???

Hemma salam gic yagsy.Doglan gun hakda gosgy bilyaniniz yokmy ?!
0 лайков 116 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
18 июн 2023, 23:59
Bar.
noname
19 июн 2023, 11:49
Yok
Gerceknazar
19 июн 2023, 19:39
Doglan gün gutlaglary

Sapa Hommadow:

Durmuş gowy günler üçin ýaşalýar,
Galan zatlar owarrama!
Owarra!
Gadyrlylar ýaşadykça ýaşarýar,
Hut şoň üçin olar bagtly dogulýar.

Baharda dogulmak — “Bahar deý bolmak,
Bahar deý ýaşamak” diýilmek belki.
Şoň üçin, bahara meňzeş başlygmyz,
Size nesip etsin bagtlaryň berki!

Gerçeknazar Amannazarow :

Ine bu gün işgärleriň adyndan ,
Üýşüp gutlaýarys 45 ýaş toýuň .
Ýaşyň uzyn bolsun , janyň sag bolsun ,
Şatlyga beslensin , maşgalaň öýüň.

Ençe ýyllap lukman bolduň bilimli ,
Ençe keselleriň bolduň melhemi.
Käte derman ýaly söýji söz bilen,
Ýaraly kalplara berdiň ylhamy.

Bu gün seniň doglan günňi belleýäs,
Alladan iň gowy arzuw dileýäs .
Asla ýykylmasyn köňülde köşgüň,
Doglan günňe sowgat şu ýazan goşgym
Gerceknazar
19 июн 2023, 19:39
Şu goşgym dogulan günüňe sowgat
Doglan günüň gutly bolsun Dürlijan
Ajy durmuş bolsun süýjije şerbet
Ömrüň süýji datly bolsun Dürlijan

Süýji-süýji arzuwlarmy jemlesem
Baryn sowgat edip saňa ýollasam
Güllesin kalbyňda kine bolmasyn
Doglan günüň gutly bolsun Dürlijan

Ýaşa elmydama erkana sagat
Ýöne arasynda maňa-da seret
Gideli bagtly geljege tarap
Gadamlaryň batly bolsun Dürlijan

Inhä bu gün 28 ýaşadyň
Mydam şu günki deý gülüp ýaşagyn
Gözleriň aglap däl gülüp ýadasyn
Gül göwnüň ganatly bolsun Dürlijan
Doglan günüň gutly bolsun Dürlijan

Gerçeknazar Amannazarow