Halaýan Gyzyňyzyň Ýanynda Rahat Bolmagyň 3 Ýoly

Her gün her-hili adamlara duş gelýärin we olary öz şahsy durmuşy bilen meşgullanýarka synlamagy gowy görýärin.
Esasan hem erkekleriň gowy görýän gyzlary bilen kafede restoranda duşuşmaga gidenlerinde. Olaryň ählisi şol bir ýalňyşy edýärler. Erkekler gyzlar bilen ilki tanyşýar, soň bolsa duşuşmagy teklip edýärler. Bu ýerde gyz oglany barlaýar. Oglany soraga tutýar, daşky keşbini, geýinişini, gürleýşini gözden geçirýär we onuň içgi dünýäsini tanajak bolýar. Çünki bolmasa soň azar berjek oglan islemeýärler. We erkekleriň edýän ýalňyşlygy bu "barlagly" duşuşykda tolgunýarlar, elleri derleýär, dem alyşy tizlenýär. Daşyndan belli etdirmejek bolsalar hem içinde "tupan" turýandygy beden dilinden we gürleýşinden bellidir.
Muny gyz hemmelerden has çalt aňýar we oglany synap görmek üçin ony has hem tolgundyrar. Emma käwagtlar bolsa gyz oglandan umydyny üzýär. Çünki gyzda şu pikir döreýär:"Ýönekeý duşuşykda beýle tolgunýan bolsa, çyndanam kyn ýagdaýa düşse näme ederdikä?"
Bu ýönekeý duşuşygy kyn edip görkezýän zat bolsa beýnimizdir. Beýnimiz şol gyz bilen geljekdäki bagtly durmuşyň bu duşuşyga baglydyny düşünýär we gyzy haýran galdyrmak üçin elinden gelenini edýär. Erkekleriň beýnisiniň %80-i many %20-i duýgy ýöredýär. Emma bu duşuşykda manynyň gerek işi ýok we netijede biz özümize bolan ynamymyzy ýitirýäris we hakyky durmuşdaky "özümiz" bolmaýarys. Gyzlarda bu dereje edil tersidir we şonuň üçin gyzlar gürleşmäge bizden tebigy derejede öňdedir.
Aslynda etmeli zat Dünýägaraýşymyzy üýtgetmek!
1)Olam adam: duşuşykdaky gyzyň hem adamdygyny boýun alyň. Köp erkek halaýan gyzyny ýokary derejelere göterýär. Ony haýran galdyrmak ýa-da göwnüni hoş etmek üçin dälde, biri-biriňizi tanamak, düşünişmek üçin duşuşmaga gidýäniňizi ýada salyň.
2)Şatlanyň: iki adamyň biri-birini tanamagynyň iň gowy ýoly bile şatlykly wagt geçirmekdir."Ol ajaýyp bolmaly" diýen düşünjäniň ornuna, "Göreli bakaly, gözellikden başga näme zatlara eýe?" diýen düşünje bilen duşuşmaga gitmek, üstüňizdäki tolgunmany uly ölçegde gowşadar. Umuman rahat boluň we şatlykly wagt geçirmäge üns beriň.
3)Başga gyzlar bilenem gürleşmäge başlaň (dost hökmünde): bir gyz bilen ilkinji sapar duşuşmaga gitmegiňiz, söýgüli bolanlygyňyzy aňlatmaýar. Tersine ilkinji duşuşygyň manysy biri-biriňi tanamakdyr. Söýgülisi barka başgalar bilen duşuşyga gidýän adamlaryň psihologik problemalary bardyr. Emma halaýan gyzyň bilen duşuşyp ýörkäň, başgalar bilen dost hökmünde gürleşmegiň erbetligi ýok.

Öz dilim bilen terjime etdim, teswirlerde baha beriň, okaýandyryn ░ ZENAN AWÇYSY
2 лайков 121 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.