Ýatlamaga ýaltanmaýan ýatlamalarymdan
Ikinji klasdyk. Ýatlama galdyrmak ücin iñ gowy döwürlerden biridi. Parallel klaslarymyza "B klaslar biderek, mollumlarynda ýok derek" diýişip diss oklaşýan wagtlarymyzdy. (A klaslarda okanlara mähirli salam, hormatlamak bilen @Menzil). 2-nji synp, bu belki-de ilkniji söýgüniñ synpydyr.
Ähli zat duýdansyz bolupdy. Öñ üns bermäýänimi, indi ünsümden düsürip bilmeýärdim. Ýanynda aljyramazlyk elimde däldi. Ol perizadyñ maña ýüz bermeýänligi, oña bolan söýgümi has güýçlendirýärdi. Klasda şondan başga gyz klasdaşlarymyñ yüzleri ýaponlarynky yaly birmeñzeş bolup görünýärdi.
Ine-de haçandan bäri garaşylyp gelinýän günem gelip ýetdi. Bu gün bedenterbiýe sapak bar. Iñ gowy oýunlardan biri bolan Ayçördek oynaýas. Menem mydama bolşy yaly daşynda. Eyjejik perizadam içinde. Içinde 8 adam bolmagyna garamazdan menem diñe şol gyzdan degirjek bolaýşymy diýsene. Güýcli gollarym bilen topy diñe şol gyzdan zyñýaryn, ol bolsa keyik yaly bökjekläp zyñan topumdan gaçýar. Ahyry islän zadym boldy, dogrujasy islemedik zadym boldy. Añyrdan gelyän topy batly depýän, olam onuñ manlaýyndan degýär. Gözlerinde ýaş. Batly sesi bilen: "seni molluma aytjak" diydi. Menem gözumi mäş yaly edip añkaryp durn. (Men beyle planlamandym ahyryn. Men topy zyñmalydym. Olam: "@Menzil sen şeýle bir çakgan we calasyn oglan ekeniñ. Eger-de agşam işiñ yok bolsa bir ýerlerik oturmaga gidelile" diýmelidi. Ýöne bu plan 5 minut öñ has manylydy). Seyle bir calt geldi yzyna, we hic zat gurlemedi. Yz yany ikilikci Myradow gelip "@Menzil seni mollum cagyryar" diýdi. Assa ädimläpjik kempir hemem garakcy garynymly mollumyñ ýanyna barýan. Girdim klasa, gaharly hemem exo-ly sesi bilen gygyryp:
-Hãzir şoña bir zat bolsa men onun ejesine näme diymeli ankow?!
-ýoklaý mollum yalñyşyp degdiläý (ýañjada topy degirjek bolup jan edýän oglanyn gürrüñine seretsene). Garaz klasdan diri çykdym. Ýöne esasy zat meñ klasdan diri çykmagym däl-de ol eýjejigiñ mañlaýydy. Ozalama halanok meni, indi bolsa ýigrenýär. Ýöne "iñ beýik söýgüler, yigrençden başlar" jümlesi meni intägem umytdan düşürenok. Aradaky buzlary eretmek ücin ýakymly pursat gerek.
Ertesi güne gecdik. 2-nji sagadam Zähmet. Bizem her gezek daşaryny arassalamak bahanasy bilen daşaryk cykyardyk, klas bolup. Basgaça aydanyñda probedenterbiye sapak. Dostym Muhammet ol eýjejigiñ jorasyna suw sepyär. Eyjejigem jorasyna kö9mek etmek üçin Muhammede suw sepýär. Muhammet:
- @Menzil nä dursyñaý, olara iki menem ýekeje. Bolda kömekleşdä how senem.
Oppa al saña pursat. Ylgap, klasa girip, Merdanyñ arka sumkasynyñ cep jübsindäki pepsi boklaşga doldurlan arassa suwy Merdanyñ özünden soraşman aldym. Aýagallygyna öz özüm bilen gürleşýän. (Men häzir suw sepern, olam menden aryny aljak bolup maña seper. Garaz ikimize degişli gyzykly wakamyz bolar, soñra ol menden söygulin barmy diyip sorar. Sonra biz bagtly durmuş gurars). Elim suwly cykdym daşaryk, olaram Muhammedi gowy edip suwarypdyrlar. Menem ylgap barýan eyjejige tarap, we öz-özume motiwasiya berýän (hic-hili aljyraýmagyn @Menzil. Olam beyleki gyzlardan gaty üytgesik däl-ä. Esasy zat suwy göni sepmeli hemem dem almagy ýatdan cykarmaly däl). Yzyndan bardym, elim suwly. Suwy sepjek wagtym ol eyjejik yzyna öwrüldi we göni gözüme seretdi (nirden aljyramajak).
-suw sepeýinmi (özünden sorabilýänä :eliniñ aýasyny mañlaýyna urýan kaçok stiker:)
-sepme!
-onda kime sepeýin?
-Muhammede sep.
-ol menin dossuma.
-onda hiç kime sepme.
-bolyar.
Aljyrañly ýagdaýyma görä diýseñ gowy kanagatlandyrdym bu pursady. Diýseñ begenýárdim. Sebäbi ilkinji gezek diýen yaly gürründeş bolupdyk. Şol gije yatmak hem añsat bolmandy:)
Garaz seyle mähirli ýatlamalary ýatlamak elmyda yakymly...

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.