Ýazuw testi
“MENIŇ HAT-ÝAZUWYM – MENIŇ HÄSIÝETIM!”
(Hat-ýazuw (почерк) bilen häsiýeti bahalandyrmak.)
Köplenç şeýle bolýar, tanajak bolýan adamyň özi barada hiç zat gürrüň bermeýär. Hat-da tanamaga mümkinçilik hem döretmeýär. Onuň häsiýetini öwrenmäge we tanamaga hiç hili mümkinçilik ýok, beýle ýagdaýda onuň ýazan hat-ýazuwyny almaga çalyşyň.
Belli bolşy ýaly, adamyň hat-ýazuwy we häsiýeti iki sany dürli-dürli zat, emma harplaryň ýykylyşy, gurluşy, ölçegi we şuňa meňzeş alamatlary boýunça adamyň öz dilinden gürrüň beren maglumatlary ýaly , hatda ondanam köp maglumat almak bolýar.
Indiki mesele boýunça biz hat-ýazuwyň käbir aýratynlyklary boýunça onuň eýesine mahsus häsiýetleri bahalandyrmaga çalyşarys.
Bu ýerde ýerine ýetirmeli iş şu aşakdaky görkezilen punktlar boýunça hat-ýazuwa degişli baly çykarmaly we ballaryň jemi boýunça onuň eýesini häsiýetlendirmeli.
1) Harplaryň ölçegi:
a) 2-3 mm, ýa-da has kiçi – 3 ball;
b) 4-5 mm – 7 ball;
c) 6-7 mm – 17 ball;
d) 7 we ondan ýokary – 20 ball.
2) Harplaryň ýykylyşy:
a) Has çepe ýykylan harplar – 2 ball;
b) Biraz çepe ýykylan harplar – 5 ball;
c) Harplar hiç tarapa ýykylmadyk, göni – 10 ball;
d) Biraz saga ýykylan harplar – 6 ball;
e) Has saga ýykylan harplar – 14 ball.
3) Harplaryň sudury:
a) Tegelenip ýazylan harplar – 9 ball;
b) Anyklamak kyn – 10 ball;
c) Burçlak, kertik edilip ýazylan harplar – 19 ball.
4) Ýazgynyň kagyzyň ýokarysyna görä otnositel ýerleşişi:
a) Parallel – 12 ball;
b) Setiriň ýokara üýtgemegi – 16 ball;
c) Setiriň aşak üýtgemegi – 1 ball.
5) Galamyň ýa-da ruçkanyň basylyş güýji:
a) Ýeňil – 8 ball;
b) Ortaça – 15 ball;
c) Güýçli – 21 ball.
6) Harplaryň ýazylyş häsiýeti:
a) Harplar goşulyp ýazylan – 11 ball;
b) Aýry-aýry ýazylan harplar – 18 ball.
7) Harplaryň ýazylşyna umumy häsiýetnama:
a) Hemme harplar arassa, tertipli ýazylan – 13 ball;
b) Hat-ýazuw arassa, ýone käbir sözleri okap düşünmek kynçylyk döredýär – 1 ball;
c) Hat-ýazuw bulaşyk we düşnüksiz – 4 ball.
Indi bolsa bellenilen ballaryň jemini çykarmaly. Mümkin bolan has takyk maglumaty almak üçin şol bir adamyň birnaçe hat-ýazuwynyň nusgasyny deňeşdirmeli.
Netije:
38-balldan 51 balla çenli;
Beýle hat-ýazuwy bar bolanlar adatça durmuşdan yzagalak, başarjaňlygy pes adamlar bolup, tabşyrylan ýumşy kynçylyk bilen ýerine ýetirýär. Olar garşylyk görkezmegi başarmaýar. Bu adamlar öz-özi bilen, öz gyzyklanmalary bilen gümra bolýarlar. Beýle adamlary dolandyrmak aňsat, olar başga adamyň täsirine çalt girýär.(gepe gidýär). Bu adamlarda alkogolly içgileri, narkotiki serişdeleri ulanmaklyga ýykgynlyk köp bolýar. Bu adamlar şowsuzlygy “agryly” kabul edýärler. Özlerini şowsuz adam hasaplaýarlar. Bu topara ussat kompýuterşikleri ýa-da futbol janköýerlerini hem degişli edip bolar.
52-dan 63 balla çenli:
Bu topardaky adamlar, belli bolşy ýaly erk güýjüne eýe däl, olar gaty çekinjeň, köplenç tankydy ýagdaýlarda özüni ýitirip, aljyraňly ýagdaýa düşýärler. Köp soraglara jogap bermekde passiwlik döreýär. Olar entek öz şahsyýetini aňlap ýetişmedik adamlar. Beýle adamlar arzuwçyl bolýar, ýöne öz arzuwlaryny durmuşda az amala aşyrýarlar. Beýle adamlara ykmandalar, sergezdan adamlar ýa-da spirtli içgilere ýykgyn edýänler degişli.
64-dan 75 balla çenli:
Bu adamlar ýeterlik derejede agras, asylly, özleriniň ýumşak häsiýetleri bilen tanalyp, töweregindäkileriň pikirlerine hormat goýýarlar. Olara tebigy tarapdan berlen ynandyryjy häsiýeti bolup, oňa tejribeli, öňden görüji adamy hem aldamak ýeňil bolýar. Öz-özüne pes baha berýändigi kä wagt olara, öz “men” duygysyny ýatdan çykardyp başga adamlaryň täsirinde bolmaklygyna getirýär. Beýle adamlar tankydy ýagdaýlara garşy göreşmeklige çalyşýar, ýöne köplenç açyk gödeklik ýa-da basyş bilen gaýtargy berýärler.
76-dan 87 balla çenli:
Beýle hat-ýazuwy bar bolan adamlar ak ýürekli, açyk häsiýetli, deňdurkly, gönümel adamlar. Olar beýlekileriň pikirine çydamlylyk bilen garaýar, ýöne öz üns merkezini goraýarlar we öz pikirinde galýarlar. Yakyn adamlarynyň ikilik etmegini iň bir ýaramazlyk hasap edip, olary hiç haçan bagyşlamaýarlar. Ýöne bu adamlar dosta wepaly, öz dosty üçin oda ýa-da suwa bökmäne taýýardyrlar. Belent maksatlara ýetmek üçin ähli zada taýýar.
88-den 98 balla çenli:
Has beter artdyrylan dereje. Bu topardaky adamlar aldamaga ukyply däl, özüniň deňdurkly, çydamly häsiýeti bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Çykgynsyz, tankydy ýagdaýlarda batyr ýürekli, mert, üstünlige ynamly hereket edip bilýär. Olaryň kellesinde meýilleşdiren plan-işleri köp bolup, bu işleriniň köpüsini hakyky amala aşyrmak barada ýiti pikirlenýär. Hemme zada degişme bilen düşbi jogap berýär, aňly hereket edýär.
99-dan 109 balla çenli:
Bu topara degişli adamlar hereketlere we ýagdaýlara garaşsyz. Olarda ähli meselesi üçin öz şahsy pikirleri bar. Bu adamlarda bilimlilik ýokary bolup, ýatkeşliginiň ýitiligi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Käbir ýagdaýlarda olar özlerini çak edilmeýän we dawaçyl ýagdaýlarda alyp barýarlar.
110-dan 121- balla çenli:
Bu häsiýetdäki adamlar hökümli, talap ediji, öz arzuwlaryna we özdiýenliligine boýun egdirmäni halaýan adamlardyr. Bu adamlar tarapyna gönükdirilip aýdylan her bir sözi olar göwnüne alýarlar we hiç wagt ýadyndan çykarmaýarlar. Bu adamlar üçin özüni deňagramlylykda saklamak uly mesele bolup durýar. Olar bir adam bilen söhbetdeş bolanlarynda-da minnet edýandirler.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.