Gutlag

Gadyrdan joram "18" ýaşady?
Şonuň şanyna degişme goşgy?

"Asmanda Ülker,
Telpegin silker."
Bu goşgyjygmy,
Internet saňa
Büdremän elter.
***
Geçdi seniň bilen, bezzat günlerim,
Eden betliklermiz iller bilmesin.
Ýatlama bolaýdy geçmez öýdenim,
Derdim aýdyp biraz göwnüm ýeňlesin.

Sen-ä bir alkaşdyň, men bolsa tüsse?
Birleşip bolardyk iki piýanska?
Kelle erbet, ýöne ýürek arassa?
Gije oýa, gündiz bolsa ölüsge?

Aýgül Ýazweliýewa ?

22.02.2023
(Ülkeriň haýyşy boýunça)

Şageldi ikimiz doglup bir günde,
Garşy aldyk bu gün 18 ýaşy.
Ene-atamyza wepaly bolsak,
Hiç ýerde egilmez olaryň başy.

Eziz synpdaş gutlaýaryn ýene-de,
Jan saglygy, bagtdan nesibäň bolsun!
Eçilsin Allajan köp zat bize-de,
Şol günlere ýetip ýüzümiz gülsün!
9 лайков 348 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
22 фев 2023, 11:33
Ýylgyryp duran smaýlik bilen berekellajyk
Aksary
22 фев 2023, 11:36
Joraña aýt maýsa alyp goýsun :)))
Karkara
22 фев 2023, 12:09
:))
Гость
22 фев 2023, 12:20
"Asmanda Ülker,
Telpegin silker."
Bu goşgyjygmy,
Internet saňa
Büdremän elter


))
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 12:21
Aksary.,
Namaz okaýar ol içgi içenok, ýöne siz üçin alar hökman?
Гость
22 фев 2023, 12:21
Dogurdanam internet eltäýmese sms-e sygmaz bi goşgy )
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 12:25
Гость,
)
Yusup
22 фев 2023, 12:36
Geçdi seniň bilen, bezzat günlerim,
Eden betliklermiz iller bilmesin.

Il bilmez yaly +18 bolmady dalmi? Ilin bilmejek betligi shol
Perman Izakow
22 фев 2023, 12:59
Aýgül Ýazweliýewa,
Siz näçenji ýyl?
Kerbaba
22 фев 2023, 13:13
Aksary.
Joraña aýt maýsa alyp goýsun :)))

Майса ичйанизми Аксары ага?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 13:13
Seksopotolog..........,
Haha, ýok elbetde. Siz ýalňyş düşündiňiz. Düşünmejekler üçin ýörite "degişme goşgy" diýip başynda bellik edipdim öz-ä )))
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 13:14
PROLIGA,
1998, a siz?
Aksary
22 фев 2023, 14:04
kwadrat kelle
Aksary.
Joraña aýt maýsa alyp goýsun :)))

Майса ичйанизми Аксары ага?

Ýokla buda bir degişmepisintjikdä
Ýogsada aga diýipsiñiz welin men siz den has kiçi bolaýmasam
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 16:40
Aksary.,
Näçe ýaşyňyzda siz
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 16:40
PROLIGA,
Bärdäkileriň iň kiçisi özümdirin öýdüp men dagy?
picasso
22 фев 2023, 17:09
Gosga baslapsynow
Howri kop bolsun
Aksary
22 фев 2023, 17:25
Aýgül Ýazweliýewa
Aksary.,
Näçe ýaşyňyzda siz

Senden 1 ýaş uly!
Aksary
22 фев 2023, 17:31
Aýgül Ýazweliýewa,
Haýsy welaýatdan siz?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 17:48
picasso,
Menmi? Aýdanyňyz gelsin, bu gün däl öňräk başlapdym?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 17:49
Aksary.,
Lebaply)
#динара.
22 фев 2023, 18:21
Lebaplymy?ziomym ekeniñiz)
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 19:05
Miss_minnosh,
Gowudugny)
Gurgenchli
22 фев 2023, 22:54
Isleneniň 90 göterimi lebaply öýdýän:)
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 22 фев 2023, 23:20
Konemojek,
Islenenindöreden nireli?
Bentner
23 фев 2023, 09:42
Saydyň gyzlary bugun saydyň oglanlaryny Gawaý-a alyp gitya diya :)