???

Atom fizikasy klassyky elektrodinamikanyň we Nýutonyň mehanikasynyň kanunlary şol fizikada şol bir düşünjelerde ýerleşeşýänine seretmezden biri-biri bilen ylaşmaýşy ýaly, men hem käteler öz-özüm bilen ylalaşmaýaryn ýogsa meniň kalbymy gurşap alan,⁷, meni oýa batyrýan duýgular  bir göwrede, bir ynsanda jemlenýär. Ylalaşmaýan duýgularym, hyýallarym edil olarsyz fizikany göz öňüňe getirip bolýan ýöne bir-birleri bilen ylalaşmaýan fizikanyň ägirtleri Isaak Nýuton, Maýkl Faradeý, Albert Enşteýn ýaly köňül dünýaňi, hyýal älemiňi olarsyz göz öňüňe getirip bolmaýan beyik hyýallar,  beýik duýgular.
Käteler şeýlebir ýylgyrasym gelýär, ýalandan ,çyndan parhy ýok ýöne ýylgyrasym  gelýär. Emma gereksiz ýerinde ýylgyrmak biziň üçin kynçylyk döredip bilýär, edil sürtülme gereksiz ýerinde köpeldip azaldan ýaly. Men şu sürtüe bilen ýylgyrmagyň arasynda birhili baglylyk duýýaryn. Biz ynsanlar hemişe hereketde şol hereketde aýaklarymyzyň aşaky üsti bilen ýeriň ýokarky üsti galtaşyp hereket edende hereketimize garşylyk ugrygan sürtülme güýji döreýär. Dogry sürtülmäni ýeňmek üçin bize güýç gerek aýaklarymyzy hereketlendirmäge, ol bizde ýadawlyk döreder emma, ol bizi aýakda ýöremegimize, dik durmagymyza kömek edýär. Ýylgyrmak hem edil şonuň ýaly güýç talap edýär emma, ol hem bize durmuşda ornymyzy tapmagymyza kömek eden dostlarymyzyň bize gerekdigini aýan etmäne, hem-de olaryň kalbyndaky az-kem wagtlyk bolsada kowmaga kömek edýär. Edil aşa köp ýylgyrma biziň aýakgabyzy tiz köneldişi ýaly, aşa köp gereksiz ýylgyrma hem ýürefimizi tiz garradýar.
Käteler kalbymda meni rahatlandyryjy hyýallar döreýär, emma yzysüre birahatlandyryjylary hem döreýär.
Bilýärsiňizmi wakuumda sürtülmäni, grawitasiýany, basyşy umuman daşky täsiri bütünleý ýok edenimizde öwrülişikli mehaniki hadysany alyp bilişimiz ýaly, biz hem hyýaly dünýämizi ähli daşky täsirlerden goraglasak onda ol öwrülişikli bolardy, ýagny ruhumyz hiç wagt bizi terk etmezdi. Emma gynansakda bu mümkin däl. Sebäbi sürtülmesiz aýakda dik durup bilemeýäris, grawitasiýa bolmasa birek-biregi hemde bütin bedenimizi, agramymyzy duýmarys. Onda agramsyzlyk bolar.( garyşdyraýmaň massa däl agram) Howa bolmasa lezzet bilen howa molekulalaryny sorup dem almazdyk. Onda bu älemde lezzetsizlik.Aralyk sreda bolmazdy howasyz giňişlikde aralyk sreda bolmasada ses tolkunlary ýaýrap bilmezdi. Onda bu hyýaly dünýämizde diňe sessizlik bolar. Hereketler bilen düşünişeris diýmegiňiz mümkin, emma hereketlerimizi töwerekdäkilere görkezmek üçin bize ýagtylyk gerek, emma Lebedow kakanyň aýdyşy ýaly ýagtylygam düşýän üstüne az owlak bolsada basyş edýär. Ýagtylyga ruhsat bersek almakçy bolýan hyýal daşky täsirden goraglanan sistemany alyp bilmeris . Onda bu hyýaly älemde garaňkylyk. Grawitasiýasyz biz bir birimizi duýup bilmeris. Ýagny, ortaça agramly adam 1 metr aralykdan 0,024mkN güýç bilen dartyşýar. Belki, bujagaz güýç örän kiçi hatda inçejik sapagy hem üzüp bilmez diýmegiňiz ähtimal, emma şujagaz güýç hem biziň almakçy bolýan gurşawymyza öz täsirini ýetirer. Onda diňe ýekelik. Bu gurşawda agramsyzlyk,lezzetsizlik,sessizlik, duýgusyzlyk, garaňkylyk, ýekelik bolsa elbetde ynsansyzlyk bolar. Ýokarda sananlarymyzyň ýekesi bolmasa biziň ýaşaýşymyz bolmazdy. Sebäbi biz jisimem, ideal gazam däl biz ynsan.
Biz edil ideal gaz ýaly bizi häsiýetlendirýän ululyklaryň biri hemişelik bolup beýlekileri özlügimizi saklap bilemeýäris. Duýgularymyzy edil Karnonyň ideal maşyny ýaly energiýamyzy daşgy gurşawa harçlamany kalbymyzda aýlap bilemeýäris. Sebäbi biz ynsan. Diýmek edil ýaşaýşymyzy tebigatyň kanunlary bilen dowam edişimiz ýaly bize begenjem, gynanjam, gaýgam, gaýgysyzlygam, kynçylyk, kynçylyksyzlyk, rahatlyk, birahatlyk, söýgi, ýigrenç,..........  hemmesi gerek. Ýöne ýene bir zady berk ýadymyzda saklalyň her zadyň öz aňry çagi bar. Ýagny, ýagtylyk dereginden öte güýçli bolsa görejimiziň tekizliginde amala aşjak fotohimiki reaksiýa has güýçli bolar we netijede 380-760nm aralykgyndaky göze görünýän ýagtylyk tolkunlaryny hem saýgaryp bilmeris, bu bolsa elbetde körlige alyl barar. Sesiň gatylygy 130db-dan ýokarlanyp başlasa ilkä iki gula täsir edýän binoural effekt gulakda agyry döredip ahyrynda kerlige alyp barar, sürtülme güýji ýokarlansa ýagny galtaşýan üstler has büdür- südürleşse biz umuman hereket edip bilmeris. Şol sanda ynsan duýgulary hem aňry çäginden geçse duýgusyzlyga alyp barar. Edil tertip belgisi 81 ýokary bolan elementleriň öz özünden radioişjrň şöhleleri göýberişi ýaly bizem gadyrdanlarymyzyň durmyşyna şöhleler saçalyň, özü ot bolup ýanyp 6000K temperaturada bütün älemi ýagtyltýan Gün ýaly özümiz gyssakda kakalarymyzyň, ejelerimiziň, doganlarymyzyň, ýan ýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň dünýäsini ýagtyldalyň.

                                      Rigel
1 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.