Ey syrly asman!

Eý sen syrly dünýe, eý syrly asman!,
Maña düşünermiñ syrymy diñläp,
Saña gürrüñ berjek yzyny kesmän,
Ynç alarym ýaly ýüregim ýeñläp.

Düýnümde birje söz göwnümi gyýdy,
Ýerine müñ sözem tutmady derek,
Derdimi dostlarma paýladym welin,
Güldüler, göwünlik bermäne derek.

Şu gün köp zatlary serimde aýlap,
Gaýgyly heñlere hiñlenip gezdim,
Semiz duýgylaryñ arrygyn saýlap,
Iki ýüzlülerden gizlenip gezdim.

Indi bolsa ýyldyzlara esedip,
Señ bilen etmekçi mesawy gürrüñ,
Diñle sen derdimi, dym öñkiñ ýaly,
Geplemekden ýaña ýadasyn ernim.

Jogabyña derek ümsümlik bilen,
Mylaýym şemalyñ ýüzüm sypasyn,
Göwrümin ölçeseñ tebigat bilen,
Kinelem garagum, şatlyk bir gysym.

Gabagyña bulut büräp garalma,
Gözýaşymy gizlese-de ýagyşlañ,
Sen menden geñ görme eý syrly asman!,
Gaýta biraz güýmänimi bagyşla,
Saña dogry sözlerimi nagyşlap,
Berlen ömri söýmänimi bagyşla!...

Awtory: Baýram Bejidow
3 лайков 53 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.