Saňa diýenlerim we diýmek islänlerim

Saňa diýenlerim we "diýmek islänlerim"

Bu gün işde soňky gûnüm bolansoň işdeşlerim "Çandybil" naharhanasynda otyryp naharlanmagy teklip etdiler. Biraz otyrdyk, garbak- gurbak edindik we herkim sagbollaşyp öýüne dolandy. Işdeşlerimden gõwnüm minnetdar bolup iş ýere ugradym alyp geçmeli zadym barlygy sebäpli. Şeýle şatlanyp hatda ýuwaşjadan aýdyma hem hiňlenip gelýärdim, emma iş ýeriň öňünde tanyş belgili ulagy görenim hem şoldy welin tomusyň jokrama yssysy gyşyň aňzakly sowugyna öwrüldi duruberdi. Öňler şu belgini näçe görmek isläp yûregim  bõküp bu belgini gören gözüme alkyşlar aýdýan bolsamda bu gün gussamy gaýtaryp bereni üçin gõzlerime näletler okadym.
Aňym meni bu yerde näçe saklasy gelmesede, kalbym ýaňy ýõremäni õwrenýän çaganyň gadam basmagy inkär edişi ýaly hiç zat bolmadyk ýaly geçibermegimi inkär etdi.
Biraz õzûmi dürsäp ýõremek isledim emma, ýûregimi jigledip, gök gürledip barýan şool tanyş "Rigel" sesi eşiden kalbym meni sakga saklady duruberdi.
Näme üçin durdyň? Näme üçin? Sen maň näçe ýyllar ozal söz beripdiňa kalbym? Türkmenistanyň howa menzilinden uçan güni öz howa menziliňden uçurypdyňa? "Düşünjäň pes" diýip meni kemsiden güni söz beripdiňä? Hany seniň wadaň? Ýa senem wada berip wadasyndan dönýänleriň hataryna goşulaýdyňmy eý kalbym? Sen bu hala haçan geçip ýetişdiň?
Kalbyma näletler, soraglar baryny ýagdyryp baryşyma ýene şol tanyş ses meniň adymy tutdy. Näçe tanyş bolsada bu ses eýýäm kesekileşipdi. Şu dilleriň dälmidi meni agladan daşbagyr, nä ýûz bilen bu gün adymy tutýarsyň.
Sesiň gelýän tarapyna ýûzümi öwürsem şol gaşlar, şol gözler, şol ýüz ýöne nuruny we mährini ýitiren. Gadyryny ýitiren ynsan. Senä ynsan diýmägede degeňok welin bolýada.
-Salam, gowmyň Rigel?
-Salam, gowy.
-Gowa hä meņzäňok meni gõrüp gaynag suw guýlan ýaly bolaýdyňla?
-Mümkin saňa şeýle duýulýandyr.
-Siz tarapa baryardym, isleseň yol ugra taşlap geçerdim.
-Ýok sagbol, biraz işlerim bardy.
-Goýsana öýüņe barýarsyňa, seni  gowy bilyärinä men.
"Ýeri biwepa bu sözleri meni ûstümden guýan gaýnag suwuňdan çykaryp oda salmak üçin aýtýaňmy hä? "
-Rigel saňa diýip durun.
-Bolýa, awtobus duralga taşlap geçäý, 10 minutlardan awtobusam ugraýar.
"Baý bä bu ulagyň güle bûrenen lbilleri saýraşyp duran howzly baga calymdaş gurşawyny dõrt tarapy gyzgyn diwarly õzem kem kem gysylyp barýan tussaghana õwrüläýşini diýsene. Öňler içimde dolup daşyp aydasym gelýän zatlaryň ýoklugyna seretmezden dymyp otyryp bilemokdym, bu gün bolsa içimde diýesim gelýän sözlem kän bolsada daşyma cykaryp bikmäni dymyp otyryn. Bu gezek sen durup bilmediňow hä biwepa."
-Onsaň näme täzelikler?
-Hemmesi gül ýaly.
"Käşgä hemmesi gül yaly bolsady. Sen sataşmadyk bolsaň hemmesi gül ýalydy. Sen edil meni daşardan bagtymy synlap bozmana gelen ýalyla."
-Hemmesini täzeden başlamak isleýän
"Õň nirdediň garaşan wagtym. Näme seniň öwrülişikli hadysanyň tebagatda ýokdygyndan habaryň ýokmy hä?
- Men bolsa islämok. Wi ýogsada sagbol hemmesi üçin.
-Sagbol, düşünmedim?
-Durmuşymdan gidip meni hakyky bagta gönükdireniň üçin.
" Ahyry aytdym, bu sõzüm hakykat. Sen meni çyndanam hakyky bagta gönükdiriň düşünjeli jenap"
-Diýmek sen mensiz bagytlyda? Meniň düşen günlerimden habaryň ýokda seniň.
-Diyseň bagytly.
"Seniň habaryň bolupmydy meniň günümden. Aýrylmagymyzy islän sendiňä? Iki ýyllap habarlaşman gezişiňem aydyp durla bagytlydygyňy. Men seni näçe gezekler idäpdim ýõne sen maňa tapylmak islemändiņä."
-Kimkä ol?
-Näme kimkä?
" Näme diýjek bolýanyňy bilip durunla. Käşge diyesim gelýänleriniň hemmesini aydyp bilsedim"
-Halaşyanyņy soradym.
-Hmm. Şahsy maglumatlary kesekilere aýdamok.
" Ýeri sen ýaňy meni gowy bilýänsiräp otyrdyňa gowy bilýän bolsaň munam bilmelä sen.Näme hõkman biri bilen halaşyp bagytly bolunýarmyka. Entegä ýok welin eger bolandada saňa aýtmazdym."
-Bäh kesekem bolupdyrysow?
" Bu sapar dymaýyn gowysy. Hawa sen nãce ýyllar ozal kesekä õwrülipdiň. Ýurtdan daşary çykyp dûşünjäň ösen soň meniň pes düşünjelidigime gõzüň yeten güni õwrülipdiň kesekä."
-Şol öňki kejirligiň.
-Şu ýerde saklaý. Hon-ha awtobusymyz hem ugrajak bolup dur sagbol.
Wah saňa diýesim gelýän zatalar kändi welin arman diýip bilmedim. Ýüzüm ýylgyrsada kalbym özüni dilimläp aglaýar. Näme üçin seni ýene unutdum diýenimde ýene peýda bolduň durmuşymda? Çuň hyýallara batyp saňa bermek islän emma, berip bilmedik sowallamy özüme ýagdyryp gelşime awtobusyň obamyza gelenini hem duýman galypdyryn.

Men sensiz bagytly, bagtym üçin maňa özüňsizligi sowgat et.



                  Rigel
6 лайков 196 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ssaparay
14 мар 2023, 21:04
Juda tanyş duýgular...
.
14 мар 2023, 21:14
Men sensiz bagytly, bagtym üçin maňa özüňsizligi sowgat et.

Su ýerdäki özüñsizlik sözuni sensizlik bilen calşsan hem logikana yatjak hemem diline akgynly bolayjak ýaly. Oýlanmañam haladym.
ssaparay
14 мар 2023, 22:01
Rigel
ssaparay,
Etrap bir bolan soň duýgular meņzeş bolup biler

Çandybil diýeniňden aňdym-la
Edepli Gödek
14 мар 2023, 22:22
O-ho şol meşhur "Çandybil" naharhanasy))
Gowy bolupdyr.
Yusup
14 мар 2023, 22:27
Rigel,

Chandybilin eyesinin yegenine bagyshladynmy onson bu hekayany