*****

1945 ýylda Gitleriň hökümetindäki nasizimiň wagyz- nesihat ministri (министр пропоганды) Jozef Gebbels öz janyna kast etdi. Taryh muňa meňzeş "beýnileri ýuwujy" başga adamy hiç wagt görmändi. Gitler nemis halkyny tabyn etmekde Gebbelse bergilidir. Gebbels tejribeli ministr, gepe çeper, Gitleriň beýgelmeginiň esasçylaryndan hem-de nasizmiň sütünlerindendi.

Gebbels «ramka salmak» teoriýasyny oýlap tapdy. Bu şeýle bir teoriýa, munda halk saýlaýaryn, özüm isleýärin diýip oýlaýar. Aslynda bolsa saýlamaýar, belkide hökümediň islän zadyny saýlaýar. «Ramka salmak» teoriýasyny düşündirmek üçin ussat syýasatçylar aşakdaky mysaly getirýärler:

Bir dostyňka myhmançylyga bardyň. Ol senden: «Çaý içjekmi ýa-da kofe?» diýip sorady. Ol munuň bilen seniň aňyňdan başga zatlary çykaryp, seni diňe şu iki zat hakynda pikirlenmäge mejbur edýär. Şu ikisinden birini saýlamaga seni mejburlaýar. Munuň bilen ol seniň pikiriňi ramka salýar.

Ýene bir mysal: Bir ene çagasyndan soraýar: «Oglum! Bu gün sagat ýedide uklajakmy ýa dokguzda?» Elbetde, çaga dokguzy saýlaýar. Çaga enesi bilen bolan söhbetde ýeňiş gazandym diýip oýlaýar. Aslynda bolsa enesi onyň dokguzda ýatmagyny isleýärdi we isleýşi ýaly boldy.

Bu gün «ramka salmak» teoriýasyny uly döwletler ulanýar. Amerikadaky 11 sentýabr wakalaryndan soň prezident Jorj Buş ýüzlenme bilen çykdy: «Bu gün ýa biziň bilen bolarsyňyz ýa-da terror bilen!» Şoňa çenli terroryň açyk aňlatmasy ýokdy. «Ramka salmak» teoriýasy sebäpli Amerika haýsy döwlete garşy göreşse, şol döwlet terror döwleti diýip düşünilýän boldy. Bütin dünýä şuň bilen razylaşmaga mejbur. Hatda bitarap bolmagam mümkin däl. Olaryň ygtygatynda Amerika bilen bile bolmasaň, diýmek, sen oňa garşy.



Gebbelsiň meşgur jümlelerinden bölekler:

1. Maňa wyždansyz habarlar agentligni ber, men saňa eşek ýaly halky bereýin.

2. Başgalaryň seni makullamagy üçin ýalan sözle.

3. «Medeniýetli», «intelligent» diýen sözleri eştsem elim sapançama barywerýar.

4. Propoganda teoriýasy esasan punktlary az bolup, köpräk gaýtalamaga daýanmagy hökmandyr.
10 лайков 293 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
06 мар 2023, 20:56
2. Başgalaryň seni makullamagy üçin ýalan sözle.

3. «Medeniýetli», «intelligent» diýen sözleri eştsem elim sapançama barywerýar.

?
#B.S
06 мар 2023, 22:14
Muhalyfetem syýasatdakylaram aslynda bir uly güýjiň iki gurjagy. Abş we Russiýa hem...
Harmony
06 мар 2023, 22:32
Soňam eksperiment geçirip görüpdirmiş bir mugallym.
Harmony
06 мар 2023, 22:43
Ol ekspirmente degişli kinoda bar. Nemisleňki.
Harmony
06 мар 2023, 22:46
Иногда некоторые учебные методы бывают опасными.
Harmony
06 мар 2023, 22:46
Tema has gowy düşünsinler diýip, kelle göçüp gidýä.
Harmony
06 мар 2023, 22:53
"My name is Khan. I'm not a terrorist."
Retro
Retro
07 мар 2023, 00:26
Amerika bilen Russiýa hem edil çaý bilen kofe ýaly teoriýa
OPTIMIST
07 мар 2023, 12:30
Admin aga gayrat edip men profilime aylanyp gidayda men sayta dine okap ya teswir yazmak ucin dalde hemme mumkinciliginden peydalanmak ucin geldim blok doret girenok bolum saylamak girenok duzedip beray
OPTIMIST
07 мар 2023, 12:31
Gayrat et admin duzedeli
Goklors
07 мар 2023, 13:53
@OPTIMIST siz saýta tygyşyly görnünde girýänsiňiz. Ýşyl reňli dizainde. Munda okap hem teswir ýazyp bolýar. Gök reňklisinde giriň. Şonda hemme müňkünçiliginde peýdalanyp bolýar. Broseri arasla we täzeden saýtyň salgysy bilen gir i login parol
OPTIMIST94
07 мар 2023, 18:02
Sagja bol choromeden giryan indi brawzerde duzedip bilmedim paralym yitirdim nik uytgetmeli boldy