Pul

Pul diýeniň eliň kiri ýalydyr:
Bir gün el ýuwarsyň — gider diýdiler.
Pul diýeniň dünýäň mekru-alydyr
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.

Pul gezegen gelin ýaly diýdiler:
Haýyp bolar hallan atyp gözläniň.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir gujagyndan çykar özgäniň.

Pul duşmandyr! — akyl berer akyldar
Muzduna uzatsaň ýekeje teňňe.
Dünýäde pul hakda akyl satylýar,
A alaýyn diýsem pul ýok-da mende.

Gün bir tylla, barýar gögüň ýüzünden,
Aý kümüş pul, barýar gögüň ýüzünden.
Dünýäniň baýlygy dünýäde galar,
Baýam bolmaz munda göwün ýüwürden.

Kime gujak gerip baýlygyň berdiň,
Kimden ýüz öwürip — paýhasyň dünýä!?
Göz ýetirdim: tylla ekeni gerbiň,
Pul ekeni seniň baýdagyň dünýä!

✏ Nobatguly Rejepow
4 лайков 115 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
Автор 01 мар 2023, 19:13
Ýetim

Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar,
Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol.
Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar
Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol.

Ýok, ol aglamaýar.
Ýok, ol gülmeýär
Şeýle bir perişan bolsa-da haly.
Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar,
Kimsi bar gülende buýsanar ýaly!

✏ N.Rejepow
Гость
01 мар 2023, 20:05
Pul näme zat ýaly bolsa-da gowy zat ýöne
Ahmet
01 мар 2023, 20:55
Kimiňkidigi ýadymda ýok ýöne şeýleräk setirleri ýadymda galypdyr:
Goý diýseler diýsin, pul zerur däl durmuşda,
Üns berme olar ýalan sözleýär.

Yzy ýadymda ýok ))
Gerceknazar
01 мар 2023, 22:56
Elden ele geçen pul
Indi seni saklaýyn
Garyplardan gaçan pul
Garyp öňne oklaýyn

Çagakam ýazan goşgym