Zenanlar güni (8-nji mart degişmesi)
Gutlajakmy? Hemmesini gutlagyn,
Çünki süyji söze hemmäñiz laýyk.
Ýogsa "meni gutlamady" diýjekler,
Söz bilen erkegi urmaga taýyn.
Gül berseñ keşbiñiz gülden owadan,
Size süýji sözden goşgym jemledim.
Hiç çykdajy etmän baýramyñ gutlap,
Şeýdip biraz jübimi hem ýeñledim.
Çykdajy däl, köp wagtymy sarp edip,
Bir goşga bir jorap örüp bolýañyz.
Alan sowgadyñyz reklama edip,
Nämüçin siz gyzlar görüp bolýañyz.
Degişýän, pamyk deý tämiz kalbyñyz,
Zeminiñ nuruny arşa göterýär.
Gyz-gelinler, eneler hem mamalar.
Baýramyñyz tüýs ýürekden gutlaýan.
Jemşit Hajymämmedow
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.