Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy
Edebiýat agşamynyñ bu sanyny öñkilerden has-da şowhunly geçdi diýip hasap edýärin. Çünki, agşamyñ bu gezekki myhmany Gurbandurdy aga juda degişgen, alçak adam eken. Dogrusy, hiç bir edebiýat agşamynda munça gülmändim.
Edebiýat agşamynyñ bu sanyna barýarkam birazajyk ýekesiränimi boýun almakçy. Çünki hemişeki ýoldaşym @Rigel agza bu gezek Daşoguz ilindedi (. Onda-da endik boýunça "Aşgabadyñ ýalkymynda" garbak-gurbak edindim. Ilkibada @Bendtner agza habar edäýsemmikämem diýdim ýöne ady belli gysygyñ naharhananyñ tölegini özüne töleder öýdüp, gitmezlik üçin müñ bahana tapjagyny bilip, ol pikrimden el çekdim.
Kämil bilim merkezine baranymda sagat 16:45 töwerekleridi. Heniz 7-8 sany adamyñ gelendigine garamazdan Gurbandurdy aga bireýýäm gürrüñdeşlige başlan eken. Ýaşuly şahyr tutuş durky bilen janly taryh. Ol gatnaşyjylara sowet soýuzy döwrüniñ belli ýazyjy-şahyrlary bilen düşen suratlaryny ýekeme-ýeke görkezdi. Hersinde suratdaky meşhurlaryñ üstünde aýratyn durup geçdi. Şol döwürlerde bolup geçen wakalary gyzykly äheñde gürrüñ edip berdi. Bir suraty görkezip, "Bu ýerde Kerim Gurbannepesow, bu Näzik Annatyýewa, bu bolsa ýaş şahyr hemem garry mugallym Gurbandurdy Orazow" diýip, ählimizi gülüşdirdi. Ata Atajanow, Atamyrat Atabaýew, Atajan Annaberdiýew ýaly şahyrlar bilen ýakyndan dost bolup gatnaşandygyny aýtdy. Soñam bize garap: "Men size taryha girmegiñ ýoluny aýdaýyn. Uly eser ýazjak bolup ýörmän, şunuñ ýaly beýik şahsyýetler bilen surata düşseñ taryha girýäñ. Görýäñizmi, meñ hemme kişi bilen suratym bar" diýdi. Biz ýene hezil edip güldük.
Gürrüñdeşligiñ başlarynda bir ýaş oglanyñ "Bu gezek alypbaryjy ýokmy? " diýen sowalyna "Alypbaryjy gerek däl. Men öñ tamada bolubam işledim" diýip, ýene güldürdi.
Dogrusy, Gurbandurdy aga başlarda biziñ sowallarymyza gülküli äheñde jogap berdi. Bu bolsa bizi sorag bermäge çekindirdi. Meselem meniñ "Siz sowet soýuzy döwrüniñ edebiýatyna şaýat bolduñyz. Şol döwür bilen häzirki döwür edebiýatynyñ arasynda parh näme? Türkmen edebiýatyna geljekde ýitip ýok bolma howpy abanýarmy?" diýen sowalyma diñe "Toba, essapyrylla!" diýip gülküli jogap bermek bilen çäklendi. Oglanlaryñ biri "Size meşhurlyk getiren goşguñyz näme?" diýip, soranynda "Meşhur-da men şu wagt!" diýip jogap berdi. Soñam bir başdan geçirmesini gûrrüñ berdi:
- Bir okuwçym sorady. "Mollum siz şahyrmy?". "Meniñ edil Puşkin ýaly Pyragy ýaly dünýä tanalýan şahyr bolmak arzuwym bardy ýöne diñe obanyñ üçde biri tarapyndan tanalýan mollum boldum" diýip, jogap berdim. Şonda okuwçym "Mollum beýdip kemsinmäñ-dä" diýeninde gözüm doldy - Zalda ýene hemişeki gülküler ýañlandy.
Gurbandurdy aga bir gezek Garagum çölünde bir ak ýaglykly gyza sataşypdyr. Gyz ondan "Aýna bilen Artygy sen ýazdyñmy?" diýip, sorapdyr. Gurbandurdy aga "Ýok, ony Kerbabaýew ýazdy, men "Uruş we parahatçylygy" ýazdym" diýip jogap beripdir ) Soñ şahyr şol gyza bagyşlap ýazan goşgysyny okap berdi. Ýeri gelende aýtsam, ýaşuly şahyryñ goşgy okaýşam juda özboluşlydy, ol her okan goşgysynyñ obrazyna edil aktýor ýaly girmegi başardy. Özem her goşgysyndan soñ "Nähili boljakmy, ýa entek kämilleşmelimi?" diýip, degişdi.
Gyzlardan biri "Ýanýoldaşyñyza bagyşlap ýazan goşgyñyz barmy" diýip soranynda bir goşgy okap berdi. Goşgyda "Söýüp ýetişenim sensiñ çärýek asyrda" diýen ýaly ajaýyp jemleme bardy. Şahyr şol goşgudan soñ ýaş ýigitlere "Söýen gyzyñyzy almañ, sizi söýen gyzy alyñ!" diýip maslahat berdi. Söýginiñ diñe söýüp durmuş gurmak däldigini düşündirdi.
Meniñ " Nämeden ylham alýañyz?" sowalyma goşgunyñ gam-gussadan döreýändigini aýdyp jogap berdi. Soñam üstüni ýetirdi:
- Öñem birine "Söýgi barmy?" diýip soranlarynda "Söýgi bolmasa, aýralyk bolmazdy" diýip, jogap beripdir. Söýeniñe gowuşmadyk wagtyñ hakyky söýgi bolýar. Beý diýsem, hakyky söýgi bolsun diýip aýrylyşjak bolup ýatmañ - diýip, gyzyl-gyran güldürdi.
Meniñ başga bir sowalyma jogap esasynda halypasynyñ hemem görelde alan kişisiniñ Atamyrat Atabaýewdigini, hatda, ýazyjylar soýuzynda goşgy okaýşynyñ Atamyrat aga meñzeýänligi üçin tankytlananlygyny aýtdy.
Sowallar esasynda 4-nji synpda ýazan ilkinji goşgusy bolan " Pişijek" goşgusyny-da aýdyp berdi.
Edebiýat agşamy sagat 18:30 töwereklerinde gutardy.
Edebiýat agşamynyñ indiki myhmany Aýgül Garaýewa.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.