaler"diyilse duybunden kesyalermika oytyadim :D
Гость
20 фев 2023, 20:15
Sag bol'aý agam. Gözüm ýaşaryp gitdi gülüp. Ýetirp dur! ))
Гость
20 фев 2023, 20:16
Siziňki dobry eken "köşekli düýe berjek" diýýän bolsa. Biziň ussalara tigir berýädi )
Гость
20 фев 2023, 20:24
Owrenyan,
Ýüregini ýaraýypdyrow )
Gauzen
20 фев 2023, 21:26
Öňem okapdym. Ýetirip dur brawo
picasso
20 фев 2023, 23:07
Ylmy taydan mumkin dal 3-4 yasly chaganyn kellesinde aylanjak pikir dal shondada kichijik shazada bn polyannany okap yorler munam okars diysen basga gurrun