...

Hakyky baýlyk näme?Hakyky baýlyk altyn,kümüş,gymmatbaha daşlar,nebit-gaz,tebigy baýlyklar we ş.m.Dollar,manat,ýewro...bular adaty bir kagyz.Kartdaky pullaram edil şonuň ýaly.
Şeýle bir sistema döredilen-bu sistema arkaly,adaty kagyz (pul)bilen elimizdäki hakyky baýlyklarymyzy bizden alyp durlar.Mundan maksat özleriniň baýamagy däl-de,biziň hiç zatsyz galmagymyz.Biz haçanam bolsa gory gutarmaly bolan baýlyklarymyzy,olaryň "dollar" diýip atlandyrýan marožny kagyzlary bilen çalyşýas.Ahyrsoňy, çalyşmaga zat tapmazdan eýlä-beýlämize garanjaklap başlaýarys.Elimizdäki bar toplan million-milliard dollarlarymyz bolsa, bir sekundyň içinde hümmetini ýitirýär.Derde ýaraman bir petde kagyzlara öwrülýär.Hiç zatsyz galanymyzdan soň,doly olaryň ygtyýaryna özümizi tabşyrmaga mejbur bolýarys(ýaşajak bolsaň bir zat iýip-içmelä)ijede,häzirki baýlar we garyplar deňeşdirilýär.Her birimiziň adymyza şahsy debit kart berilýär.Kagyz,demir pullar düýbünden ulanyşdan galýar.Hiç kim ikinji kart açyp bilmez ýaly bolýar we her birimiziň pullarymyz kompýuter arkaly doly gözegçilikde saklanylýar.(hiç ýerden artykmaç bir manat pul hem geçirdip bilmeris).Bir ýerde işleýän bolsak aýlygymyz kartmyza göni geçirilýär.Meselem:Üç müň manat aýlygyň bolsa,her aýda kartyňa şonça mukdarda pul geçirilýär.Bir aýyň dowamynda içinde agyşdyran puluň aýyň başyna köýdürilýär we ondan soň täze aýlyk hakyň geçirilýär(häzirki minutlyk tarifler ýaly).Her kimiň aýlygyny bir aýa ýetirip-ýetirmezligi öz problemasy bolýar.
3 лайков 167 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress21
07 апр 2023, 21:25
Senden ykdysadyýetçi çykar.
Hiayress21
07 апр 2023, 21:27
Hakyky baýlyk - wagt, saglyk we özüňi kämilleşdirmek üçin berilýän mümkinçilik (onam dogry peýdalanyp bilmek).
Dowsypat
Автор 07 апр 2023, 21:28
Senden ykdysadyýetçi çykar.

Ykdysadyýetçi boljak dälä.
Dowsypat
Автор 07 апр 2023, 21:29
Hiayress99 on № 2 Şu gün, 21:27
Hakyky baýlyk - wagt, saglyk we özüňi kämilleşdirmek üçin berilýän mümkinçilik (onam dogry peýdalanyp bilmek)

Sendenem hakyky pelsepeçi çykjak.
Kerbaba
08 апр 2023, 00:53
душунмедим?Картда алман галдыран сумман дурчра. Наме учин коййар?Кабир кишилерин картда йыгнан пулы 10-12 мун манат бар.
Yusup
08 апр 2023, 07:01
Hakyky baylyk gyz gelinler. Seni pul tapmaga howeslendiryan sholar
Owrenyan
08 апр 2023, 08:27
Baýlyk / erteki

Bir bar eken, bir ýok eken. Ýok zad-a ýok eken, bar zadam bar eken. Ýöne ýok zatlardan bar zatlar has köpräk eken, has gowurak eken. Gadym zamanda, ýurduň çetinde ýerleşen uly obada, bir garyp ýigit ýaşaýar eken. Ýöne ol garyplygyna garamazdan juda göwnaçyk ekeni. Şonuň üçinem onuň dosty köp bolupdyr. Gynanan günem onuň ýany ýagdaýyna düşünýän ýürekdeş adamly bolupdyr, begenen güni-de ýanynda onuň şatlygyna özünden beter şatlanýan dostlardan doly ekeni. Hemişe-de, mümkinçilik boldugyndan ol-a dostlaryna, dostlary hem oňa goldaw bermäge çalşypdyrlar. Şeýle ýaşap ýörşüne-de ol ýigit özüni hiç kesden pes saýmandyr.
Emma, günlerde bir gün, ol baý obadaşlarynyň biriniň toýuna barypdyr welin, hyzmat edip ýörenler kän bolsa-da, hiç kim onuň ugruny hem idemändir. Hyzmatçylaryň barysy epeý-epeý baýlaryň-barjamlylaryň daşynda hozanakmyş. Muňa öte kemsinen garyp ýigit gaharlanyp, toýdan duz datman turup gaýdypdyr. Ýolda gelýärkä-de ol tütjar baý bolup, hemmelere özüni sylatmagy ýüregine düwüpdir.
Niýetiňi berke tutsaň, bolmajak zat barmy, eýsem?! Şol pursatdanam başlapdyr. Garyp ýigit öňküsi ýaly öz maýdalyna, gün-güzeranyny aýlamak üçin agaýana işlemän, gijesini gündiz edip, nebsini öňüne düşürip, puluň-baýlygyň yzynda hars uruş başlapdyr. Nebsiniň guluna öwrülip, pelesaň kakyp ýörşüne ol dostlaryny-da undupdyr, adamkärçiligi-de ýadyndan çykarypdyr. Özi gatnaşygy kesenden soň dostlary hem onuň ýanyna görme-görşe gelmeklerini bes edipdirler.
Owrenyan
08 апр 2023, 08:28
Dowamy

Günleriň geçmegi bilen ol ýigit tütjar baý bolupdyr. Onuň akly-garaly mallary, süri-süri bolup, çölde hem dag eteklerinde agyp-dönüpdirler. Onuň gymmatbahaly harytlardan gülebentli hatar-hatar kerwenleri, magryba-maşryga ýol ýasapdyrlar. Onuň meýdanlarynda akbaş bugdaýlar deňiz kimin tolkun atyp, şemalyň badyna gelesläpdir. Onuň çar baglarynda bitýän datly miweler bazarlara çykarylandan soňra tylla teňňelere öwrülip, yzyna gaýdyp gelipdir. Onuň sekiz ganat ak öýleriniň birnäçesi hemişe myhmanly bolupdyr. Ýöne ol myhmanlaryň ählisi hem, öňki dostlary ýaly onuň ajysyna-süýjüsine däl-de, baýlygyna şärik bolmaga dyrjaşypdyrlar.
Şeýle ýaşap ýörşüne-de, günleriň birinde ýaňky ýigit agyr kesele sezewar bolupdyr. Töweregindäki aş dostlary amanadyny tabşyrandan soň onuň maly-mülkünden miras paýyna hantama bolup, oňa ýerli-ýerden hyzmat eden bolupdyrlar. Sagalmagyny islemeseler-de, şony isleýänden bolup, dürli ýurtlardan ussat tebipleri çagyrypdyrlar. Emma hiç bir em onuň derdine derman bolmandyr. Çünki ol daşyny gallap oturanlar özüne näçe hyzmat etseler-de, olaryň özüne kiçi dilden bärde idi-yssywat edýändiklerini, eýýämden özüniň diş-dyrnak bolup toplan baýlygyny öz aralarynda paýlaşýandyklaryny durky-düýrmegi bilen syzypdyr. Olaryň arasynda özüni juda ýalňyz duýupdyr.
Tukatlyk basmarlaýandygy zerarly, onuň ýagdaýy gün-günden egbarlapdyr. Ahyry bir gün onuň yzyndan Ezraýyl perişde gelipdir. Ol hemişeki edähetine eýerip, ilki garyp bolup soň baý bolan ýigdiň başujuna geçip oturypdyr-da, onuň gözlerine siňe-siňe garapdyr. Soňam özüniň agrasdan gamgyn sesi bilen sowal beripdir:
-Hudaýyň bendesi, seniň gözleriňde arman bar. Aýt, näme ahmyryň bar?! Men seniň iň soňky dilegiňi wysal edeýin.
Owrenyan
08 апр 2023, 08:28
Dowamy-2

Ýigit ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny ysgynsyz gymyldadyp:
-Eý Aksaç perişde, men, Haktagalanyň döreden bu ýagty jahanynda bir öte agyr hata etdim. Şony düzetmäge mümkinçilik ber!-diýipdir.
-Ol nähili ýalňyşlyk? Aýt, eger-de päk Perwerdigäriň maňa bagyş kylan kuwwaty ýetse, men saňa ýardam bereýin.
-Meniň jana-jan dostlarym bardy. Men bolsa baýlyga-pula kowalaşyp, olaryň göwnüne degdim, olardan ýüz öwürdim. Indi, bu dünýädäki müddetim paýawlamanka olar bilen bir yrzalaşyp ýetişsem…
-Bary hem şujagazmy?-diýip Ezraýyl perişde elini çarpypdyr welin, dem salymda ýigdiň dostlary onuň gaşynda peýda bolupdyrlar. Olar birbada özlerine näme bolandygyna düşünmändirler, ýöne düşekde mejalsyz ýatan köne dostlaryny gören batlaryna olar özlerini undup, hiç zat soraman-idemän, ýerli-ýerden oňa kömek etmäge topulypdyrlar. Biri arkasyndan galdyryp onuň agzyna melhemli käsäni tutup beripdir, beýlekisi: “ajyja gök çaý içse, häzirjek derlär-de, derrew gutular ötägider” diýip çaý gaýnatmaga ylgapdyr, ýene-de biri: “ine, şeýdip endamyny owkalaryn welin, ähli derdi-yzasy meniň owmaç edip barýan ellerimden gorkujygyna, bedeninden zut ökjäni göterer” diýip onuň endamyny owkalap ugrapdyr… Geçen ýyllaryň öýke-kinesi-de, ähli zadam dostlarynyň haly harap hassa halyny gören batlaryna olaryň hakydasyndan zym-zyýat bolupdyr.
Dostlarynyň ýigdiň üstünde kökenek boluşlaryny görüp, Ezraýyl perişdäniň ýigdi ýürekdeşlerinden aýyrmaga ýüregi gyýmandyr. Ol sesini çykarman öýden çykyp ötägidipdir. Diňe tüýnükden onuň dana agraslykdan doly çuňňur owazy eşidilipdir:
-Ynsan, seniň iň gymmatly baýlygyň ýürekdeşleriň ahyry!...
Owrenyan
08 апр 2023, 08:30
Tekepbir gurbakgajyk hakynda erteki

Bir-ä bar eken, birem ýok eken. Gowy zat bolsa-ha bar eken, erbet zat bolsa-da ýok eken. Garagum çölüniň göwsüni dilip geçýän Garagum derýasynyň kenara ýakyn ýalpak ýerinde, bir gurbakgajyk ýaşaýar eken. Ol ilki diňe kelle bilen guýruk bolsa-da, soň ösüp-ulalyp, aýaklary çykypdyr welin, özüni gurbakgalaryň iň ulusy hasaplap, sesine bat berip, ýetişibildiginden “warryk-warryk” edip başlapdyr.
Öz “warryldylary” bilen ber-başagaý bolşup ýören beýleki gurbakgalar bolsa oňa garşy çykjak hem bolmandyrlar. Muňa hasam ekezlenen gurbakgajyk öz ýanyndan: “Bularyň hiç haýsy meniň diýenime däl diýmäge het etmeýär welin, diýmek men olaryň ählisinden üýtgeşikdirin. Men gurbakga-da däl-de, ýüzgür balyk bolmaly” diýip pikir öwrüpdir. Soňam gurbakgalaryň arasyndan saýlanyp, balyklaryň arasyna göçüpdir.
Ilkibaşda balyklardan çekinse-de, soňabaka öwrenişip, olaryň arasynda-da: “Men hemmäňizden ekabyr, güýçli, ýüzgür balyk!” diýip öz dilinde “warryldap” ugrapdyr. Balyklar, hiç haýsy oňa düşünmeýändigi üçin, üstesine-de ol horja gurbakgajyk bolandygy sebäpli, oňa ünsem bermändirler.
Bu ýagdaýa has hem dogumlanan gurbakgajyk: “Bular meniň ýanymda jyňkyny çykaryp bilmeýärler welin, men balygam däl-de, äpet sekizaýak öýdýän!” diýip özi hakda göwnühöş oýlanypdyr-da, sekizaýaklaryň mekanyna göçüpdir.
Diňe kelle bilen aýak bolup duran mähnet sekizaýaklardan ol ilkibada öte üýşenipdir. Ol göçüp baran gününi iki sany daşyň arasynda gizlenip geçiripdir. Emma mähnet jandarlaryň hiç haýsynyň özüne üns bermeýändigini görüp: “Bularam menden heder edýärler öýdýän! Diýmek, men sekizaýaklaryň hem iň äpedi bolaýmasam!” diýip öz ýanyndan öwrüp-çöwrüpdir-de, gizlenen ýerinden çykypdyr.
Soňam öňki edähetine eýerip, “warryldamaga” başlapdyr. Şol pursadam, ýaňy dünýä inen kindiwanja sekizaýajyk, äpet enesine gysmyljyrap ýatyşyna, onuň “warryldysyna” bimaza bolup, birje aýajygyny galgadyp goýberipdir welin, daşyň ýüzünde tekepbir gurbakgajygyň tegmili-de galmandyr. Wessalam, erteki tamam.