*****



1979 ýylda San-Paulu adalarynda Wolfhand Gerhard — 67 ýaşly ýuwaş, dymma migrant gark boldy. Gojany şol ýerdäki ýerli gabyrystana ýerlediler we tizara-da unudyldy. Emma aradan 7 ýyl geçensoň Gerharda goňşy bolup ýaşanlar onuň arhiw materiallardan ybarat dokumentlerini tapdylar. Bu materiallaryň awtory gitlerçi doktor Ýozef Mengele'di. Arhiw bilen tanyşmagyň dowamynda adamlar gorkudan doňup galdylar.
Ýozef Mengele Gitleriň Oswensim lagerinde işläpdir. Müňläp ýesirleriň üstünde anatomik synaglar geçiripdir. Olary diriligine, agyryny aýyryjy dermanlarsyz operasiýa stolyna ýatyryp, dürli zäherli dermanlary synap görmek we başga-da dürli aýlygançlyklara el urupdyr. Şonuň netijesinde ýüzläp bigünä adamlaryň ölümine sebäp bolupdyr. Bir söz bilen aýdanda, ýerde hakyky dowzahy döreden wagşylaň biri bolupdyr.

Öz döwründe «dowzah doktory» diýen ada eýe bolan Ýozef Gitleriň permanyna görä diňe ekizekleriň üstünde anatomik synaglar alyp barypdyr. Sebäbi, Gitler Germaniýada çagalaryň dogulyşyna görä ölüm ýagdaýy köpdüginden howatyrlanýardy. Germaniýaň içinde ýaşaýan migrantlaryň arasynda bolsa ýagdaý beýle däldi. Umuman, Gitler Germaniýada diňe mawy gözli, mele saçly nemis milletine meňzeş çagalaryň dogulmagyny isleýärdi. Migrantlardan dogulan çagalar ony umyman gyzyklandyranokdy. Ýöne migrantlar, ýesirlikdäki başga millet çagalarynyň kömegi bilen hakyky nemis perzendini dünýä indirmek pikiri kellesine geldi-de derrew bu işi Ýozefiň egnine ýükledi. Şeýlelik bilen Gitleriň permany dowzah doktoryna ylham berdi. Ýozef işi anatomik ýollar bilen çagalaryň göz we saç reňkini dürli himiki elementleriň kömeginde üýtgedip görmekden başlady. Soňra tejribe meýdançasyna alyp gelinen çagalar aýratyn barlagdan geçirildi. Kömekçileri olaryň boýuny, gelip çykyşyny we başga-da şular ýaly bellikleri anyklaýardylar. Şondan soň çagalary Ýozefiň huzuryna alyp giripdirler. Ýozef bolsa işi çagalara tif ýokyşdyrmakdan başlapdyr. Soňra olaryň ganyny soňky damjasyna çenli sordyryp alypdyr. El -aýaklaryny kesip, olary başga bedene geçirip görüpdir. Ölen çagalaryň jesedini aýratyn synçylyk bilen öwrenipdir.

Aýtmaklaryna görä, Ýozefiň kabinetiniň diwarlarynda ölen çagalaryň gözleri oýulyp alnyp, edil kartina ýaly ýerleşdirilipdir. Dowzah doktorynyň özi bolsa ölenleriň gözlerini öwrenmek üçin sagatlap olara seredip otyrmakdan ýadamandyr. Eýmendirýän ýeri, Ýozef bu wagşylyklaryň hemmesini "ylym ýolundaky beýik iş" diýip atlandyrypdyr.

Ýozef Gitleriň buýrugyna görä, diňe bir çagalaryň üstünde eksperimentler geçirmän, ol adam öldürmek dabaralaryna hem işjeň gatnaşypdyr. Ýesirleri urmak, zäherli gaz doldurylan çukurlara taşlamak ýaly wagşylyklary hem örän halapdyr, bu zatlardan lezzet alypdyr. Beýik Watançylyk urşy gutarandan soň Ýozefiň yzyna düşýärler . Ýöne, bu adam şekilindäki mahluk gaçmagy başarýar. Galan ömrüni Braziliýada geçirýär. Gazanç etmek maksady bilen bu ýerde hem medisina bilen meşgullanýar. Braziliýa hökümedi tarapyndan gadagan edilendigine seretmezden, ol gizlin ýagdaýda aýallary abort edýär.
3 лайков 183 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
11 мар 2023, 21:43
Ylymyňa s*keýin diýesim geldi.
Гость
Автор 11 мар 2023, 21:54
Khanture,
Diýme, eştse öýkelär
#B.S
11 мар 2023, 21:58
Гость,
???
Retro
Retro
11 мар 2023, 22:26
Müňläp ýesirleriň üstünde anatomik synaglar geçiripdir. Olary diriligine, agyryny aýyryjy dermanlarsyz operasiýa stolyna ýatyryp, dürli zäherli dermanlary synap görmek we başga-da dürli aýlygançlyklara el urupdyr. Şonuň netijesinde ýüzläp bigünä adamlaryň ölümine sebäp bolupdyr. Bir söz bilen aýdanda, ýerde hakyky dowzahy döreden wagşylaň biri bolupdyr.

Keýpä bolandyr :))
Retro
Retro
11 мар 2023, 22:31
Wolfhand Gerhard aslynda Ýozef Mengele eken manyda bolýamy bu?!
Jeksparro
11 мар 2023, 22:54
Emma aradan 7 ýyl geçensoň Gerharda goňşy bolup ýaşanlar onuň arhiw materiallardan ybarat dokumentlerini tapdylar. Bu materiallaryň awtory gitlerçi doktor Ýozef Mengele'di.


Aý, hawa-da ölen soň taparlar oň materiallaryny. Dirikä tapyp ýoguna ýanmaly ekenler... Gark bolup Hudaýyndan tapandyr... Ondanam beter ezýetlikde ölmeli eken...
Jeksparro
11 мар 2023, 22:55
Retro
Wolfhand Gerhard aslynda Ýozef Mengele eken manyda bolýamy bu?!


Hawa, şo şo!
Гость
Автор 11 мар 2023, 22:58
Retro,
Adyny üýtgeden bolýa
OPTIMIST
12 мар 2023, 06:48
Ozunin elini ayagny kesip diwardan asmaly pituhyn
picasso
12 мар 2023, 22:35
Гнезда кондора kinosy yada dusdi