*****



«Çagalaryma çörek gözläp çykyp gitdim. Birden hemme ýer hümmürdäm tozanyň içinde galdy. Hasanaklap yzyma ýüwürdim. Gykylykdan ýaňa gulagym gapylypdy.
Baryp görsem öýüm ýer bilen ýegsan bolupdy. Gözüm garaňkyrap maşgalamy gözläp başladym. Oglum Abu Bekri gördüm, ol ölen eken.

Ah çekip beýleki perzentlerimi gözläp başladym. Uly gyzym Leýlanyň betonyň aşagynda gysylyp ýatanyny gördümde, janhowluma çykaryp almaga synanyşdym.

Görsem, ol'am jan beren eken

Gözüm garaňkyrap, demim içime dykyldy. Aýalymyň aýagyny gördüm. Gymyldanokdy. Gygyryp goýwerdim. Janymdan artyk görýän maşgalam bir pursatda meni terk edipdiler.

Gulagyma iňňildeýän ses eşidildi. Howsala düşüp sesiň nireden gelýändigine üns etdim. Kiçi oglum Omaryň eli. « Oglum! Oglum, dirimi sen» diýdim, aglap. Kalbymda umyt uçgunlary döredi.

Ony daş, betonyň adagyndan sogrup almagaçalyşdym. Üstündäki ýüki aýyryp taşlamak aňsat bolmady. Ony elime aldym. Ol diridi. Ýüzüni ýüzüme basdym.

Oglum diýdi: «Kaka, siz aglamaň! Biz elebetde jennetde görüşeris! Özüňiz aýdypdyňyza: « Jennetde hezil edip ýaşarys», diýip.

"Ýok öglum, haýyş edýän, sen'em taşlap gitme kakaňy!" diýdim, aglap.

Ol zordan ýylgyrdy. Asmana seretdi.

«Kaka, men jenneti görýärin! Ol şeýle bir gözel ýer eken. Meň o ýere tizräk barasym gelýär diýdi ýuwaşjadan.

Men ony gujaklap, bagryma mäkäm basdym. Gygyryp agladym. Ony gujagymdan göýberemde bolsa ol jan beripdi.

Gözleri açyk, ýylgyryp asmana seretip gatap galypdy.

Men maşgalama wada berdim. Bigünä ölüp giden näçeden-näçe çagalara wada berdim. Men ar alaryn! Maşgalam üçin möminler üçin ar alaryn! Zalymlary ýer bilen ýegsan edinçäm gitmerin. Men Hudaýyň öňünde wada berýärin!"

Siriýaly bir adamyň durmuşyndan
5 лайков 149 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
12 апр 2023, 11:48
Barsyna G8 dowletler gunakar. ABS Anglya Fransiya Turkiye Rossiya garaz guycli dowletler gunakar shulan olmegine
Babababababaý
12 апр 2023, 11:56
Ol gaharyny esgerden çykarýar komandirdan dälde. Habary ýok esgeriň diňe bir ýumuş oglanydygyndan. Şu zatlaryň barynyň Allanyň emri bilen bolýandygyndanam bihabar. Alladan bidin çöp başy gymyldamaz. Söweşseň komandir bilen söweş gula pitjin atmada.