Töhmet atmak—öz üstüňdäki hapany, üstü tämiz adama bulaşdyrmaga synanyşmakdyr.
Diýeli siz sosýal bir gurşawda. Ýanyňyza ýüzüni görmägede çydamaýan, halamaýan adamyňyz gelýär. Size salam berýär. Siz şonda näme ederdiňiz? Belki bir sowuk bir şekilde Salam berersiňiz… Belki, ýüzünede bakmarsyňyz… Gürleşmek islemän bilersiňiz. Ýa-da rol oýnarsyňyz. Gysga jogaplar bilen başyňyzdan aýlajak bolarsyňyz. Emma ol ýerdedigini bilip kabul edersiňiz. Eger siz ýüz bermeseňiz, sowuk garasaňyz, soraglaryna jogap alyp bilmese, 5 minudyň içinde sizden uzaklaşar. Siz arkasyndan gararsyňyz, rahatlarsyňyz. Ýeri, siz oň bilen sögüşip, uruşsaňyz nähili bolardy? Eger siz oňa gygyrsaňyz olam size gygyrar. Uly dawa-jenjel bolar. Ýa siz duran ýeriňizi terk edersiňiz ýa-da ol. Ýöne, dawa 5 minutdan uzaga çeker. Islenmeýän düşünjeleri, pikirlerem edil şoňa meňzedeliň. Islenmeýän düşünjelerem islenmeýän adam ýaly islenmeýän ýerlerinde boljak bolýarlar. Adyndan belli bolşy ýaly islenmeýän, birahat ediji düşünjeler… Ýaňky usuly ulansak nähili bolar? Düşünje, pikir bilen uruşyň, gohlaşyň. Sesini goýdurmaga synanyşyň… Siziň pikiriňizçe näme bolar? Olam islenmeýän adam ýaly, size jogap berip özüni aklamaga, goramaga synanyşmazmy? Şeýle-de bu düşünje günüň soňunda aňyňyzda has köp ýere eýe bolmazmy? Diýmek isleýän zadym özüňiz bilen uruşmak, sögüşmek: 1. Işe asla ýaramaz. Siziň bilen has köp wagt bile bolar. Çünki siz eýýäm olara bir many berdiňiz. Başgasyna sögüp, aýdyp bilmedigiňizi özüňize aýtdyňyz. 2. Dawa edeniňiz üçin siziň keýpiňiz gaçar, ýadadar, täsir eder we birnäçe gün dowam eder. Umuman etmeli zadyňyz: Kelläňize özüňiz bilen uruşmak düşünjesi gelen wagty, 1. Gelenini görmek. 2. Gelenini kabul etmek. 3. Uruşmasaňyz we oňa jogap bermeseňiz oň gitjekdigini bilmek. 4. Giden wagty arkasyndan seretmek. Düşünjeler, pikirler gelip geçijidir. Eger siz bir many bermeseňiz olar öz-özünden geçip gider. Ýagny sizem her diýilene üns bermäň, bilýän töhmet atylmak agyr duýgudyr. Töhmet, öňüňizdäki adamlary bilkastlaýyn abraýdan düşürmek üçin edilýär. Ýöne bir zady biliň, eger siz hakykatdanam günäsiz bolsaňyz, size atylan töhmetler size sogap, töhmedi atana jebirdir. Siz sabyr edip geziň, ýalan ýerde ýatmaz. Özüňizi düşündirmäge synanyşyň. Eger düşünmeseler, näme etmelidigi barada ýazypdym.
Düşünmeýänlere düşündirmek rak keseliniň bir görnüşidir. Hz. Mewlanadan gowy görýän bir sözüm bar. “Sen näme aýtsaň aýt, aýdanlaryň garşyňdakyň düşünişi ýalydyr.” Başgaça düşünmeýşi ýalydyr. Düşünmek isleýäniň sessizliginden hem düşünip biljegi bu durmuşda, özümi düşündirmek üçin dilimde sarp eden sözlerimiň hasaby ýok. Öňler özümi düşündirmek üçin bogazymy guradan ol günlerimi hiç küýsämok. Küýsemäge niýetimem ýok. Adamyň özüne edýän iň uly zorlugy, düşünmeýäne düşündirmäge synanyşmakdyr. Käwagt käşge diýýän, käşgä wagty yzyna dolamaga mümkimçiligim bolsady-da, geçmişe dolanyp maňa düşünmeýäne özümi düşündirmäge synanyşmak aňyrda dursun, hatda ýüzüne-de seretmezdim. Bu zatlary başdan geçirmän bilip bolanok. Göräýmäge manysyz ýaly bolsa-da, emma ol pursat ýene bir gezek kämilleşýärsiň. Bu barada Uğur Gökbulut-yň bir sözi bar. “Ýeri gelende gülüp geçmegi öwren. Gepe düşünmeýäne, gep düşündirmekden, bir zatlary üýtgetmek üçin göreşmekden we ynsanlykdan nesibesini almadyklar bilen iş salyşmakdan az ýadadar seni.” Menem şuny ýerine ýetirýänimden bäri ýadamok. Dymýan we uzaklaşýan. Bu ýagdaýda özüniňkini dogry hasaplajaklaryny bilýärin, emma men ýene-de sessizligi saýlaýan. Goý, olar özleriniňki dogrudyr öýtsinler. Men indi düşünmeýäne düşündirmeýän. Men beýle ýagdaýda Dostoýewskiýniň şu sözüne gulak asýan: “Diňe göwnüne degmezlik, özüme gelişýäni etmek üçin jogap bermedigim kişiler özlerini hakly (dogry) hasapladylar.” Indi hemme kişi hemme zady bilýär, indi hemmeler hemme zady gürleşip öz meselelerini çözüp biljekdigini pikir edip, dymmagy türmä basýarlar. Käbir pursatlaryň ümsüm bolýan wagtlary bolýar. Dymmak hem bir mertlik hasaplanýardy. Häzirki wagtda dymmak ýeňliş we ýitgi bilen baglanyşykly diýip kabul edilýändigini pikir edenimde, "sessizlik we dymmak düşünjesi" hakda has köp pikirlenmegiň zerurdygyny pikir edýärin. "Söz kümüş, dymmak altyn" diýen sada däp-dessurlardan gelip çykan biz, birden biri-birimizi ýyrtmaga taýyn, dymanyň hemme zady ýitiren we gorkak bolan bir döwründe gözümizi açan ýaly. Sebäbi indi "mert" sözi diňe bir ýönekeý söz bolansoň, biri-birimize düşünmegi wagtyň ýitirilmegi hökmünde görýän çalt sarp ediş obýektlerine öwrüldik. Biziň her birimiz diňe "follower" we beýlekisiniň gözüne "like" potensial. Pursatlara, adamlara, wakalara baha bermek we düşünmek üçin bir ölçegden geçmek, gysgaça aýdanyňda, durmuş ruhunyň aň-düşünjämize ýazan iň agyryly taglymatlaryndan biri bolup biler. Dogry (hakly) bolmak gaty sesli gygyrmak bilen ölçelýän we bagtly bolmak pul bilen ölçelýän döwrini başdan geçirýäris, bagtly bolmak üçin wirtual görkezijileri ulanmagyň aňsatdygy aýdyňdyr. Dogry (hakly) bolmak üçin köp gürlemek we beýleki adamy gürletmezlik usuly eýýäm ýeňşini yglan etdi.
Sizem töhmet atýan we size düşünmek islemeýän adamlardan uzaklaşyň!
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.