Size ýazylan hatlar

«MUSALLAT — DOST?»
(başa düşen towky-garamat)

Reşit Osmanow,
Siz hatyňyzy «Dost bolup bilerismi?» diýip başlapsyňyz?
Mugallymçylyk etmejek bolup, her zada bir ýüzlendiňiz: indem, dostluk.
Siz öň dost dälmidiňiz?
Dostluga nämeler sygýar? Näme diýip jogap bersemkäm. Häzir,
bilşimçe beýan edeýin ýa-da özümiň dostlaryma bolşumy ýazaýyn: özüm
üçin ýaltanyp bilerin, olar üçin hiç haçan ýaltanman; syrlary mendedir; gaty gören zadymy çägä ýazaryn (hekaýatdaky ýaly) — ilkinji öwsen
ýel alyp gitsin diýip; saglygynyň goragçysy; hassalygynda lukmany
(başaryp bilşimçe); dostum hakynda gelip maňa erbet zatlary aýtmaga
het etmezler, çünki diňlemejekdigimi bilýändirler; dostumy adamlardan
gizlemen, çünki seýrek duş gelýän hazyna ýanymdadyr. Oturarys. Söhbet
ederis. Dostumyň ýanynda başga keşbe girmek ýa saklanjak bolmak
gerek däldir, hakyky öz bolşuňy bolýansyň. Meseläniň islendigi çözüler ýa
çözüljekdigine ynanarsyň. Dostluk — «şu meň dostum» diýip gygyrmak
däl-de, ümsüm söýmekdir. Onuň ähli bolşy bilenem ylalaşýansyň. Käwagt
onuňky nädogram bolsa, illere bildirmersiň. «Dostum aýdan ýa eden
bolsa dogrudyr!» diýersiň. Ikiçäk wagtyňam gönülärsiň: «Ony näme
beýdäýipsiň?».
Dostluga sygdyryp bilşimizçe mukaddes, tämiz düşünjeleriň ählisem
sygýarmyka diýýän .
Şägirtleriň özi gelýär, howwa. Ýöne, hemmesini okatýan. Eger,
içlerinden «Saýla! Azalt!» diýseler, şuny bir gyra aýraýyn diýip biljek
talybym heniz-ä ýok.
«Görmezden gelmek...» — düşünmediksirän bolýan sözüňiz.
Men Siziň bir hatyňyzda — seýrek ynsanlaryň hataryndaky hasapda;
ýene bir hatyňyzda-da — köpleriň hatarynda bolan, döşüne özi medal
dakan akmaklaryň hataryndaky hasapda. Hiç düşüner ýaly däl.
Öňki okuwçylaryňyz okumyşdyr. Mende okumyşlyk ýok.
Diýmek, dostlugy saýladyňyz?
Siz meni tanaňyzok. Ýöne lapymyň keç bolmagynyň mümkindigini
aýdýarsyňyz. Siziň ýüregiňizi tanamadyk bolsadym, hakykatdanam
şeýtmekçi bolýar öýdýän diýerdim. Sebäbi Siz ikinji gezek ýatladypsyňyz.
Meniň nämelere lapymyň keç bolýandygyny özümden başga bilýän ýok,
Reşit mugallym.
Siziň öwsüp duran häsiýetiňiz baram bolsa, men Size ynanýaryn.

Size hormatymy tekrarlamak bilen,

Ş.N. 18.08.2014 ý.

P.S.: Ilkinji gezek, Size ýazan hatymda bir sözlemi bozdum. Bilemok nämeden.
1 лайков 133 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
28 фев 2023, 11:04
Gowy kitap öýtýän
Karkara
Автор 28 фев 2023, 11:05
Hawa, gowy kitap